Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Çaknyşyklar derňewçileri bökdeýär


Kiýewiň maglumatyna görä, gündogar Ukrainada başlanan harby operasiýada häzire çenli 1 müň 236 harby gullukçy ýaralanypdyr.
Kiýewiň maglumatyna görä, gündogar Ukrainada başlanan harby operasiýada häzire çenli 1 müň 236 harby gullukçy ýaralanypdyr.

Ukrainada MH17 reýsli uçaryň gaçan sebitiniň töwereginde hökümet güýçleri bilen orsýetparaz separatistleriň arasyndaky dowam edýän çaknyşyklar sebäpli, halkara derňewçileri bu regiona baryp bilenoklar.

Gollandiýanyň Adalat ministrligi 29-njy iýulda çykyş edip, uçaryň gaçan sebitine barýan ýoluň ugrundaky çaknyşyklar sebäpli, niderlandly we awstraliýaly ekspertleriň toparynyň Donetskidäki bazany terk edip bimeýändiklerini aýtdy.

Regiondaky çaknyşyklar we bomba partlamalary gollandiýaly we awstraliýaly ýaragsyz polisiýa toparynyň sebite baryp görmek planlaryny eýýäm iki günden bäri yza tesdirip gelýär.

Çagyryş

Awstraliýanyň daşary işler ministri Julie Bişop 28-nji iýulda Kiýewde ähli taraplara ýüzlenip, derňewçilere ýol açmak üçin ok atyşyklary bes etmäge çagyrdy.

Ol: “Biz esasan we diňe bir gumanitar missiýany göz öňünde tutýarys. Onuň ýönekeýje bir maksady bar: sebite mümkingadar howpsuz we tiz baryp, jesetleri we degişli şahsy emläkleri toplap, şeýle-de soňundan seljerer ýaly ol ýerden dellileri almak” diýdi.

Amsterdamdan Kuala Lumpura çenli uçuşy amala aşyran “Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçar 17-nji iýulda gündogar Ukrainada ýere gaçdy. Şol wakada uçaryň bortundaky, aglaba Gollandiýanyň we Awstraliýanyň raýatlary bolan, 298 ýolagçynyň ählisi heläk boldy.

Günbatar uçary urup ýykanlykda orsýetparaz separatistleri aýyplaýar. Jeňçiler bolsa bu wakanyň aňyrsynda Kiýewiň durandygyny öňe sürýärler.

Çaknyşyklar

Bu aralykda Donetsk şäheriniň töwereklerinde hem çaknyşyklar dowam etdi.

Donetskiň şäher administrasiýasynyň websaýtynda çaknyşyklarda ençeme otly stansiýasyna zeper ýetendigi sebäpli, sebitde otly gatnawynyň togtadylandygyny mälim etdi.

Websaýtdaky maglumata görä, artilleriýa toplary zerarly golaýdaky Leninskiý we Kiýewskiý diýen ýerlere hem uly zeper ýetipdir.

Kiýewiň maglumatyna görä, gündogar Ukrainada başlanan harby operasiýada häzire çenli 1 müň 236 harby gullukçy ýaralanypdyr.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň medisina bölüminiň başlygy Witaliý Andronatýi ýaralananlaryň 745-niň keselhanada bejergi alýandygyny, olaryň 36-nyň bolsa ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG