Çarşenbe, Maý 22, 2013 Aşgabat wagty 02:48

Türkmenistan

Çöregiň bahasy "keýigiň şahyna" çykdy

Çörek önümleriniň bahasynyň näme sebäpden gymmatlandygy barada anyk maglumat ýok.
Çörek önümleriniň bahasynyň näme sebäpden gymmatlandygy barada anyk maglumat ýok.
Tekstiň ululygy - +
Türkmenistanda çörek bilen un önümleriniň bahasy gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Paýtagt Aşgabadyň dükanlarynda unuň bahasy iki esseden gowrak ýokarlandy. Mundan öň 1-nji sort unuň kilosy 40-45 teňňe bolan bolsa, indi 1 manada bardy.

Hökümete degişli çörek zawodlarynyň uly türkmen çöreginiň bahasy mundan öň 1 manat bolup, häzir ol 1 manat 60 teňňeden satylýar diýlip, habar berilýär.

20 teňňelik buhanka çöreginiň üç esse gymmatlandygy aýdylýar.

Bu aralykda, anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirip, beýleki käbir ýolbaşçylar bilen bir hatarda Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Merdan Baýramowy we “Türkmengallaönümleri“ assosiýasiýasynyň başlygy Ýoldaş Aşyrowy wezipesinden boşatdy.

Çörek önümleriniň bahasynyň näme sebäpden gymmatlandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Ýakynda türkmen metbugaty ýurduň gallaçylarynyň ekin meýdanlaryndan 1 million tonna bugdaý hasylyny ýygnandygyny habar beripdi. Döwletiň bellän galla planyny doldurmak üçin ýene 600 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalmaly.

ABŞ-nyň Oba hojalyk departamentiniň bilermenleriniň 2005-nji ýyldaky kesgitlmesine görä bolsa, Türkmenistanyň ilaty üçin ýylda 2,5 million tonna galla gerek.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Monjuk
07.07.2012 11:21
+0 / -0
Shular yaly "begendiriji" habarlary birinji bp beryanizay

kimden: 1 nireden: 2
07.07.2012 15:32
+0 / -0
beryan aylyklaram yok nama gymmatladyakalar,ishlemage ishem yok.
Muňa jogap

kimden: Bayram
07.07.2012 16:13
+0 / -0
Men pikirimce gymmadanoklar, ozi gymmatlayar. Talap uly, galla az, benzin galanson cykdajy hem galdy. Dashyndan kan eksport edip bolanok, tutush dunyade un gytcylygy bar. Onson bahalaram birden sheydip galdy.

kimden: Jany yanan
07.07.2012 16:35
+0 / -0
Hany bular arada bugday eksport eden bolup yordulera Birjada?????? Hokumet name uçin hemishe yalan sozleyar???? Shonda aydanlaryndada guldiler, ozunde bugday yokka bugday satan bolya dashyna goz uçin!!!!!

kimden: Wepa nireden: Ashgabat
09.07.2012 10:40
+0 / -0
Azatlyk radiosynda berilyan maglumatlardan turkmen hakimyetleri dogry netije chykaryarlar. Ozal benzinin bir litrnin bahasynyn bir stakan gazly suwdan arzandygy aydylanda benzin gymmatlady. Arzan choregin mallara berilyandigi baradaky maglumatyn ertesi guni hem, chorek uch esse gymmatladyldy. Azatlygyn halka bahbit berayjak maglumatlaryndan Turkmen hakimyetleri netije chykarmayar, meselem hazirki tomus mowsumi bilet yetmezchiligi barada aydylyanlardan netije yok. Emma choregi mala bermezler yaly dessine muna reaksiya bildirdiler. Azatlyk hem, nahile maglumaty chinowniklere yetirmeli, nahile maglumaty yetirmeli dal, biraz sayhallasa gowy bolardy. Halka bahbit geler yaly maglumat berilse beyle bolmazdy. Bu ishde goniden goni azatlygyn gunasi boldy. Halk bolsa indi chorek atly, adamlar pyyada diyenlerine bardy.
Muňa jogap

kimden: Azatlyk. nireden: O dunyaden
11.07.2012 10:11
+0 / -0
Ay sena dagadynay

kimden: Serdar nireden: Ashgbat
11.07.2012 20:16
+0 / -0
Wepa sena dargadynay ! Azatlyk hemme zady size malim edyar bilmeyan bolsan ! Azatlyk telewideniya arkaly wideo yazgylar achsa gaty gowy bolardy !

kimden: piterli talyplar nireden: piter
11.07.2012 23:25
+0 / -0
chorek yene arzanlapdyr ura!