Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝOJ: Giriş synaglary başlandy


Şu ýyl 25 müň 182 adam harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaş eder.
Şu ýyl 25 müň 182 adam harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaş eder.

Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin giriş ekzamenleri tabşyrylyp başlandy. “Dalaşgär-2014” diýip atlandyrylýan ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasynyň çäginde abituriýentleriň ilkinji synaglary duşenbe güni, 28-nji iýulda başlandy.

Geçen ýyldaky ýaly, giriş ekzamenleriniň geçirilýän otaglarynda wideokameralar goýlupdyr. S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolsa onuň arka tarapdaky derwezesinde-de wideokamera goýlup, ene-atalar ýokary okuw jaýynyň howlusyna, giriş ekzamenleriniň tabşyrylýan korpusynyň golaýyna goýberilmeýär.

"Aç-açanlyk telewizory"

Şeýle-de Türkmen telewideniýesiniň "Watan" programmasynda giriş ekzamenleriň ilkinji güni baradaky görkezilen reportažda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň howlusynda ene-atalar abituriýentleriň giriş ekzamenlerini göni efirde syn edip biler ýaly telewizor goýlandygy görkezildi.

Emma sişenbe güni eýýäm şol telewizor ýokdy. Uniwersitetiň mugallymlarynyň biri Yklymyň aýtmagyna görä, "aç-açanlyk telewizory" uniwersitetiň howlusynda diňe wagtlaýynça, ýagny telewdideniýä surata düşürmek üçin goýlup, soňam aýrylypdyr.

Mundan başga-da, edil geçen ýyllardaky ýaly, ýokary okuw jaýlarynyň kabul ediş komissiýasynyň ýerleşýän ýerine beýleki mugallymlaryň goýberilmeýändigini, hatda käbir ýokary okuw jaýlarynda asla olaryň ýokary okuw jaýynyň territoriýasyna-da goýberilmeýändigini Yklym gürrüň berýär.

Yklymyň aýtmagyna görä, giriş ekzamenlerini kabul edýän mugallymlar giriş ekzamenleri döwri ýokary okuw jaýynyň territoriýasyndan çykarylmaýar. Olar birnäçe gün şol ýerde ýatyp-turýarlar. Yklym olaryň, ekzamenler gutarýança, şol ýerde sözüň doly manysynda ýaşaýandyklaryny gürrüň berýär.

Tertip

Ýokary okuw jaýlarynda ekzamenler irden sagat 8-de başlaýar. Olaryň köpüsinde welaýatlardan gelen we aşgabatly dalaşgärler gezekli-gezegine giriş ekzamenlerini tabşyrýarlar. Mysal üçin, düýn we şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Balkan welaýatyndan gelen dalaşgärler giriş ekzamenlerini tabşyran bolsalar, iýul aýynyň 30-31-ine Ahal welaýatyndan gelen abituriýentler giriş ekzamenlerini tabşyrarlar.

Ýokary okuw jaýlarynyň diňe dört sanysynda: Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda, Türkmen milli konserwatoriýasynda we Halkara türkmen-türk uniwersitetinde munuň ýaly ýagdaý ýok. Welaýatlardan gelenlerem, paýtagtlylaram bile giriş ekzamenlerini tabşyrýarlar. Şonuň üçin bu ýokary okuw jaýlarynda giriş ekzamenleri awgust aýynyň başynda tamamlanar. Beýleki ýokary okuw jaýlarynda bolsa giriş ekzamenleri 20-nji awgusta çenli dowam eder.

Resmi metbugatda habar berlşine görä, şu ýyl 25 müň 182 adam harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaş eder. Geçen ýyldakydan bu görkeziji birneme azrak. Geçen ýyl 27 müň 426 adam dokument tabşyrypdyr.

Bu ýylky abituriýentlerden diňe 6 müň 861 sanysy ýokary okuw jaýlaryna kabul ediler. Şeýle-de bu ýyl 280 adam täze açylan Halkara ynsanperwerlik we ösüş uniwersitetine kabul ediler. Mälim bolşy ýaly, bu uniwersitetde studentler iňlis dilinde okadylyp, okuw tölegli bolar. Emma ýyllyk okuw töleginiň möçberi entek hem kesgitlenilmändir. Ýogsa, bu uniwersitete girmek üçin ekzamenler hem tabşyrylyp başlandy.

Ýurduň harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna ýaşy 35-den geçmedik raýatlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilerler.

XS
SM
MD
LG