Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaraplyk güni: Paýtagtyň stadionlary boş


Paýtagtdaky "Aşgabat" sdadiony. 12-nji dekabr, 2012 ý.
Paýtagtdaky "Aşgabat" sdadiony. 12-nji dekabr, 2012 ý.
Paýtagtda ýerleşýän “Aşgabat” stadionynda bu gün gum-gukluk. Her ýyl bolşy ýaly, 12-nji dekabr Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp, bu stadionda geçirilýän baýramçylyk çärelerinden çarşenbe güni nam-nyşan ýok. Stadionyň töwereginde aýlanyp ýören adamlaram göze ilenok.

Geçen ýylyň 12-nji dekabrynda bu stadiondaky ýagdaý düýpgöter başgaçady. Stadionda medeniýet we sungat işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň teatrlaşdyrylan şowhunly çykyşlary geçirilip, olara tomaşa etmek üçin 20 müň töweregi tomaşaçy stadiona gelipdi.

Şol dabara ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşyp, dürli çykyşlar edilip, şonda döwletiň sýyasaty, onuň alyp barýan işleri mahabatlandyrylyp, bitaraplyk sýyasatynyň Türkmenistana berendigi aýdylýan üstünlikler barada gürrüňler edilipdi. Tomaşaçylar bolsa dürli şygarlary gygyrýardylar.

Bu ýyl näme üçin geçirilmedi?

Bitaraplyk baýramy bilen bagly “Aşgabat” stadionynda bu ýyl planlaşdyrylýan dabaranyň ýatyrylmagynyň takyk sebäplerini anyklap bolmady. Emma bu dabara gatnaşmaly ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine “howanyň sowuklygy bilen bagly arz-şikaýatlar” sebäpli bu dabaranyň ýatyrylýandygy aýdylypdyr.

Ýöne, muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň aýtmaklaryna görä, olara çarşenbe güni ir bilen okaýan okuw jaýlaryna barmalydygy tabşyrylypdyr.

Käbir studentlere daňdan sagat 5-de okaýan ýerlerine barmalydyklary barada aýdylan bolsa, käbirleri irden sagat 9-da okaýan ýerlerine barypdyrlar. “Daňdan baran studentler Bitaraplyk binasyna gül goýmaga gitdiler. Sagat 9-da baranlar bolsa, baýramçylyk günlerinde adaty bolşy ýaly, özlerini belledip gaýtmalydylar” diýip, 2-nji kursuň studenti Kakabaý aýdýar.

Uly şowhun bolmasa-da..

Aşgabat stadionynda bitaraplyga bagyşlanan dabara geçirilmedigem bolsa, bu baýramçylyk bu ýyl düýpgöter ýatyryldy diýip bolmaz. Sişenbe güni bitaraplyk güni mynasybetli ýokary derejeli ýurt ýolbaşçylarynyň hem daşary ýurt wekilleriniň gatnaşmagynda Maslahat köşgünde konsert boldy.

Çarşenbe güni hem bitaraplyk baýramçylygy bilen bagly, Bitaraplyk köçesiniň Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän bölegi birnäçe sagatlap ýapylyp, şol binanyň öňünde gül goýmak dabarasy geçirildi.

Howanyň ýagyşly bolmagyna garamazdan, oňa ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we döwlet edaralarynyň işgärleriniň gatnaşandygy aýdylýar.

Şu ýylky bitaraplyk baýramçylygynyň ýene-de bir aýratynlygy 26-njy noýabrda ýurduň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetlerinde çap edilen dekabr aýynda geçiriljek köpçüliklein çäreleriň sanawynda 12-nji dekabrda haýsy-da bolsa bir baýramçylyk çäräniň görkezilmänligidir.

Bu sanawda asla 12-nji dekabr agzalanok. Şol sebäpden her ýyl 12-nji dekabrda agşam sagat 18.00-da geçirilýän baýramçylyk konsertiniň geçirilip-geçirilmejegi hem-de sagat 20.00-da baýramçylyk feýerwerkiniň atylyp-atylmajagy barada hem takyk maglumat ýok.

Ilatyň reaksiýasy

Stadionda geçirilmeli çäräniň ýatyrylmagy, köpçülikleýin çärelere gatnaşmaly bolýan raýatlary gynandyryp duranok. “Köpçülikleýin çäreler näçe az bolsa, şonça-da gowy. Ýogsam, çäreler sebäpli ne okap bolýar, ne-de dynç alyp” Diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan 2-nji kursuň studenti Kakabaý aýtdy.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, şu ýylky Bitaraplyk baýramynyň bellenilşindäki käbir aýratynlyklaryň fewral aýynda bellenjek baýdak baýramynda hem gaýtalanmagy ähtimal.

“Ýakyn wagtda ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň geçirilişinde käbir üýtgetmeler bolar. Bu özgerişler esasanam ýurtda bellenýän üç sany uly baýramçylyk bilen bagly bolar. Häzir ýurtda diňe Garaşsyzlyk baýramyny uly baýram edip, Bitaraplyk we Baýdak baýramlaryny adaty baýramçylyk derejesinde geçirmeklik göz öňünde tutulýar.” diýip, aşgabatly medeniýet işgäri aýtdy.

Medeniýet işgäriniň aýdanlaryny resmi çeşmelerden tassykladyp bolmady. Emma, Bitaraplyk baýramynyň şu ýylky bellenilişi bilen bagly ýokarda agzalan aýratynlyklara garamazdan, dekabr aýynyň başyndan bäri bu baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurtda 20-den gowrak dürli görnüşli köpçülikleýin çäreler geçirildi.
XS
SM
MD
LG