Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: On hepdeläp separatistleriň elinde


Pawel Ýurow (s) we Denis Grişçuk (ç)
Pawel Ýurow (s) we Denis Grişçuk (ç)

Ukrainanyň teatr režisseýory Pawel Ýurow we kiýewli aktiwist Denis Grişuk, 70 günläp orsýetparaz separatistler tarapyndan tussaglykda saklanansoňlar, şu aýyň ortalarynda azatlyga goýberildiler. Olar öz başdan geçirenlerini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Ukrainaly teatr režissýory Pawel Ýurow we aktiwist Denis Grişçuk iki aýdan gowrak wagtlap orsýetparaz separatistleriň elinde zamunlykda saklananlaryndan soň Kiýewde saglygyny dikeldýärler.

Olaryň ikisi-de bejergi alýarlar. Ýurow dowlen burnuny operasiýa etdirmäge taýýarlanýar. Iki sany tanymal medeniýet wekiliniň ogurlanmagy diňe bir Ukrainanyň içinde däl, hatda Orsýetde-de nägilelik döretdi. Orsýetde köp sanly meşhur aktýorlar olaryň boşadylmagyny talap edip, açyk hata gol çekdiler.

Asly gündogar Ukrainadan, emma Kiýewde ýaşaýan Ýurow we Grişçuk 25-nji aprelde Donetskden Kiýewe barýarka ogurlanypdylar.

Tussaglyk

Gozgalaňçylaryň elindäki Slowýansk şäherine eden syýahatlarynyň netijesi olar üçin aýylganç boldy.

“Bar zat garbanmak üçin kafe baranymyzda başlandy. Şol ýerde orsýetli žurnalistler we ýerli ýaşaýjylar bardy” diýip, Grişçuk gürrüňe başlady: “Biz öz planşetlerimizdäki täzeliklere seredýärdik, bir zenan bizden nähili täzelik bar diýip sorady. Biz oňa jogap berdik. Biziň nähili sözleri ulanandygymyz ýadymda däl, emma biziň Ukrainanyň bütewüligine öz ynanjymyzy mälim eden bolmagymyz mümkin”.

Grişçuk ýerli ýaşaýjylaryň olaryň üstüne gygyryp, olary “banderowtsy” we “neonasistler” diýip, orsýetparaz separatistlere duýgudaşlyk bildirýänleriň ulanýan sözleri bilen atlandyrandygyny gürrüň berdi.

Ýurow we Grişçuk kafeden çykypdyrlar, emma daşarda ýaragly adamlar tarapyndan tussag edilip, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň binasyny eýelän pitneçilere tabşyrylypdyrlar. Bu ýerde Pawel Ýurow we Denis Grişçuk urlup-ýenjilipdirler.

"Olar biziň kellämize we bedenimize ýumrukladylar we depdiler. Denisiň eli gananda, olar bir medisina işgärini çagyrdylar. Bu medisina işgäri Denisiň elini bejerip duran wagtynda olar onuň gapyrgasyna urdular. Olar meniň ganan burnuma pagta dykdylar, şol bir wagtyň özünde-de kelläme urup durdylar. Olar bizi gorkuzmaga-da synanyşdylar we gulagymyzy kesmek hem bizi zorlatmak üçin adam çagyrmak ýaly haýbatlary atdylar” diýip, Ýurow gürrüň berdi.

Grişçuk öz ýanlaryndan Ukrainanyň baýdagy we Kiýewde geçirilen Ýewromaýdan protestleriniň wideoýazgysy, şeýle-de Harkowda Maýdan aktiwistleriniň telefon nomerleri tapylansoň, separatistleriň hasam gazaba münendigini aýtdy.

Zamunlykda

Gozgalaňçylar tarapyndan tussag edilen beýleki zamunlar ýaly Ýurowa we Grişçuga hem daşky dünýä bilen aragatnaşyk saklamaga hiç hili rugsat berilmändir. Bu ýagdaý olaryň ykbalyna aladalanma döredipdi.

Tussag edilenleriň aglaba köpüsi diri galan hem bolsa, ençemesi öldürildi ýa-da ýaralandy.

Medeni wekiller barada ýeke-täk maglumat Slawýanska gözegçilik eden Wýaçeslaw Ponomarýow tarapyndan berlipdi. Ponomarýow olaryň tussag edilendigini tassyklapdy.

Emma Ponomarýow şonda olaryň hiç bir agyr zatda aýyplanmaýandygyny Grişçugyň kakasyna aýdypdy. Bu iki adam Ukrainanyň hökümet güýçleri şu aýda Slowýansky öz ellerine alansoň, boşadylypdy.

Zamunlar kimler?

Ýuro we Girşuk tussaglygynyň başynda Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň binasynyň kameralarynda garaňkylykda saklanandygyny gürrüň berdiler.

9-njy maýda olar şäher polisiýasynyň baş bölümine geçirilipdiler.

Olar bilen bir kamerada saklanýanlaryň arasynda ýerli student, aşa miletçi “Swoboda” atly partiýanyň agzasy we Slawýanskynyň öňki häkimi Walentin Rybaçuk hem bolupdyr.

Pawel Ýurow we aktiwist Denis Grişçuk özleri bilen bilelikde tussaglykda oturanlaryň arasynda surat alandygy sebäpli tussag edilen zenanyň, ýerli biznesmenleriň, içgili dindaryň, orsýetli we ukrainaly žurnalistleriň, Hara Krişna toparynyň dinçileriniň bolandygyny gürrüň berdiler. Tussaglaryň arasynda öz ýolbaşçylaryna garşy çykyş eden gozgalaňçylaryň hem bolandygy aýdylýar.

“Olar bizi Milli howpsuzlyk gullugynyň binasyna elten sakçylaryň birini hem tussag etdiler. Ol bizi boşadýançalar tussaglykda boldy” diýip, Ýurow gürrüň berýär.

Ýurow özüni tussag edenleri ýerli ukrainler, köplenç sowatsyz we kriminal geçmişli adamlar hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýurow olaryň orslaryň görkezmesi bilen hereket edendigini çak edýär.

Başdan geçirmeleriň netijesi

Ýurow we Grişçuk başdan geçirenleri bilen baglylykda öz bozulan hukuklaryny goramak üçin mümkinçilik gözleýärler. Olar häzir adam hukuklaryny goraýjy topar bilen işleşip, Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy arkaly Orsýetiň garşysyna şikaýat bilen ýüzlenmäge çalyşýarlar. Emma olar 70 günüň dowamynda özlerini tussaglykda saklan adamlara bolan gaharlarynyň köşeşendigini we gündogar Ukrainada şonça adamyň Kiýewdäki hökümete garşy çykmagyna itergi beren sebäpler barada oýnlanmaga mejbur bolýandyklaryny aýtdylar.

“Biziň hemmämiz günäkär. Hiç kimi gönüden-göni aýyplap bolmaýar. Jemgyýetimizde şeýle bölünişigiň emele gelmegine we adamlaryň ellerine ýarag almagyna sebäbiň döremegine biziň özümiz günäkär” diýip, Ýurow aýdýar.

XS
SM
MD
LG