Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: “Türkmenhowaýollary” sökülýär


Gurluşykçylaryň sözlerinden çen tutulsa, bina sökülip, dolulygyna ýumrulmaly.
Gurluşykçylaryň sözlerinden çen tutulsa, bina sökülip, dolulygyna ýumrulmaly.
Häzirki wagtda Aşgabatda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň binasy sökülýär. Çary Nurymow köçesinde ýerleşýän bu binanyň häzir ak mermer örtülen diwarlaryndan mermeri sökülip, diňe diwarlarlaryň özi galypdyr. Binadaky işleýän gurluşykçylaryň sözlerinden çen tutulsa, bina sökülip, dolulygyna ýumrulmaly.

Garaşsyzlyk döwründe gurlan bu binanyň daşky görnüşi hem-de içki interýeri gowy saklanypdyr. Aýdylşyna görä, bu binada işgärler üçin ähli döwrebap şertler döredilipdir. Häzirki zaman ofis mebelleri, orgtehnika bilen üpjün edilen bu bina öz döwründe iň bir modern edara jaýlarynyň biridi. Bu bina özboluşly arhitekturasy bilen hem tapawutlanýar.

"Türkmenhowaýollary" binasynyň ozalky görnüşi
"Türkmenhowaýollary" binasynyň ozalky görnüşi
“Türkmenhowaýollarynyň” edara binasynyň ýumrulmagy onuň edil gapdalynda gurluşygy tamamlanyp barýan Türkmenistanyň hökümetiniň täze binasynyň gurlumagy bilen baglydygy aýdylýar.

“Hökümet binasyna golaý ýerleşýänligi üçin ýumrulýar. Örän uly gurulýan bu binanyň daş-töweregi boş bolmaly. Onuň golaýyndaky beýleki binalar hem ýumrular” diýip, bu gurluşygy alyp barýan daşary ýurt kompaniýasynyň bir işgäri aýdýar.

Galan pidalar

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen hökümetiniň täze gurulýan binasynyň ýeke-täk pidasy diňe “Türkmenhowaýollarynyň” edara binasy däl. Mundan ozal paýtagtyň häkimliginiň binasy, “Türkmenistan” myhmanhanasy hem ýumruldy. Ýaňy-ýakynda ýumrulan öňki “Garagumstroý” edarasynyň binasynyň ýumrulmagy hem türkmen hökümetiniň binasynyň öňünde gurulmaly uly seýilgähiň göz öňünde tutulýan gurluşygy bilen baglanyşdyrylýar.

Paýtagtyň taryhy merkezi diýip atlandyrylýan bu raýonynda diňe bir binalar däl, eýsem birnäçe ýadygärlikler hem aýrylypdy. Il içinde “üç aýak” adyny alan Bitaraplyk binasy, “öküz” diýip atlandyrylýan, ýagny Aşgabatda 1948-nji ýylda bolup geçen ýer titremesiniň pidalarynyň hormatyna gurlan ýadygärlikler hem mundan öň başga ýerlere göçürilipdi.

Ýaňky aýdyşymyz ýaly, öňki Karl Marks meýdanynda täze seýilgäh gurulmaly. Il içinde bu ýerden öňki prezident Nyýazowyň kakasynyň ýadygärliginiň aýrylmagy hem şu seýilgähiň gurluşygy bilen bagly diýen gürrüňler bar.

Şol bir wagtda hem Türkmenistanyň hökümetiniň täze gurulýan binasyndan başga-de bu raýonda hökümete degişli ýene iki sany bina bar. Olaryň biri Türkmenistanyň mejlisiniň öňki binasy, beýlekisi bolsa Merkezi bankyň öňki binasy.

Ýerliklilik

Bu iki binanyň hem maňlaýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti diýen altyn çaýylan ýazgy bar. Şol sebäpden paýtagtlylarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üçin täze ägirt uly binanyň gurulmagy näderejede talabalaýyk diýen kanuny soraglary döredýär.

“Türkmenistan o diýen uly ýurdam däl. Şonuň üçin, hökümetdäki çinownikler üçin şunça binany gurmak nämä gerek? Ondan gowusy adamlara peýdasy degjek binalary gurmaga pul sarp edilen bolsa, gowy bolardy” diýip, paýtagtly Hydyr öz pikirini beýan edýär.

Paýtagtyň gürrüňi edilýän raýony resmi metbugatda “paýtagtyň taryhy merkezi” diýlip atlandyrylýar. Emma garaşsyzlyk döwründe bu raýonda alnyp barlan ýumrup-gurmak işleriniň netijesinde bu raýonyň taryhylygyndan diňe ady galdy diýseň-de boljak.

Bu raýondaky gurulýan, ýokarda ady agzalan hökümet binasynyň, gurluşygyny “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasy amala aşyrýar. Bu gurluşyk boýunça kontrakta 2011-nji ýylda gol çekildi. Şol wagt berlen resmi maglumata görä, bu binanyň gurluşygyny 2011-nji ýylyň dekabr aýynda başlap, 2013-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýardy.

Emma umumy meýdany 54 müň kwadrat metrden köp bolan bu binanyň gurluşygy diňe şu günler tamamlaýjy tapgyryna gadam basdy. Bu binanyň bahasy barada ýerli mediada maglumat berilmese-de, käbir daşary ýurt websaýtlarynda onuň bahasynyň 185 million ýewrodygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG