Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deliller MH17 barada näme aýdýar?


Halkara resmileri uçaryň ýer-howa kysymly raketa bilen urlandygyny öňe sürýärler.
Halkara resmileri uçaryň ýer-howa kysymly raketa bilen urlandygyny öňe sürýärler.

Halkara resmileri ilkibaşda MH17-niň (Malaýziýa Howaýollarynyň 17-nji iýulda heläkçilige uçran uçarynyň) ýykylandygyny aýtdylar, emma indi olar ýolagçy uçarynyň ýer-howa kysymly raketa bilen urlandygyny öňe sürýärler. Kiýew Orsýeti we orsýetçi separatistleri günäleýär. Orsýet ukrainalylary günäleýär. Biz bar bolan subutnamalara göz aýlaýarys.

1) Ol nähili raketady we nireden geldi?

-- Ukraina bilen Orsýet bir meselede bir pikirde ýaly: ol uçary urup ýykmakda ulanylan raketanyň görnüşi. Ukrainanyň içeri işler ministri Anton Geraşçenko we Orsýetiň Goranmak ministrligi, ikisi hem munuň SA-11 Buk raketasy bolandygyny aýtdy. Bu transport serişdesinde ýerleşdirilen, 28 km aralyga ýetýän raketa. Her raketanyň hem ýokary derejeli partladyjysy bar.

-- Harby synçylaryň aýtmaklaryna görä, separatistleriň arsenalynda, mälim bolşy ýaly, zenit-raketa kompleksleri ýa-da PZRK bolmaly. Bu raketalar eýýäm Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we we Donetsk sebitlerinde birnäçe ukrain harby uçaryny urup ýykmakda ulanyldy we olar MH17 ýaly 10 müň metr belentlikden uçup barýan kommersiýa uçaryny urup ýykmaga ýetmeli däl. Bu şeýle uzak aralykdaky nyşanany urmak üçin elýeterli ýaraglaryň diňe «Buk» raketasy we S-300 raketalary bolup galýandygyny görkezýär. Şu wagta çenli üns esasan SA-11-e gönükdi.

-- «Buk» raketalary Orsýetde ýasalan we hem Orsýetiň, hem Ukrainanyň harbylarynyň resmi arsenalynyň bir bölegi bolup durýar. Kreml özüniň pitneçileri hiç bir jähtden ýaraglandyrmandygyny hetjikleýär. Emma muňa garamazdan, Orsýetiň döwlet mediasy 28-nji iýunda gündogar Ukrainadaky separatistleriň öz «Buk» sistemalaryna eýe bolandygyny aýdandyklaryny habar berdi.

-- Şoňa golaýrak bir wagtda, özüni özi jar eden separatist Donetsk halk respublikasy hem Twitterde «Buk» raketa atyjysyny edinendigini aýtdy. Bu habar Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň ýykylmagynyň yzysüre öçürildi.

-- "Ukrainska pravda" pitneçileriň harby kolonnasynyň, şol sanda «Buk» raketa atyjysynyň Donetsk oblastynda pitneçileriň elinde saklanýan çäginde ýerleşýän Dmitriwka serhet geçelgesine tarap barýan kerweniniň 17-nji iýulda düşürilen suratlaryny çap etdi.

Bu territoriýa Ukrainanyň harbylary, ýa olaryň özleriniň hiç bir raketa atyjysy aralaşyp biljek däldi.

2) Eger her kimde raketa bolsa, ony atan kimkä?

-- «Buk» raketa sistemalary bolsa-da, separatistler şu wagta çenli özlerinde harby uçarlaryň bardygyny aýtmansoň, Ukrainanyň öz raketalaryny ulanmagy üçin görnetin bir sebäp ýok.

-- Pitneçi komandir Igor Strelkow, Orsýetiň harby razwedkasynyň ofiseri diýip güman edilýän kişi, 17-nji iýulda, ýykylan uçaryň Ukrainanyň ýük uçary däl-de, halkara ýolagçy uçardygyny bilmän, bu raketany atmagyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

-- Moskwa wagty bilen öýlän sagat 5:50 (uçrayň ýykylan wagty?) Strelkow VKontakte sosial ulgamynda goýan depeşasynda şeýle diýýär: "Biz ýap-ýaňy Torez töwereginde AN-26 uçaryny urup ýykdyk.» - Bu Antonow harby uçary. Ol ýene şeýle diýýär: "Biz olara duýdurdyk, biziň asmanmyzdan uçmaň diýdik.»

ITAR-TASS we Vzglyad.ru bu depeşany bada-bat garbap aldylar, emma olar Strelkowa salgylanman, «gözi bilen gören şaýada» salgylandylar. Haçanda uçaryň kime degişlidigi anyklanandan soň bolsa, VKontakte-de goýlan habar öçürildi we onda Strelkowa ýalňyşlyk bilen göni salgylanylandygy, hakykatda munuň şaýat habarlarynyň hetjiklenmesidigi aýdyldy.

-- Ukrain resmileri orsýetçi pitneçiler bilen Orsýetiň ofiserleriniň arasynda uçar ýykylandan soň edilen gürrüňleri ýazandyklaryny aýdyp, munuň audio ýazgylaryny aýan etdiler.

Olaryň birinde komandir Igor Bezleriň şeýle diýýäni eşidilýär: "Biz ýap-ýaňy uçar ýykdyk." Beýlekisinde pitneçi şeýle diýýär: "Çernukino oglanlary" – Çernukino obasynda ornaşan kazak milisiýa nökerleri göz öňünde tutulýar – jogapkär uçaryň ýykylmgynda.” Ol ýene şeýle diýýär: "Gepiň gysgasy, iş pyrryk, ol raýat uçary eken.» Ol soňra uçaryň ýykylan ýerine gaçan ilkinji jesetleriň biriniň indoneziýaly studentiňkidigini duýarlykly howsala bilen belleýär. Bu raketa zarbasynyň bilmezlikden urlandygy baradaky delilleriň agramyny artdyrýar.

-- Disinformasiýanyň, ýalňyş maglumat bermegiň bir kada öwrülen konfliktinde ne wideolar, ne Strelkowyň çap eden habary gutarnykly maglumat hökmünde tassyklanylyp bilner. Emma separatistleriň 16-njy iýulda Ukrainanyň SU-27 söweş uçaryny, iki gün ozal bolsa Ukrainanyň iki sany AN-26 uçaryny urup ýykandyklaryny aýtmaklary bu hadysa pitneçileriň ilteşiginiň bolmagynyň mümkindigi baradaky şübheleri güýçlendirýär. Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu söweş uçarlarynyň biriniň portatiw ýer-howa raketasy bilen urlandygyny, PZRK bilen urulmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG