Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň 22 ýyl garaşsyzlygy bize näme berdi?


Türkmenistanyň garaşsyz, özbaşdak ýurt bolanyna 22 ýyl boldy. Bu taryh üçin uly möhlet däl. Ýöne 22 ýyl mundan ozal doglan bäbekler bu gün ýigit, uly gyz çykdy.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň garaşsyzlygy dünýäniň örän tiz depginde özgerýän, globallaşýan internet asyryna gabat geldi. Ýagny bu gün dünýäniň beýleki bir çetinde bolýan zatlar dünýäniň eýleki bir çetinde, eger gyzyklansa, islendik adama aýan bolýar.

Bu döwürde türkmenler hem degişlilikde internet, dürli dillerde habar almak mümkinçiliklerine eýe boldular we global pikirlenişiň bir bölegine öwrüldiler. Bu ýagdaý bize özümize, alnyp barylýan sýyasata, geosyýasy kartada öz eýeleýän ornumyza düşünmek we baha berip bilmek jähtinden seretmek mümkinçiligini berdi.

Garaşsyzlygyň şunuň ýaly üýtgeşik döwre gabat gelmegi gowy zat. Ýöne garaşsyzlyk bir tarapdan her bir milletiň arzuwy bolsa, ikinji tarapdan uly jogapkärçilik bolup durýar.

Eýsem türkmenistanlylar garaşsyz ýurda eýe bolup, ony döwrüň talaplary esasynda täze bir ösüş derejesine göterip, dogry ösüş ýoluna salyp bildilermi?

Ýagny garaşsyzlyk bize näme berdi, näme berýär we biz ondan nämelere garaşýarys? Bu ýerde garaşsyz döwletiň we onuň raýatlarynyň hukuklary we borçlary näderjede utgaşýar?

Biz türkmenistanlylaryň geljekki nesilleriniň hem garaşsyz, dünýewi, demokratik, hukuk döwletinde bagtly ýaşamagy üçin nähili işleri etmeli?

Bu siziň forumyňyz, pikirleriňize, bellikleriňize, arzuwlaryňyza garaşýarys.
XS
SM
MD
LG