Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: 12 ýyllyk bilim barada karar edildi


Indi orta mekdepleriň 11-12-nji klas okuwçylaryna özlerini gyzyklandyrýan hünär ugurlaryna laýyklykda okuw programmalaryny saýlamaklyga-da mümkinçilik berler.
Indi orta mekdepleriň 11-12-nji klas okuwçylaryna özlerini gyzyklandyrýan hünär ugurlaryna laýyklykda okuw programmalaryny saýlamaklyga-da mümkinçilik berler.
Anna güni prezident G.Berdimuhamedow 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap ýurtda 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçmek barada ýörite permana gol çekdi.

Bu permanda 12 ýyllyk bilim sistemasy bilen baglylykda Türkmenistanyň kanunlaryna we kanunçylyk aktlaryna girizilmeli üýtgetmeler barada ýurduň Bilim ministrligine we Adalat ministrligine ýörite teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemeklik tabşyrylýar.

Mundan daşary, Bilim ministrligine 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçilmegi bilen baglylykda degişli okuw planlaryny işläp düzmeklik hem-de ony Ministrler Kabinetiniň başlygynyň garamagyna hödürlemeklik hem tabşyrylýar.

Bu baradaky permanda täze işlenip düzüljek okuw planlarynyň esasynda degişli okuw programmalarynyň, okuw kitaplarynyň we esbaplarynyň tassyklanylmalydygy aýdylýar.

Prezidentiň tabşyrygy boýunça bu çäreleriň durmuşa geçirilişine Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilen bilim ministri G.Mämmedowa gözegçilik eder.

Orta bilimiň bölünişi

Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda umumy bilim beriş mekdeplerinde 12 ýyllyk orta bilim sistemasynyň nähili esaslarda derejelere bölünjekdigi barada-da gürrüň edildi.

Maslahatda bellenmegine görä, 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap çagalaryň orta bilimi alty ýaşdan başlanar. Orta mekdepleriň başlangyç bilimi 1-4-nji klas aralyklaryny öz içine alar. 5-10-njy klas aralygynda çagalar umumy orta bilim alarlar. 11-12-nji klas okuwçylary bolsa, ýokary orta bilim alarlar.

Täze sistema boýunça, orta mekdepleriň 11-12-nji klas okuwçylaryna özlerini gyzyklandyrýan hünär ugurlaryna laýyklykda okuw programmalaryny saýlamaklyga-da mümkinçiligiň beriljekdigi aýdylýar.

Anna günki geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň umumy bilim beriş mekdeplerinde giriziljek bu täze sistemanyň maksadynyň ýurduň milli bilim sistemasyny dünýäniň öňdebaryjy bilim standartlaryna laýyk getirmekden ybaratdygy bellenilip geçildi.

Bu baradaky permana gol çekilmeginiň yzy bilen, şenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu meselä bagyşlanyp ýörite maslahat hem geçirildi.

Bilim ministrliginiň resmileri we spesialistleri 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçmek bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz çözülmeli meseleler barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG