Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Türkmenistan

Sopyýew sahnadan düşürildi

Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew
27.07.2010

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew pensiýa ugradyldy.

Milli telewediniýede Türkmenistanyň Gahrymanynyň öz islegi boýunça hormatly dynç alşa goýbermegini haýyş edip ýurduň prezidentine ýazan haty okaldy.

Hepdäniň duşenbe gününde bolsa Akbugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde bu hojalyga köp ýyllap ýolbaşçylyk eden Myratberdi Sopyýewiň hormatly dynç alşa gitmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Oňa Akbugdaý etrabynyň häkimliginiň ýolbaşçylary, öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar.

Aýdyň asmanda çakan ýyldyrym

Segsen ýaşy arka atan Myratberdi Sopyýewiň duýdansyz ýagdaýda pensiýa ugradylmagy köplere aýdyň asmanda ýyldyrym çakan ýaly bolup görünse-de, Gahrymanyň başlyklyk edýän obasy bolan Gäminiň ilaty üçin bu geň habar bolup eşidilmedi.

Geçen hepdäniň penşenbe gününde ýurduň milli telewideniýesinde dokuz adamdan ybarat bolan neşe söwdagärleriniň 230 kilogramdan gowrak tirýek bilen tutulyşynyň görkezilmegi, şol neşe söwdagärleriniň altysynyň bolsa hut Gämi obasynyň ýaşaýjylarynyň bolup çykmagy M.Sopyýew bilen bagly bir wakanyň ýüze çykjakdygyndan habar beripdi.

Häzirki wagtda, çaklamalara görä, Gämi obasy neşekeşleriň hem-de neşe söwdasyny edýänleriň sanawynda diňe bir Akbugdaý etrabynda däl, eýsem tutuş Ahal welaýatynda birinji orny eýeleýär. Munuň baş sebäbini Gäminiň ilaty Myratberdi Sopyýewde görýär.

Ýakynda tutulan neşe söwdagärleriniň 5 ýyldan gowrak wagt bäri Gämi obasynda uly möçberde neşe söwdasyny juda erkin ýagdaýda aýlandyklaryny, olaryň belli bir derejede "goraglarynyň" bolandygyny Gaminiň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Üç gahrymanyň biri

Myratberdi Sopyýew aýatda diri gezip ýören Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady göterýän üçüň biridir. Sopyýewden başga bu ady Sadulla Rozmetow hem-de Maýa Kulyýewa göterýär.

Bulardan başga Saparmyrat Nyýazowyň permany bilen Sapyş Çerkezow, Saparmuhammet Weliýew hem-de Gedaý Ahmedow ýurduň iň belent ady bolan— Türkmenistanyň gahrymany diýen ada mynasyp bolupdylar.

Eger-de Sapyş Çerkezow özüne berlen bu atdan sähelçe wagt geçenden soň, aradan çykan bolsa, onda ýurduň öňki Nebitgaz ministri Saparmuhammet Weliýew S.Nyýazowyň görkezmesi bilen, korrupsiýada aýyplanyp, Türkmenistanyň gahrymany diýen atdan mahrum edilipdi we ol türmä basylypdy.

Lebap welaýatynyň öňki häkimi Gedaý Ahmedow bolsa eýeleýän wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň Altynasyr etrabyna häkim edilip ugradylansoň, şol ýerde gürüm-jürüm edilip, türmä basylypdy.

Türkmenistanyň gahrymany diýen ady alanlaryň içinde merhum Saparmyrat Nyýazowyň adyny hem agzaman geçip bolmaz.

M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti

Ozal Gäwers raýonynyň «Türkmenistan» kolhozy diýen ady göteren bu hojalyga Saparmyrat Nyýazow Myratberdi Sopyýewiň adyny dakypdy. Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew öz adyny göterýän hojalyga elli ýyldan gowrak ýolbaşçylyk etdi.

M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti Akbugdaý etrabynda jemi ýygnalýan bugdaý hasylynyň üçden birini, pagtanyň bolsa 25 prosentini ýygnaýar.

Şeýle hem bu hojalykda 900-den gowrak gektar ýerde üzüm, 700 gektar ýerde ýorunja ekilýär. Parniklerde we teplisalarda ýylyň bütin dowamynda gök we bakja önümleri öndürilýär.

Mundan başga-da bu hojalygyň maldarçylyk sektoryna 50 müňden gowrak gara mallar degişlidir.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Anewli
27.07.2010 01:40
+0 / -0
Tiryek sowdasyny edenlerin arasynda gahrymanyn cagalarynyn elinin bardygyny Gamide bilmeyan yoga how, gonilaymeli ekenlerda. Sheytseler has hem abray gazanardylar. Ay hic, zyyany yok, owrenishdik. Indiki mesele: Indi bu obanyn adyny name etmeli?

kimden: mert nireden: Istanbul
27.07.2010 02:16
+0 / -0
Bu ahli Sopiyewlere sapak bolsun! Eger olar resmi propagandanyn tekrarlayishi yaly il gunun guzerany ugrunda alada edyan bolsalar onda bular yaly gune hic mahal dushmezler. Cunki il gunun aladasi bilen yashayanlar hic mahal sheyle yaramaz ishleri etmezler. Prezident Sopiyewin hakyndan cykypdyr diyesim gelyar. Megerem ony suda cekmelidir. Cunki olaryn satan nesheleri niceme mashgalany dargatdy niceme cagalary atasyz yada enesiz goydy niceme nacar enelerin gozyash dokmeginme sebap boldy. Goy eli bilen eden egni bilen ceksin diyesim gelyar. Elbetde 80ni arka atan goja yuregin awayar. Emma yurdun il gunun shu guni dushen guzeranynda Sopiyewlerin Garriyewlerin payinin merhum prezidentinkiden az daldigini butun Turkmenistan bilyar.Goy Adalat dabaralansyn!

kimden: Galtaman nireden: Mary
27.07.2010 02:52
+0 / -0
Anewli,aydyanyn dogry bularyn arkasynda Sopyyewin ogullarynyn komegi bardygyny onem bilyardiler.Yone olar ozlerine gaty gowunleri yetip yokardakylary sylaman basladylar. Gorde dur ogullarynam yygnarlar yakynda. Kolhozyn adynam uytgederler.

kimden: Ahally-66 nireden: Kesearkaç
27.07.2010 03:53
+0 / -0
Yakyn garyndaşlarynyng we ogullarynyng M.Sopyyewe arkalanyp, bolmajasy bolup yörenini tutuş il bilyardi. M.Sopyyewing ogullarynyng ya-da garyndaşlarynyng haram meyillerine garşy çykmaga çalyşan kabir yokary derejeli yolbaşçylary, hatda il-yurdung bahbidi üçin ylgap yören bir döwlet ministrini nahak yere ayyplap, wezipeden ayyrdanyny hem köpler bilyar .
Türkmende, halkyny, Watanyny egninde göterip beygelden gahrymanlar bolupdy. Bu gun bolsa, ''gahrymanlaryny' gerdeninde götermekden yanga eziz iliming egni yagyr boljak oydyan.
Göraymage, epey türkmen yaşulysy. Yaşlary halallyga, paklige çagyrmagyna, sagdyn durmuş yörelgelerini, belent adamkarçiligi wagyz etmegine garaşyarsyng. Mizan terezisi kimin, töweregindakilere nahagy hakdan, zulumy adalatdan, haramy halaldan ayyl-sayyl edip berer öydyarsing. Yöne...
Berdinazar Hudaynazaryng ''Gumlular'' romanyndaky, Ata Gowşudyng ''Permanyndaky'', Beki Seytakowyng ''Doganlaryndaky'' lebzi halal, hasiyeti durnukly, sarsmaz ygrarly nuranadan agras, payhaslydan aygytly türkmen yaşulylary göz önüngde janlanyar. Birdenem, birdenem şol gözel görnüşing yüzüne düşen gara tegmil mysaly bu günki kabir YAŞY ULYLAR (dine yaşy uly, olar belent YAŞULY adyna mynasyp dal)
göz önüngde janlanyar we bar keypini gachyryar...
Ey bu gününg yaşlary, bürgüt garayyşly türkmen yigitleri, gumry yöreyişli türkmen gyzlary!
Bu gün halkymyzyng, düynki yaşlardan, yagny bu günki yaşy ulylardan üytgeşik bir tamasy yok, olar özlerinden garaşylyany, edilyan umydy ödemekden, geljekki nesiller üçin ajayyp döwran miras galdyrmakdan ejiz gelyarler. Dine öz neberelerinin geljegi olaryng köpüsini alada goyyan!
Şonung üçin, ey yaş nesil, sen bu günki yaşy ulylaryng, ''gahrymanlaryng'' göreldesine dal, mynasyp ejdatlaryng göreldesine eyer. Hem öz geljeging üçin, hem senden sonraky nesiller üçin jan ayaman oka, öwren, işle! Zahmetinden bir ajap döwran bina bolsun!!!
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil