Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donbasa "ýörite status" berildi


Ukrain kanunçykaryjylary Parlamentde milli gimni ýerine ýetirýärler. 16-njy awgust, 2014 ý.
Ukrain kanunçykaryjylary Parlamentde milli gimni ýerine ýetirýärler. 16-njy awgust, 2014 ý.

Ukrainanyň parlamenti ýurduň separatistleriň gözegçiligindäki gündogar sebitlerine “aýratyn statusy” kepillendirýän kanuny kabul etdi.

Ýokary Radanyň 16-njy sentýabrda kabul eden dokumentine görä, Donetsk we Lugansk regionlarynyň böleklerine 3 ýyl möhlet bilen has köp awtonomiýa berilýär. Bu orsýetparaz separatistler bilen arada dowam edýän ganly çaknyşyklary togtatmak we 45 millionlyk ýurdy bütewi saklamak tagallalarynyň çäginde ädilen ädimdir.

Awtonomiýa

Täze kanun ýerli häkimiýetlere öz polisiýa güýçlerini düzmäge, sudýalary we prokurorlary bellemäge ygtyýar berýär. Kanuna laýyklykda Donbas diýlip at berilýän sebitiň käbir regionlarynda täze geňeşi düzmek üçin 7-nji dekabrda saýlawlar geçiriler.

Kabul edilen bu kanun sebitiň edaralarynda rusça gürleşmäge we Orsýetiň serhete golaý regionlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem kepil geçýär.

Täze kanuna laýyklykda, aprel aýyndan bäri dowam edip gelýän konflikt sebäpli ejir çeken sebitlere sosial we ykdysady hemaýat berler, şeýle-de zyýan ýeten infrastuktura dikeldiler.

Amnistiýa

Ýokary Radanyň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen diňlenişiginde hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasyndaky konflikte gatnaşanalara amnistiýa yglan edýän ýene bir kanun hem kabul edildi. Emma “agyr jenaýatlary” edenleriň amnistiýa düşmeýändigi hem nygtalýar.

Mundan öň, 5-nji sentýabrda, ukrain hökümeti bilen Donetsk we Lugansk welaýatlarynyň uly bölegini öz gözegçiliginde saklaýan separatistleriň arasynda ýaraşyk ylalaşygy baglaşylypdy. Aprel aýynda tutaşan bu konfliktde häzire çenli 3 müňden gowrak adam wepat boldy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasy iki tarapy hem uruş jenaýatlary hökmünde häsiýetlendirip boljak etmişlerde aýyplady.

Prezident Petro Poroşenko “ýörite status” baradaky kanunyň Ukrainanyň “özygtyýarlygyny, terriotorial bölünmezligini we garaşsyzlygyny” kepillendirýär diýdi.

Parlamentdäki ses berişlikden owal Lugansk separatistleriniň lideri Igor Plotnitskiý kanunyň ýaraşyk üçin “mümkinçilik” bolup biljekdigini aýtdy.

Emma gozgalaňçylaryň käbir beýleki toparlary teklip edilen giň gerimli ýaraşyk ylalaşygyny ret edip, doly awtonomiýadan bärde hiç bir zady kabul etmejekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG