Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Jyhadçylaryň" wideosy derňelýär


Gazagystanyň Siriýadaky 150 raýaty, 21-nji oktýabr, 2013.
Gazagystanyň Siriýadaky 150 raýaty, 21-nji oktýabr, 2013.

Geçen hepdede YouTube internet saýtynda ýerleşdirilen 20 minutlyk wideoýazgyda gazaklaryň uly topary, şol sanda kiçijik çagalar, ýetginjekler we ýaşlar görkezildi. Olar özleriniň Siriýanyň gozgalaňçylaryna goşulandyklaryny habar berdiler.

Ala köýnekli bir oglanjyk, ýanynda duran gyzjagaz oňa gutudan miwe suwuny içmäge rugsat bermänsoň, aglap başlaýar.

Bu çagajyklaryň bolup durşy adatça maşgalalaryň dynç alyş wagtynda düşürýän wideolaryndan köp tapawutlanmaýar. Emma çagalaryň yzynda duran eli ýaragly adamyň şekili munuň adaty bir wideo däldigini görkezýär.

Gazagystanyň häkimiýetleri şu aýda YouTubde ýerleşdirilen we gazagystanly 150 adamdan ybarat toparyň Siriýada jyhada taýýarlanýandygyny gökezýän bu wideoýazgydan özleriniň habarlydygyny aýdýar.

20 minutlyk bu wideoýazgy häzir YouTubden öçürilipdir. Emma ony “LiveLeak” websaýtynda görmek mümkin.

“Şama baran 150 adamlyk musulman maşgalasy” atly bu filmde gazakça, orsça we arapça gürleýän çagalar, ýetginjekler we ýaşlar görkezilýär. Olar Siriýada yslamçy gozgalaňçylara näme sebäpden goşulandyklaryny hem düşündirýärler.

Şam Siriýanyň arapça adydyr.

Derňewler

“Wideo boýunça barlaglar geçirilýär, emma onuň haçan geçirilip gutarjagy barada aýdyp biljek däl” diýip, Gazagystanyň Dini meseleler boýunça döwlet agentliginiň metbugat wekili Saktagan Saduakasow aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Raidosy bu wideo ýazgysynyň näderejede hakykydygyny we wideoda görkezilen adamlaryň kimdigini anyklap bilmedi. Wideoda özleriniň jyhada gatnaşmagynyň sebäplerini düşündirýän uly adamlar oýnap oturan ýa-da gurhandan käbir aýatlary ýatdan aýdýan çagalar bilen gezekleşdirilip görkezilýär.

Bir ýetginjek oglan “Allatagalla bize jyhada barmagy tabşyrdy, biz jyhad üçin Şam topragyna aýak basdyk. Allatagalla bize jyhadyň biz üçin wajypdygyny aýtdy” diýip, gazakça düşündirýär.

Ol Gurhandan süreleri ýatdan arapça okaýar, soň olary ors diline terjime edip, “Allanyň ýolunda wepat bolanlaryň ölmändigini, olaryň dirileriň arasynda galýandygyny” aýdýar.

Wideoýazgynyň soňunda uly bir jaýyň basgançagynda 50-ä golaý erkek adamyň elleri ýaragly üýşüp oturandygy görkezilýär. Olaryň biri elindäki ýaragyny görkezip, “Allanyň emri bilen biz şu gural bilen jyhad ýoluna gadam basdyk” diýýär.

Wideoda güýçli partlama görkezilýär. Onuň bilen bilelikde öz janyna kast etmäge taýýarlanýan janyndan geçen bir terrorçynyň çykyşy hem görkezilýär. Ol Yrak yslam döwletine we “Al Kaýda” bilen baglanyşykly “Lewant” toparyna degişli baýdaklaryň fonuda gürleýär.

Wideoda görkezilen partlamalaryň görkezilýän gazak topary bilen baglydygy ýa-da däldigi näbelli bolup galýar.

Siriýadaky daşary ýurtly söweşijiler

Siriýada iki ýyldan bäri dowam edýän graždan urşunda radikal yslamçy toparlaryň tarapynda müňlerçe daşary ýurtlularyň söweşýändigi barada habar berilýär.

Merkezi Aziýalylaryň uruş gidýän ýerlerde söweşlere gatnaşýandygy barada öň hem birnäçe maglumatlar peýda bolupdy.

Aprel aýynda Gyrgyzystanyň parlament agzalary ýurduň günortasyndaky metjitleri söweşlere ýetginjekleriň gatnaşmagyny makullamakada aýyplapdylar.

Sentýabr aýynda Orsýetiň we Hytaýyň habar serişdeleri tarapyndan Siriýada “Al Kaýda” bilen bagly topara garşy söweşlerde hökümet güýçleri tarapyndan ele salnan alty sany türkmenistanly görkezildi.

Şonda olaryň biri, Rawşan Gazakow diýlip tanadylan ýigidiň, wideoýazgyda öz bäş ýaşly ogluna bomba ýasamagy öwredişi görkezilipdi.

Türkmenistanly diýilýän söweşiji Siriýada
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Iýun aýynda Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Nurtaý Abykaýew Siriýadaky harby hereketlere birnäçe gazagystanly söweşijileriň gatnaşýandygyny mälim edipdi.

Astanadan 600 kilometr uzaklykda ýerleşýän Garagandy şäheriniň ymamynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň ýanyna baran bir maşgala özüniň üç oglunyň Siriýada söweşmek üçin gidendigini habar beripdir. Öz adynyň tutulmazlygyny soran ymam regionda şeýle maşgalalaryň ençemesiniň bardygyny gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG