Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Orsýetiň harbylary Ukrainada söweşýär


Nowoazowsk şäheriniň golaýynda, Ukrainanyň Donetsk regiony, 27-nji awgust, 2014.
Nowoazowsk şäheriniň golaýynda, Ukrainanyň Donetsk regiony, 27-nji awgust, 2014.

Günbataryň habar agentlikleri NATO-nyň harby ofiserine salgylanyp guramanyň “Orsýetiň 1000-den gowrak harbysynyň Ukrainanyň içinde hereket edýändigine” ynanýandygyny habar berdiler.

“Olar separatistleri goldaýarlar we olar bilen bilelikde söweşýärler”, diýip öz adynyň agzalmazlygyny islän ofiser Belgiýada žurnalistlere aýtdy. Ol Orsýet mart aýynda öz düzümine goşan Krym ýarymadasy bilen Ukrainanyň Mariupol şäheriniň üstünden gury ýer köprisini gurmak isleýän bolmagy ähtimal, diýdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň adatdan daşary maslahatyny geçirdi we Orsýeti Ukraina goşun ibermekde aýyplady.

Adatdan daşary maslahat

Poroşenko 28-nji awgustda Türkiýä saparyny ýatyrdy we ýurduň baş ýolbaşçylary bilen Donetsk regionynda, şol sanda Nowoazowsk şäherinde ýagdaýyň çürt-kesik ýaramazlaşandygyny maslahat etjekdigini habar berdi.

“Orsýetiň goşunlarynyň Ukrainanyň territoriýasyna iş ýüzünde girmegi sebäpli, men Ukraina üçin iňňän zerur ýedi sany planlaşdyrylan we möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklara garamazdan, Türkiýä saparymy ýatyrmak kararyna geldim. Prezidentiň ýeri şu gün Kiýewde”, diýip Poroşenko aýtdy.

Şeýle-de Poroşenko BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Ýewropa Geňeşiniň adatdan daşary duşuşyklarynyň geçirilmegine çagyryş edendigini aýtdy.

ÝHHG 28-nji awgustda ýörite duşuşyk geçirip, ýagdaýy maslahat etmäge çagyrdy.

Ukrainanyň ÝHHG-däki wekili Ihor Prokopçuk Orsýeti “göni girmekde” aýyplady. Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň ÝHHG-däki ilçisi Andrei Kelin Orsýetiň goşunlarynyň Ukrainanyň serhediniň “hiç bir böleginden” geçmändigini aýtdy.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat-wekili Maja Kosijançiç 28-nji awgustda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, “ÝB-niň soňky ýagdaýlara, şol sanda bolup geçen wakalara örän uly aladalanma bildirýändigi” aýtdy.

"Ikinji front"

Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranmak geňeşi 28-nji awgustda öz Twitter maglumatynda orsýet goşunlarynyň Orsýetiň serhedinden 10 kilometr uzaklykda Azow deňzinde ýerleşýän Nowoazowsk şäherine, Nowoazowskiý, Starobeşewskiý we Amwrosiýiwskiý etraplarynda birnäçe ýaşaýyş nokatlary öz eline alandygyny habar berdi. Kiýew Moskwany regionda ikinji fronty açmakda aýyplady.

Geňeş Ukrainanyň goşunlarynyň Nowoazowsk şäheriniň golaýynda Orsýetiň Ukrainadaky bronly harby ulaglaryň hüjümine sezewar edilmeginiň öňüsyrasynda Orsýetiň territoriýasyndan Grad raketa sistemasynyň hüjümi astyna düşendigini aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 28-nji awgustda Kiýewde geçiren metbugat-konferensiýasynda şeýle diýdi: “Ukrainanyň gündogarynda ýagdaý örän ýaramazlaşdy. Orsýet bronly harby ulaglaryň, tanklaryň we harbylarynyň ençemesini iberdi”.

Günbataryň basyşy

Günbatar resmileri soňky günlerde Moskwa basyşlaryny güýçlendirdiler.

Moskwa uzak wagt bäri gozgalaňçylary ýaraglandyrýandygy ýa Ukraina goşun iberýändigi baradaky aýyplamalary ret edýär.

27-nji awgustda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçiren gepleşiklerinde Orsýetiň goşun salmagy baradaky maglumatlara düşündiriş bermelidigini aýtdy we Moskwanyň “ýagdaýyň dartgynlaşmagyna jogapkärçiligini” nygtady.

27-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Orsýetiň Ukrainanyň gündogarynda “göni söweşlere gatnaşýandygyny” çak edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG