Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Kommentariý

Ahlaklylyga üns nireden başlanmaly?

Aşgabadyň «ýüz fontan» diýilýän ýerinde günüň islendik wagtynda ýeňil eklenç üçin ýola çykýan zenanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.
23.08.2010

19-njy awgustda ýurduň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça geçiren maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň başlygy Kömekow Mekan Babaýewiçi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Prezidentiň gol çeken kararynda M.Kömekowyň işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin wezipeden boşadylandygy barada aýdylýar.

Düýp sebäbi nämededi?

Mekan Kömekow duşuşyk wagtynda, 19-njy awgust
«Işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin» diýen kesgitleme indi islendik ýolbaşçy wezipeden aýrylanda ýarlyk edilip kararyň gapdalyna hökman ýelmenýär. Ýöne «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň başlygy M.Kömekowyň wezipeden aýrylmagynyň düýp sebäbini yzarlanyňda welin, oňa hemme ýolbaşçylara ýelmenýän «Işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin» diýen ýarlyk bilen işinden boşadylanyna gynanasyň gelýär.

Şu ýylyň 18-20-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde estrada aýdym-saz we tans toparlarynyň «Awaza—2010» atly halkara festiwaly geçirilipdi. Bu festiwala bagyşlanyp «Türkmen owazy» teleýaýlymynda klip taýýarlanylyp, efire goýberildi. Festiwal barada aýdymy ýerine ýetirýän aýdymçy gyz gunduz ýaly ak eşikdedi. Bu ak eşik bolsa, aýtmaklaryna görä, “türkmeniň medeniýetine laýyk gelmändir”.

Pitiwa-da kylmadylar

Çanak antennalarynyň üsti bilen daşary ýurt telekanallarynda her dürli aýşy-eşretli kinolary görüp ýören ilat köpçüligi bujagaz bolgusyzja zada dogrusy, pitiwa-da kylmady. Ýöne näme üçindir, bu ýagdaýy ýurduň prezidenti türkmen halky üçin juda ahlaksyz hereket diýip hasaplady. Şu sebäpden hem ol «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň başlygy M.Kömekowy eýeleýän wezipesinden boşatmak barada karara gol çekdi.

Teleýaýlymyň başlygyna berlen temmi netije berermi? Şeýle soraga, megerem islendik kişi «ýok» diýip jogap berse gerek. Sebäbi häzir her bir maşgalada daşary ýurt teleýaýlymlaryny görkezýän çanak antennalary bar. Çanak antennalarynyň üsti bilen her dürli telegepleşikler, kinolar görkezilip dur.

Mundan başga-da, paýtagtyň islendik CD-DVD dükanlarynda porno şekilli kinolar bikanun ýagdaýda satylýar. Elbetde, CD-DVD dükanlarynda porno şekilli kinolary açyk-aýdyň satyn alyp bolmaýandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Şeýle mazmundaky kinolary satýanlar hökümet tarapyndan yzarlanýar. Ýöne, hemme zada gözegçilik edip bolmaýşy ýaly, bu dükanlara hem doly gözegçilik etmek başartmaýar.

Ahlaksyzlar köçeden ýygnalmasa...

Soňky on bäş ýylyň içinde Türkmenistanda jelepçiligiň ösendigini biz bu gün hiç kimden ýaşyryp bilmeris. Türkmen zenanlarynyň Türkiýäniň jelephanalarynda tutulyp, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde olaryň atlarynyň tutulyp durulmagyna az duşulmaýar.

Galyberse-de, bu günki gün paýtagtyň köçeleriniň ugrunda ýeňil eklenç üçin ýola çykýan zenanlaryň mukdaryny göreniňde, ahlaksyzlyga garşy göreşiň hut şu ýerden başlanmalydygyna ynanasyň gelýär.

Aşgabadyň «ýüz fontan» diýilýän ýerinde günüň islendik wagtynda ýeňil eklenç üçin ýola çykýan zenanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bolýar. Şeýle ýerler diňe bir paýtagtda däl, eýsem, ýurduň beýleki welaýatlarynda hem bar.

Jelepçilige garşy belli bir çäreleriň geçirilmeýändigi sebäpli, ýurtda bu “kär” gülläp ösýär. 14-15 ýaşly gyzlaryň bu kärä baş goşmaklary bolsa, Türkmenistanda jelepçiligiň has-da ýaşalyp ugraýandygyny görkezýär.

Ýurtda jelepçiligi nädip azaltmaly? Şu soragy çözüp bolsa, onda ahlaksyzlyk meselesi hem tiz çözülmek bilen bolsa gerek...

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Mämmet nireden: Bilmedimdä
06.09.2010 22:27
+0 / -0
Prezident ahlaksyzlyk ucin kowjak bolsa, medeniyet ministrinin ozuni kowmaly ekenda. Onun ahlaksyz hereketlerini tutush medeniyet ulgamy bilyar. Gunde yanina gtanayanin ayali daldigini hemmeler bilyar ahyry. Ozi yaman gorelde gorkezip dur.
Muňa jogap

kimden: Рахман nireden: Канада
20.09.2010 12:55
+0 / -0
Маммет,айдянларына гошулян. Йоне мени бир зат гызыкландыряр. Ашгабатдакы, президентин озалкы ишлан клиникасында хазир ягдайлар назили дережеде-ка? Озала овенокдылар. Мумкун бу сорага, президент жогап берер(гурлабем билмез)...............

kimden: Рахман nireden: Канада
13.09.2010 02:20
+0 / -0
Бу хадысалара, ка бир ёлбашчыларын гунакардиклерини беллемели.Себаби диенинде ана шол ёлбашчыларын копуси ойнашсыз яшап билмейарлер.Енеде геплан болярлар.Утананокларам.Оз чагасы ялы гызлан,гелжек дурмушыны бозярлар

kimden: bashga pikir nireden: ikinji etaj
15.09.2010 15:56
+0 / -0
goy jelephanalar achylsyn we jelepler hem dowlede bergisini tolesin.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil