Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada gyrgyzlaryň hem söweşýändigi aýdylýar


Siriýadaky gozgalaňçy.
Siriýadaky gozgalaňçy.
Gyrgyzystanyň Gyzyl Gaýa şäheri ýurduň günorta-günbatar Batken welaýatynda Fergana jülgesiniň günorta çetinde ýerleşýär.

Kömür-magdan merkezi bolan bu şäher Sowet Soýuzy dargaly bäri köp kynçylyk çekýär. Garyplyk, şeýle hem ýeterliksiz okuw-terbiýe we aň-bilim bu şäheriň ýaşaýjylaryna maşgalalaryny eklemäge gazanç üçin Orsýete ýa başga ýerlere gitmekden başga ýol goýmaýar.

"Orsýete däl-de, Siriýa..."

Häzir uzak Siriýada graždanlyk urşy möwjeýärkä, Gyzyl Gaýa şäheriniň ýaşaýjylary gozgalaňçylar tarapyndan söweşe gatnaşmaga çagyryldymyka diýen soraglary döreýär.

Suleýman Mamatow öz oglunyň Siriýadaky barýan söweşe goşulmak üçin ol ýurda gitdi diýilän ýaş ýigitleriň biridigini aýdýar. Oňşugy orta gurply, ýokary derejeli dindar maşgalanyň baştutany Mamatowyň aýtmagyna görä, golaýda ogly oňa jaň edip, özüniň Orsýetde däl-de, Stambuldadygny, ol ýerden hem gozgalaňçylara goşulmak üçin Siriýa gitjekdigini aýdypdyr.

Indi Mamatow oglunyň öňki planyny üýtgetmegine nämäniň sebäp bolandygyny bilmäge synanyşýar: "Oglum gidende Orsýete barýandygyny aýtdy. Siriýa olaryň özi gitdimi ýa başga biri äkitdimi, ony bilemok. Muny Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gullugy-da anyklap bilenok. Oglum takmynan bir hepde mundan ozal Orsýete işlemäge gitdi. Siriýa gidenleriň hemmesiniňem ene-atalaryna aýdany şol".

Mamatowyň ady golaýda, ogullary Orsýete däl-de, Siriýa gidipdir diýip, atlary parlamente berlen maşgalalaryň sanawynda peýda boldy.

Dini işler baradaky döwlet komissiýasynyň işgäri Mametbek Mirzabaýew 7 adamyň kimlerdiginiň anyklanandygyny, olaryň 18 bilen 36 ýaşyň aralyndaky adamlardygyny aýdýar. Ýöne bu toparyň nädip Türkiýä düşendigi barada maglumat ýok. Olar çagyrylypmy ýa-da ýerli metjitler olary bu işe çekip, ýol harajadyny töläpmi, bu belli däl.

"Olar 20-nji martdan başlap, biri-birinden 3-4 gün wagt aralygynda, Türkiýä gidipdirler. Türkiýä baranlaryndan soň öýlerine jaň edip, özleriniň Siriýa gitjekdiklerini aýdypdyrlar. Olaryň Siriýa girendikleri barada entek bir anyk maglumat ýok. Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk gullugy bilen Içeri işler ministrligi bu barada barlag geçirip ýör" diýip, Mirzabaýew belleýär.

Resmiler

Oppozision "Ata Ýurt" partiýasynyň agzasy Dastanbek Jumabekow 17-nji aprelde bu meseläni parlamentde gozgap, ýerli metjitler gyrgyz ýaşlaryny söweşijilige çekýärler diýdi. Ol soňra žurnalistlere bu barada şeýle gürrüň berdi: "Oglanlar Stambuldan jaň edip, ene-atalaryna 'eger biz yzymyza dolanmasak, sizi görmesek, onda bu biziň Siriýada şehit bolandygymyzy aňladar' diýipdirler. Öýden gidenlerinde bolsa, biz Orsýete, Moskwa barýarys diýipdirler".

Ýurduň ýokary dini resmisi bolsa bu işde metjitleriň eli bar diýilýäni ret edýär. Müftüligiň Fatwa bölüminiň başlygy Joro Şergazyýew bu meselede şeýle diýýär: "Erkin hereket etmäge hemmäniň hukugy bar. Muňa kontrollyk etmegiň kyndygynyň sebäbi şol. Meniň pikirimçe, olar metjitleriň üsti bilen Siriýa gitdi diýmek dogry däl. Siriýa gitmek barada bu ýerde musulmanlara çagyryş edilenok".

Türkmenistandan hem söweşijileriň bardygy aýdylýar
Şiraz Maher
Düýbi Londonda ýerleşýän Radikallaşmany öwrenmek baradaky halkara merkez tarapyndan geçirilen bir barlag iki ýyldan gowrak mundan ozal ýaragly çaknyşyk başlanaly bäri 5500 çemesi çet ýurtly söweşijiniň Siriýa sapar edendigini ýüze çykardy.

Şiraz Maher bu merkeziň ýokary derejeli işgäri. Ol bu barada: "Käbir sanlary bereýin. 11 çeçeniň bardygyny anykladyk. Gazagystandan hem adam bardygyny eşitdik. Ýöne berlen san ýok. Azerbaýjandan 5 adam. Özbegistandan we Türkmenistandan hem söweşijileriň bardygy aýdylýar, ýöne olaryň sany ýok. 3 täjik, 4 ors, 4 adam hem Dagystandan" diýip, gürrüň berýär.

Maheriň aýtmagyna görä, bular giň oppozision söweşijiler toparyna goşulýarlar. Bularyň arasynda jyhadçylar hem bar. Ýöne köpüsi dünýewi pikirli progressiw toparlar.
XS
SM
MD
LG