Duşenbe, Noýabr 24, 2014 Aşgabat wagty 22:27

Ýörite gepleşikler / Çeşmeler

"Artygyň Harmany" – sungatyň syry

"Artygyň harmany""Artygyň harmany"
x
"Artygyň harmany"
"Artygyň harmany"
Şu günlerde doglan gününiň 95 ýyllygy bellenmeli beýik sahna ussady Alty Garlyewi näme üçindir unudýarýar. Ýöne ol unudylmaly şahs däl, onuň hyzmaty nusga alarlyk derejede beýikdir. Ol örän köptaraply talantdy. Onuň “Derňewçi” spektaklynda döreden Hlestakowyny, filmlerde oýnan rollaryny sungat öwrenijiler häli-şindi ýatlaýarlar.
 
Alty GarlyýewAlty Garlyýew
x
Alty Garlyýew
Alty Garlyýew
Režisýor hökmünde Alty Garlyýewiň sahna çykaran “Juma”, “Zöhre-Tahyr” ýa-da “Şasenem-Garyp” ýaly eserleri köp ýyllap tomaşaçylara görkezildi. Ol munuň daşyndan dramaturg hökmünde, “Aýna”, “1916-njy ýyl” ýaly drama eserlerini hem ençeme kino ssenarileri ýazdy.
 
Ýaş wagynda, sungat älemine gadam basaýanda Alty Garlyýew öz arzuw-hyýallaryny ýakyn dosty hem obadaşy, ýazyjy Berdi Kerbabaýewe gürrüň beripdir. Şonda uly söz ussady geň galyp, “Saňa çym-pytrak aga diýerler” diýýär.
 
Alty Garlyýew “çym-pytrak aga” bolmady, sungatyň şol ugurlarynyň her birinden baş alyp çykdy.
 
Ýöne dogusyny aýtsak, bu hem onuň zehininiň ähli ugry däl ekeni. Alty Garlyýew dutar çalyp, aýdym aýdyp bilipdir. Biz muny “Alty Garlyýew” atly dokumental filmden görýäris. Diýmek, sungatyň islendik bir ugruna girişmek üçin, onuň beýleki ugurlaryny-da bilmek zerur ekeni. Bu ugurda Alty Garlyýew bize uly mekdep galdyrdy.
 
Beýleki bir tarapdan bolsa ol sungatyň dürli ugurlarynyň baglanyşygyny görkezdi. Dramaturg bolman, sahnadaky hereketi göz öňüne getirmek mümkin däl, şonuň ýaly-da sahnada oýnaman ýa-da eseri sahna çykarman, drama eseriniň gymmadyny kesgitlemek kyn. Hut şu köptaraply ukyp hem Alty Garlyýewi şeýle belende çykarandyr diýmek mümkin.

"Aýgytly ädim"
 
Onuň döredijilik hyzmaty barada umumylykda oýlananyňda, ilki “Aýgytly ädim” filmi göz öňüne gelýär. Bu film diňe bir ussadyň döredijiligindäki beýik eser bolman, eýsem türkmen kino sungatynyň ilkinji beýik eseri bolsa gerek.
 
Alty Garlyýewiň mazaryAlty Garlyýewiň mazary
x
Alty Garlyýewiň mazary
Alty Garlyýewiň mazary
Bu film, onuň esasynda durýan “Aýgytly ädim” romany, ony döreden ussatlar barada köp gowy sözler aýdyldy. Biziň ony gaýtalamak ýa-da şol aýdylanlara garşy çykmak niýetimiz ýok. Diňe bu ugurda käbir üýtgeşik täsirleri belläp geçmek isleýäs.

Adam ahwalatyny beýan etmekde hem ony duýarlykly açyp görkezmekde, sungatyň her bir ugrunyň aýratyn elýetmez taraplary bolýar. Meselem, reňkleriň sazlaşygyny, bir pursat içindäki görnüşi žiwopis ýaly beýan edilp biljek zat ýok.

Adamyň ruhy ahwalatyny saz eserleri ýaly aýan edýän gudrat bolmasa gerek. Psihologiki göreşi beýan etmekde proza eserleri, duýgyny hem şol duýgy bilen baglanyşykly döreýän pikiri aýtmakda poeziýa taýsyz hasaplanýar. Kino sungaty bolsa bularyň ençemesini özünde jemlemegi başarýar.

Aýnanyň derýa suwa inýän pursadyAýnanyň derýa suwa inýän pursady
x
Aýnanyň derýa suwa inýän pursady
Aýnanyň derýa suwa inýän pursady
Şu babatda “Aýgytly ädim” filmi bize gowy mysal bolup biler. Filmiň başragynda Aýnanyň derýa suwa inişi nähili gözel. Onuň ýöreýşini, aýak basyşyny diňe film – janly şekil beýan edip bilýär.
 
Şeýle çeper pursatlar bu filmde örän köp. Onuň iň beýik nusgasy Artyk Babalynyň harmanynyň bölüniş şekili bolsa gerek. Ol sahnany söz bilen aýdar ýaly däl.

Aýratyn-da, Artykdan algydarlar harmany talaňa salyp, hersi ony özüne çekip başlanyndaky putsady kino sungatyndan başga bir şekilde beýan etmek mümkin bolmasa gerek. Onuň şeýle bolýandygyny, Artygyň harmanynyň algydarlar arasynda peselip, akyp barşyny synlamak zerur.

Bu kino sungatynyň iň bir gaýtalanmajak hem iň möhüm mümkinçiligi saýylýar.

Şu film köpçülige ýaýrandan soň, halk arasynda: “Bu Artygyň harmanyna döndi” diýen jümle peýda boldy. Alty Garlyýew muny döredip bildi. Muny gazanmak üçin, nähili ukybyň zerur bolandygyny aýtmak kyn. Ýöne ol şeýle şekili janlandyryp, ussatlyk derejesine mynasyp boldy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir
     
kimden: rozubay nireden: ıstambul
13.01.2014 15:25
+0 / -0
Alty Garlyyew yaly türkmenıstanyn kıno -fılım sungatynda öran aygytly rolara eye bolan rejısyorlar we beylekı türkmenın kıno -fılım sungatyny dünya tanatmakda goşant goşan kıno sungatynyn gahrymanlary hıc-hacan unudulmaz bır kıno alemının medenıet we sungat ussatlarydyr. Yöne bır zady bellemelı ,ozalky dıktator prezıdent Nıyazow oz döwründe altyn asyryn altyn nesıllerını kemala getırmelı dıyıp,ALTY GARLYEW adyndaky türkmen kıno-fılım studyasyny türkmen fılım-kıno studyasyna öwürüp,hazırkı ösüp gelyan yaş nesıllerımıze bu gahrymanlarymyzy unutmana mejbur etdı. her nace gynansak-da şol döwürde bırnace kıno aktyorlarymyz Nıyazowyn rejımı bılen ylalaşman watanlaryny terk edıp daşary yurtlara cykmana mejbur boldular.Olardan HOJAGULY NARLYYEW,HOJADURDY NARLYYEW,MAYA AYMEDOWA dagylar,we ene beylekı bır nace kıno sungatynyn alem ussatlary.