Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: "Anadoly" liseýi ýapyldy


Turkmenistan. Turkish school in Ashgabat. Gates. Car. August 20, 2014
Turkmenistan. Turkish school in Ashgabat. Gates. Car. August 20, 2014

Türkmenistanda türk diplomatlarynyň, gurluşykçylarynyň, şeýle-de türkmen çagalarynyň okaýan Anadoly adyndaky türk liseýiniň hem-de başlangyç türk mekdebiniň gapylary müdimilik ýapyldy.

1993-nji ýylda paýtagtyň Parahat-3 mikroraýonyndaky Mustafa Kemal Atatürk adyndaky 57-nji orta mekdebiniň binasynyň bir böleginde açylan bu liseýde hem başlangyç türk mekdebinde şu güne çenli 1500-e golaý türk we türkmen okuwçylary okap, bilim alypdyrlar.

Bu mekdebiň mugallymlarynyň biriniň aýtmagyna görä, “Anadoly” liseýinde we başlangyç türk mekdebinde okan türk çagalary Turgut Ozal adyndaky türkmen-türk mekdebine geçirilip, Türkmenistanyň raýatlygy bolan okuwçylar bolsa 57-nji orta mekdepde öz okuwlaryny dowam etdirerler.

Bu mekdebiň mugallymy, türk mekdepleri ýapylansoň, 57-nji orta mekdebiň iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüljekdigini aýdýar. Häzir bu “ýöriteleşdiriljek” mekdebe okuwçy kabul edilýär.

Başlangyç türk mekdebi
Başlangyç türk mekdebi

Türk mekdepleriniň ýapylmagy onda okan türkmen okuwçylarynyň ene-atalaryny biparh galdyrmandyr. Olar türk mekdebinde bilim alan çagalar türkmen mekdebine öwrenişip bilmez diýýärler. Olaryň pikiriçe, aglaba daşary ýurt dillerinde bilim alan çagalaryň türkmen mekdebiniň okuw programmasyna uýgunlaşmaklary kyn bolar.

Bu ýagdaýdan nägileligini bildirip bu ýere gelen ene-atalara agzalýan türk-türkmen liseý-mekdebiniň mugallymlary onun ýapylmagyny “ýokardan buýruk geldi” diýip düşündirýärler. Emma bu mekdebiň nähili we kim tarapyndan gol çekilen dokument esasynda ýapylýandygyny düşündirip bilmeýärler.

Türk mekdepleri azaldy

57-nji mekdebiň binasynda ýerleşen “Anadoly” liseýiniň we başlangyç türk mekdebiniň ýapylmagy bilen indi Aşgabatda diňe türk mugallymlarynyň okadýan Turgut Ozal adyndaky ýeke-täk türkmen-türk liseýi galdy.

Mundan ozal, 2011-nji ýylda, şoňa çenli bütin ýurtda işlän türkmen-türk mekdepleriniň ählisi ýapylyp olar hem “ýöriteleşdirildi”. 2011-nji ýyla çenli ozal paýtagtda türkmen-türk mekdepleriniň üç sanysy bolan bolsa, şondan soň olaryň diňe biri galdyryldy. Her welaýatda hem iki sany türkmen-türk mekdebi bardy. Olar hem ýapyldy.

Türkmen-türk mekdeplerinde türk mugallymlary sapak berip, olarda berilýän bilimiň hili ýokary diýlip hasaplanýardy. Ýurtdaky beýleki orta mekdeplerden tapawutlylykda bu mekdepleriň okuwçylary köpçülikleýin çärelere-de gatnaşdyrylmaýardy. Bu mekdeplerde öz çagalaryny okatmak isleýän ene-atalar örän köpdi.

Türkmen-türk mekdepleriniň okuwçylary halkara bilim bäsleşlikleriň ýeňijileri hem bolýardylar. Bu mekdepleriň administratiw, okuw prosesine degişli işleriniň hemmesine diýen ýaly Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewürleri tarapyndan döredilen “Başkent” bilim merkezi gözegçilik edýärdi.

Başgaça aýdylanda, şol mekdepler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda bolsa-da, bu okuw jaýlarynda berilýän bilime we terbiýä “Başkent” bilim merkeziniň uly täsiri bardy. Emma 57-nji mekdepdäki “Anadoly” liseýi we başlangyç türk mekdebi Türkiýäniň ilçihanasynyň gözegçiligindedi.

Düşündiriş ýok

Ýokarda agzalan 57-nji mekdepdäki “Anadoly” liseýiniň we başlangyç türk mekdebiniň hem-de türkmen-türk mekdepleriniň ýapylyp, “ýöriteleşdirilmeginiň” sebäpleri barada metbugatda resmi düşündiriş berilmeýär. Hatda 57-nji mekdepde türk mekdebiniň ýapylýandygy barada bildiriş hem asylmandyr.

Türk we türkmen-türk mekdepleriniň ýapylmagynyň anyk sebäplerini şol mekdeplerde okadan mugallymlaryň, olarda çagalary okan ene-atalaryň özleri-de bilmeýärler.

Türkmen-türk uniwersiteti
Türkmen-türk uniwersiteti

Şol bir wagtda hem häzir Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersiteti üçin täze binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bir wagtda 3 müň studentiň bilim almagy üçin niýetlenen bu ýokary okuw jaýynyň şäherçesiniň ýanynda türkmen-türk mekdebiniň hem gurulýandygy barada resmi metbugatda habar berilýär.

Türkmenistanda ilkinji türkmen-türk mekdebi 1992-nji ýylda açyldy. Turgut Ozal adyndaky bu türkmen-türk mekdebi häzirki wagtda Türkmenistanda galan we gysgaça "TTM" diýlip atlandyrylýan ýeke-tak türkmen-türk orta mekdebidir.

XS
SM
MD
LG