Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düşündiriş: Günbataryň täze sanksiýalary rus ykdysadyýetine uly zyýan ýetirer


Olga Osypowa, 65 ýaşyndaky pensioner Moskwa bazarynda adatça Ýewropadan getirilen gök önümlerden dolýan boş tekçeli dükanda söwda edýär.
Olga Osypowa, 65 ýaşyndaky pensioner Moskwa bazarynda adatça Ýewropadan getirilen gök önümlerden dolýan boş tekçeli dükanda söwda edýär.

Birleşen Ştatlaryň we ÝB-niň Ukraina sebäpli girizen bilelikdäki sanksiýalary Orsýetiň ykdysadyýetine agyr zarba urar we onuň täsiri uzak ýyllara ýeter. Biz bu sanksiýalaryň nähili we neneňsi pudaklara has agyr düşjegine syn etdik.

ÝB-niň we ABŞ-nyň Ukraina sebäpli soňky girizen sanksiýalar tapgyry Moskwanyň Orsýet üçin has zerur bolan zatlara – Günbatar maliýeleşdirmesine we tehnologiýasyna elýeterliligini çäklendirer. Sanksiýalar we olaryň ýetirjek täsiri barada bilmeli bäş zat şulardan ybarat:

Sanksiýalar Orsýete nä derejede zyýan ýetirip biler?

Sanksiýalaryň soňky tapgyry Orsýetiň ykdysady durumynyň eýýäm gowuşgynsyzlaşan wagtyna gabat geldi. Ukrainadaky bulaşyklyk maýadarlary dowla saldy we bu ýagdaý ýurtdan uly möçberde maýa çykarylmagyna itekledi, ýagny şu ýylda häzire çenli Orsýetden 75 milliard dollar çemesi maýa çykaryldy. Bu eýýäm 2013-nji ýylda ýurtdan çykarylan ähli maýadan hem kän. Bu ýagdaý rubluň hümmetini 9 prosent çemesi aşak gaçyrdy we import edilýän harytlaryň bahalaryny gymmatlatdy.

Emma täze sanksiýalar, ilkinji gezek diňe şahslary we kärhanalary nyşana alman, eýsem Orsýetiň ykdysady pudagyny nyşana alýar we olaryň Orsýetiň ykdysadyýetini gowşatmakda has uly güýji bar. Olar ýurduň Günbatar maýa bazarlaryna we Günbatar tehnologiýasyna bolan elýeterliligini, ýagny ykdysadyýetiň ösüşine itergi bermek üçin iň zerur iki zady üzül-kesil azaldar.

"Sanksiýalaryň soňky tapgyryndan öň biziň Orsýetiň 2014-nji ýyldaky ykdysady ösüşi babatdaky çaklama çelgimiz diňe 0.2 prosentdi, bu eýýäm nola örän golaý bolýar» diýip, "Oxford Economics» kompaniýasynyň, Angliýadaky global geňeş firmasynyň uly ykdysatçysy Adam Slater aýdýar.

"Indi täze sanksiýalaryň yglan edilmegi bilen Orsýetiň bu ýyldaky ösüşine örän negatiw howp abanýar» diýip, ol aýtdy.

Iň çalt täsir näme bolar?

Iň çakgan täsir maliýe pudagyna geler. ÝB-niň we ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň ikisi Orsýetiň döwlet banklarynyň Günbataryň maýa bazarlaryna, ýagny häzir olaryň iň uly maliýe çeşmesine bolan elýeterliligini kesgin çäklendirer.

ÝB-niň we ABŞ-nyň firmalaryna, sanksiýalar astynda, bu ýurduň döwlet eýeçiligindäki esasy banklaryny 90 günden artyk maliýeleşdirme bilen üpjün etmek gadagan edilýär. Bu banklaryň uly ösüş proektlerini maliýeleşdirmek ukybyna agyr zarba urar.

"Proektleriň köpüsine uzak möhletli maýa gerek, hususan-da Orsýetiň häzirki ykdysady ýagdaýynda uzak möhletli maýalaryň bolmagy zerur, emma indi Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki banklary bu hili maliýeleşdirmeden peýdalanyp bilmeýär» diýip, Helsinkide ýerleşýän Danske bankda Orsýet boýunça işleýän ykdysatçy Wladimir Miklaşewskiý aýdýar.

Britaniýanyň «Financial Times» neşiriniň 30-njy iýulda beren maglumatyna görä, Orsýetde karz alnan daşary ýurt pullary bilen baglylykda, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki banklarynyň diňe gelýän 12 aýda yzyna tölemeli daşarky bergisiniň möçberi 33 milliard dollara barabar. Orsýetiň maliýe däl döwlet kompaniýalarynyň gelýän 12 aýdaky daşary ýurt bergisi 41 milliard dollar bolsa, hususy banklardyr kompaniýalaryň şol wagt çäginde tölemeli bergisi 87 milliard dollar.

Uzak möhletli täsir näme bolar?

Uzak möhletli täsir esasan energiýa senagatyna ýeter. Beýleki sanksiýalar Orsýetiň energiýa pudagynyň täze Günbatar tehnologiýalaryna elýeterliligini çäklendirýär.

Bular Orsýetiň ykdysadyýetine bada-bat ýykgynçylykly zarba urmaz, emma uzagyndan onuň geljekki bäsleşik ukybyna ýaramaz täsir eder.

Bu sanksiýalar Orsýetiň Ýewropa Bileleşiginiň üçden birine golaýyny tebigy gaz bilen üpjün edýän gaz pudagyny nyşana almaýar. Emma olar ýurduň başga bir ugruny, Sowet Soýuzy dargaly bäri Orsýetiň ykdysady täzeden döreýşine kuwwat beren nebit pudagyny welin nyşana alýar.

Günbataryň täze burawlaýyş tehnologiýalaryna elýeterliligiň çäklendrilmegi aýratyn agyr düşer, sebäbi Orsýet Arktikany, çuň deňzi özleşdirmegä, Sibirdäki leji çykan nebit ýataklaryna garaşlylykdan dynmak üçin slanes serişdelerine bil baglaýardy.

Moskwa Günbatara alternatiwa tapyp bilermi?

Günbatar öz sanksiýalar programmasynyň üstünlik getirjegine Moskwanyň başga ýerden şeýle derejedäki maliýeleşdirme we täze tehnologiýa tapyp bilmejegine bolan ynamy esasynda bil baglaýar.

Bu Moskwanyň täze maýa we energiýa bazarlary üçin gündogara, hususan-da Hytaýa göz çenemegi, täze döreýän ykdysady güýçleriň BRIK toparyny berkitmek synanyşygy bilen syndyrmak isleýän ynamy. Bu topar mart aýynda ösüş bankyny döretmek barada ylalaşyga geldi.

Emma maliýe ekspertleri Aziýanyň maýa bazarlarynyň Orsýetiň ykdysadyýetini oňa zerur bolan dürli-dürli maýa ýatyrymlary bilen üpjün edip bilmejegini, sebäbi Aziýa bazarlarynda döwlet maýadarlarynyň agdyklyk edýändigini, olaryň direginiň, Günbatardaky ýaly, hususy maýadarlar däldigini aýdýarlar.

Sanksiýalar ÝB bilen ABŞ hem zyýan ýetirmezmi?

Brýussel öz täze sanksiýalaryny şu hepde yglan etdi, ÝB döwletleriniň birnäçesiniň resmileri raýatlaryna olaryň Orsýete, ÝB-niň üçünji orundaky uly söwda hyzmatdaşyna girizilýän sanksiýalar zerarly ykdysady “agyry» duýmaklarynyň ahmaldygyny duýdurdylar.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond bu ýerde «agyrynyň» bolmagynyň mümkindigini, emma onuň «Orsýetiň agressiýasyny» jalawlanyňa degjekdigini aýtdy.

«The EU Observer», Brýusseli ýakyndan synlaýan internet gazeti ÝB-niň bir diplomatynyň 28-nji iýulda eden hususy gürrüňine salgylanyp, ÝB komissiýasynyň Bileleşik şu ýyl 40 milliard ýewro, 2015-nji ýylda bolsa 50 milliard ýewro ýitirer diýip garaşýandygyny, sebäbi Orsýetiň hem öz söwda gadaganlyklary bilen jogap çäresini görmegine garaşylýandygyny ýazdy.

Şeýle söwda gadaganlyklarynyň bir nyşany hökmünde, Orsýetiň sanitar gözegçilik gullugy bolan Rosselhoznadzor 30-njy iýulda Polşadan getirilýän miwe hem gök önüm harytlarynyň köpüsine gadaganlyk yglan etdi. ÝB-de öndürilýän miwelere we gök önümlere 2 milliarddan gowrak ýewro harçlaýan Moskwa bu çäräniň sanksiýalar bilen baglanyşyklydygyny inkär etdi.

Eger Orsýetiň jogap çäreleri energiýa urşy görnüşine geçse, bu ÝB döwletleriniň bir toparyna agyr düşjek. Emma olar Moskwa beýle derejä düşmez, sebäbi Ýewropany iň amatly energiýa bazary hökmünde saklamak onuň öz bähbidine diýýärler.

Orstiň Birleşen Ştatlara eksporty 1 prosentden hem az, Birleşen Ştatlar rus energiýasyny import etmeýär, bu ýagdaý Waşingtonyň sanksiýalar sebäpli Ýewropa garanda has az gaýtawul görjegini aňladýar.

XS
SM
MD
LG