Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly Şahzod: Özbegistanda bilim almaly boljak


Mekdep okuwçysy, Türkmenistan, 2013.
Mekdep okuwçysy, Türkmenistan, 2013.
“Meniň adym Şahzod, men türkmen mekdebinde 9-njy klasda okaýaryn, sebäbi Kerki şäherinde özbek mekdebi ýok. Öň Nyýazow döwründe özbek mekdebi bardy, ýöne şol döwür ýapyldy. Indi bolsa şäherde ýekeje-de özbek mekdebi ýok” diýip, Atamyrat şäheriniň ýaşaýjysy Şahzod Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Şahzod Lebap welaýatynyň ikinji uly şäheri diýlip hasplanýan Atamyradyň ýaşaýjysydyr. Atamyrat şäheri Özbegistanyň serhedine ýakyn iň uly şäher bolup, onuň ilat sany barada takyk maglumat ýok. Emma il içindäki gürrüňlerden çen tutulsa, şäher ilatynyň aglabasy etniki özbeklerden ybarat.

Atamyrat şäheriniň etnik özbekleri

Atamyrat ýurt boýunça ilatyň jemi 5% ni emele getirýändigi aýdylýan etniki özbekleriň köpçülikde ýerleşýän etraplaryndan biri. Ol strategiki ähmiýete eýe bolan Amyderýadan diňe iki kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýär.

Şahzod ýaly atamyratly özbekleriň şu günki iň uly aladalaryndan biri olaryň öz ene dilinde bilim almak mümkinçiliginden mahrum bolmagy bilen bagly. Atamyratdaky ýekeje özbek mekdebi 2004-nji ýylda ýapylyp, ol türkmen mekdebine öwrülipdir.

Okuwçy Şahzodyň aladasy diňe okuwyň özbek dilinde geçilýän mekdebiň ýoklugynda däl, ol etniki gelip çykyşy sebäpli Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna-da girip bilmejeginden alada edýär. Edil şu sebäpden hem ençeme tanyşlarynyň ýokary bilim almak üçin Özbegistana gidendigini aýdýar: “Men öz watanym Türkmenistanda okamak isleýärin, ýöne meniň özbek bolanlygym üçin meni Türkmenistanyň okuw jaýlaryna kabul edenoklar”.

Türkmenistanda mekdepleriň türkmenleşdirilmegi, diňe etnik özbeklere degişli bir problema bolman, beýleki etniki toparlara degişli mekdepleriniň aglabasy hem garaşsyzlyk ýyllarynda türkmenleşdirildi. Häzirki döwürde ähli sapaklar rus dilinde geçilýän ýeke-täk mekdep Aşgabatda ýerleşýär.

Bilim almak üçin mümkinçilik

Emma milleti türkmen bolmadyk beýleki etnik toparlaryň wekilleriniň ýokary okuw jaýlaryna girmegindäki kynçylyklar hakda resmi çeşmelerde hiç hili maglumat ýok, bu meseläni resmilere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek hem mümkin bolmady.

Ýöne Şahzod Azatlyk Radiosyna durmuşda munuň ýaly mysallaryň gaty köpdügini gürrüň berýär: “Sebabi meniň garyndaşlarymyň, tanyşlarymyň köpüsi Türkmenistanda okuwa girip bilmän, Özbegistana gidip okadylar”..

Türkmenistanyň bilim hakyndaky kanunyna görä, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okuw mugt. Şeýle-de, Baş kanuna görä, raýatlaryň ählisi deň derejede hak-hukuga eýe bolup, olaryň bilim almak hukugy hem kepillendirilýär.

Emma bu hukugyndan peýdalanyp bilmeýändigini gürrüň berýän türkmenistanly özbeklerden Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olar ýokary okuw üçin Özbegistan bilen bir hatarda beýleki daşary ýurtlara, esasanam, öňki sowet respublikalaryna gidýärler.

Emma atamyratly ýaş özbek ýigidi Şahzodyň plany bolsa Özbegistana gitmek, ol oňa häzirki döwürden taýýarlyk görýär. Şahzod özbek dilini kämilleşdirmek üçin, esasanam, Özbegistandan getirilýän audio, wideo disklere bil baglaýar.

Ol bu barada şeýle diýýär: “Men boş wagtym özbek dilinde kitap okamok, ýöne özbek kinolaryna, wideokliplere tomaşa edýärin”.
XS
SM
MD
LG