Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir görseň bar ýaly, bir görseň ýok ýaly: Ukrainadaky krizisi täzeden ýazmak


“Ol aýtdy-bul aýtdy” diýen jedeller aýdyňlaşdyrylmazdan, Ukrainada dowam edýän sistemalaýyn disinformasiýa kampaniýalary has hem güýçlendirilýär.
“Ol aýtdy-bul aýtdy” diýen jedeller aýdyňlaşdyrylmazdan, Ukrainada dowam edýän sistemalaýyn disinformasiýa kampaniýalary has hem güýçlendirilýär.

Ukrainada bolup geçýän hadysalar barada dogry maglumatlary anyklamak kynlaşýar. Ýöne internetde ýaýradylyp soňra duýsansyz gözden gaýyp bolýan habarlar bu ýagdaýy has hem kynlaşdyrýar.

“Internetde peýda bolýan habarlaryň, atiýaçdan, haçan we nädip çalasynlyk bilen suratyny almaly?” diýen soraga jogap bermek žurnalistikanyň iň esasy ukyplarynyň birine öwrülip barýar

23-nji iýulda Wadim Grigoriýew atly orsýetli bir esger özüniň Vkontakte sahypasynda “düýn gijesi bilen Ukrainany bombaladyk” diýip ýazgy galdyrýar. Şeýle-de ol ýazgy bilen bir hatarda käbir ok-ýaraglaryň suratlaryny öz shaypasynda paýlaşýar.

Ýöne aradan köp wagt geçmänke onuň Internetde paýlaşan maglumatlary gürüm-jürüm edilýär. Adamlar diňe esgeriň sahypasynyň Internetden alynan suratlary bilen kanagatlanmaly bolýarlar.

“Ol aýtdy-bul aýtdy” diýen jedeller aýdyňlaşdyrylmazdan, Ukrainada dowam edýän sistemalaýyn disinformasiýa kampaniýalary has hem güýçlendirilýär. Ýöne maglumatyň peýda bolup soňundanam duýdansyz ýitirim bolmagy hatda Internet zamanasynda-da adamlary agyr ýagdaýa salýar.

Galyberse-de, gaýyp bolýan maglumatlar diňe bir indiwidual sosial sahypalarda bolup geçýän ýagdaý däl.

Orsýetçi bloggerler we Kremliň habar kanalay “RT” hem BBC – niň ors gullugynyň Malaziýa howaýollaryna degişli uçaryň heläkçiligie uçramagy baradaky habary pozandygyna şaýat bolupdyr. RT bu ýagdaýyň Londondaky başlyklar tarapyndan gurnalandygyny aýdyp spekulasiýalara ýol açjak boldy. Ýöne BBC gürrüňi edilýän habaryň öz ülňelerine laýyk gelmeýändigi üçin pozulandygyny aýtdy.

BBC öz ýaýradan beýanatynda: “Biz gürrüňi edilýän habaryň üstünde işleýäris we biziň düzgünnamalarymyza dogry gelen ýagdaýynda biz ony çap ederis. Elbetde agzalýan habar täzeden çap bolanda biz bu barada halky habarly ederis” diýilýär.

BBC-niň habary onuň resmi saýtyndan pozulsa-da YouTube-da saklanyp galypdyr. Habarda şeýle diýilýär, ýagny ýerli ýaşaýjylar kanalyň habarçysyna heläk bolan uçaryň ýany bilen harby uçaryň uçup gelýändigini öz gözleri bilen görendiklerini gürrüň berýärler. Şondan az salym geçip geçmänkä ýolagçy uçary partlapdyr. Ukrain häkimiýetleri harby uçar baradaky gürrüňleri ret edýär. Orslaryň Goranmak ministri bolsa 21-nji iýulda eden çykyşynda ukrain howa güýçlerine degişli “Su-25” kysymly harby uçaryň MH17-ni yzarlandygyny we agzalýan harby uçaryň ýolagçy uçary urup gaçyran bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Ukrainanyň Waşingtondaky ilçihanasyna görä kimdir biri Goranmak ministriniň çykyş etmeginiň yz ýany bilen Su-25 barada Wikipediýada ýerleşdirlen maglumaty pozup ony täzeden ýazypdyr. Wikipediýada ozal Su-25 7000 metr belentlikden uçup bilýär diýlen bolsa ministriň çykyşyndan soň “7000 m” sany üýtgedilip onuň deregeine “10000 metr” ýazylýar.

Wikipediýa maglumatlary

Wikipediýadaky maglumatlary üýtgetmek şeýle bir giň gerime eýe bolup däbe öwrülip barýar. Hökümetleriň kompýuterlerinden girip Wikipediýadaky maglumatlary üýtgedýän hasaplary yzarlamak üçin şu aýyň başynda käbir Twitter hasaplary döredildi we olar rus we ukrain häkimiýetleriniň kompýuterlerinden girilýän hasaplary ýöredip olary yzarlaýarlar.

Soňky günlerde maglumatlaryň habar serişdelerinde ýa-da internetde peýda bolup soňundanam duýdansyz gözden gaýyp bolmagy adamlarda “eýsem gündogar Ukrainadaky meýletinçi separatistler ýa-da Orsýetiň hakyna tutma söweşijileri Orsýetde öndürlen Buk raketalar sistemasyny ulanyp Malaziýaň uçaryny gaçyraýdymyka” diýen soraglary döredip başlady.

Uçar heläkçiligi bolmazdan birnäçe gün ozal gozgalaňçylar we şol sanda rus mediýasy agyzlaryny dolduryp Buk raketalar sistemasynyň özlerinde bardygyny we olary Luganskda we Donetskde howa giňişliginiň asudalygyny saklamak üçin ulanýandyklaryny aýdyp öwünýärdiler.

Mysal üçin özüni “Donetsk Halk respublikasy” diýip atlandyran ýeriň metbugat edarasynyň hasabyndan çap edilen çelgidäki tweet bireýýäm pozulypdyr.

Ony indi diňe suratlardan görüp okap bolýar.

Orslaryň LifeNews atly telekanaly ýurduň gizlin gulluklary bilen giňden ilteşdirilýär. Agzalýan kanal 17-nji iýulda efire goýberen habarlarynda heläkçilige uçran MH17-niň gaçan ýerini, onuň tüsseläp durşuny görkezip soňundanam “gozgalaňçylar Ukraina degişli An-26 kysymly harby uçary raketa bilen urup gaçyrdylar” diýip habar berdi. Aradan birnäçe wagt geçensoň, heläkçilige uçran uçaryň kimlere degişlidigi anyklanansoň bu kanal “Ukraina degişli harby uçar Malaziýanyň uçaryny atyp gaçyrdy. Ýolagçy uçaryny gaçyranlar separatistler bolup bilmez sebäbi olarda Buk raketa sistemasy ýok” diýip täsin habarlary ýaýlyma goýberdi.

“Modern Orsýet” institutyna degişli “The Internet Magazine” atly websahypa Ukrainadaky wakalary içgin yzarlaýar. Agzalýan sahypa 16-njy iýulda bir habary çap etdi. Habarda Dmitri Tlustangelow diýen adam özüniň Vkontakte sahypasynda Orsýetiň Gukowo obasynyň çäginde “Grad” raketalary ýerleşdirilipdir we bu raketalar ukrain territoriýasyna ok açýar diýlip ýazylypdyr.

Ýöne sahypanyň şol güni agşamara çap eden habarynda Tlustangelowyň sahypasynyň Vkontakte-den tutuşlugyna pozulyp çykarlandygy habar berilýär. Sahypany onuň özi pozupmy ýa-da Vkontakte-niň özi pozupmy, bu entek mälim däl.

Orsýetiň RT habar gullugyna-da düşüner ýaly bolmady. 13-nji iýulda kanalda efire giden “Truthseeker”, ýagny “adalat gözlegçisi” atly gepleşikde ukrain harbylarynyň gündogar ukrainada adamlary köpçülikleýin gyrýandygy aýdylýar.(habaryň suraty). Ýaýlyma goýberilen gepleşikde ukrain harbylarynyň Saurkowa atly obada zalymlyk we zabunlyk bilen adamlary gyrýandyklary barada gürrüň edilýär. Habarda şeýle diýilýär: “Ukrainlar erkek adamlary ýygnap olaryň beden agzalaryny çapym-çapym edýärler. Olar adamlaryň ilki ellerini, soňra aýaklaryny, soň kellelerini kesýärler. Aýallary bolsa zorlaýarlar”

Ýöne aradan iki gün geçensoň RT bu habary pozandygyny, sebäbi halka ýetirlen habarda “üsti ýetirilmedik maglumatlaryň” anyklanandygyny aýtdy we efire giden habar sebäpli halkdan ötünç sorady.

XS
SM
MD
LG