Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan gatnaşyklara ygrarly"


G.Berdimuhamedow täjik kärdeşi bilen, 12.09.14. Duşenbe. T
G.Berdimuhamedow täjik kärdeşi bilen, 12.09.14. Duşenbe. T

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Duşenbede, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, söz sözledi.

Türkmen metbugaty G.Berdimuhamedowyň bu sammitden öň Duşenbede Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Mongoloiýanyň prezidenti Sahia Elbegdorž, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Täjigistanyň prezidenti, sammite başlyklyk edýän Emomali Rahmon bilen duşuşandygyny habar berýär.

«Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar» diýip, prezident G.Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynyň başynda aýtdy. Bu hyzmatdaşlyk, onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň daşary gatnaşyklarynyň giň geografiki we düzümleýin diwersifikasiýasyna esaslanýar.

«Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine biz özümiziň dünýä we sebit meselelerine gatnaşmagymyzyň umumy ugurlulygy bilen sazlaşykly arabaglanyşykda garaýarys» diýip, türkmen lideri aýtdy.

ŞHG-nyň roly

Şeýle-de ol Türkmenistanyň parahatçylygy, halkara we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak meselelerinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň eýeleýän «oňyn, oýlanyşykly we jogapkärçilikli roluna» ýokary baha berýändigini aýtdy we «biz bu möhüm wezipeleri çözmekde ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardyrys» diýdi.

ŞHG-nyň sammitinde, Duşenbe, 12-nji sentýabr, 2014.
ŞHG-nyň sammitinde, Duşenbe, 12-nji sentýabr, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Owganystanda parahatçylygy berkarar etmegiň zerurlugy barada durup geçip, bu ýerdäki abadançylygyň diňe parahatçylykly serişdeler arkaly gazanylyp bilinjegini belledi.

«Bitarap döwlet hem-de Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Owganara syýasy gepleşikleri guramak üçin özüniň syýasy giňişligini teklip etdi. Biziň pikirimizçe, bu gepleşikleriň beýleki abraýly düzümler, şol sanda ŞHG tarapyndan goldanylmagy bu babatda oňyn ýagdaý bolup bilerdi» diýip, G.Berdimuhamedow aýtdy.

«Umuman, 2014-nji ýylyň ahyrynda Owganystandan koalision güýçleriň çykarylmagyny nazara almak bilen, Türkmenistan terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly derwaýys meseleleri çözmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda sebit meselesine dahylly halkara düzümleri bilen has işjeň we anyk gatnaşyklar ugrunda çykyş edýär», diýip, türkmen prezidenti nygtady.

Ykdysady gatnaşyklar

Şeýle-de ol Türkmenistan ŞHG bilen ykdysady ulgamdaky özara gatnaşyklarynyň geljegine uly baha berýär, biz energetika we ulag ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýarys diýdi.

Türkmenistanyň pikiriçe, energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegi, olaryň durnuklylygyny we bökdençsizligini üpjün etmek meselesi häzirki wagtda öňdäki hatara çykýar. «Energiýa howpsuzlygy meselesinde Türkmenistanyň we ŞHG-nyň köp ýagdaýlarda bütewi garaýyşdan çykyş edýändiginden ugur alýarys» diýip, türkmen lideri aýtdy.

«Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, ösüşiň bilelikdäki uly kuwwatynyň bardygyna ynamymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin» diýip, prezident G.Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen prezidenti ŞHG-nyň sammitinden soň Pakistanyň premýer-ministriniň milli howpsuzlyk we daşary işler boýunça geňeşçisi Sartaj Aziz, Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj, Hytaý Halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy we şol gün Türkmenistana dolanyp geldi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

XS
SM
MD
LG