Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Ykdysadyýet

Ýaşaýyş jaý gurluşygy ýaýbaňlandyrylýar

25.07.2010

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda ilaty ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty giň gerim bilen alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler köplenç tölegli esasda amala aşyrylýar.

Soňky döwürde Türkmenistanda daşary ýurt firmalary tarapyndan esasan “elit” diýlip atlandyrylýan köp gatly jaýlar gurulýar. Şeýle-de Türkmenistanyň öz gurluşykçylary hem, döwlete dahylly bolmadyk türkmen kompaniýalary hem ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar. Olaryň gurýan jaýlarynyň bahasy “elit” jaýlara garanda arzan.

Türkmenistanda adamlaryň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilişi barada žurnalist Aşyrguly Baýryýew şeýle diýdi: “Ýaşaýyş jaýlary bilen esasan jaýlary ýykylan adamlar üpjün edilýärler. Olaram ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklary dokumental esasda tassyklansa, ýagny ýykylan jaýyň ähli dokumentleri ýerbe-ýer bolsa, ýykylan jaýynyň peýdaly ýaşaýyş meýdanyna görä kesgitlenen jaý bilen üpjün edilýärler.”

Türkmenistanda bir howluda birnäçe maşgala ýaşaýan halatlary seýrek däl. Olar aýratyn jaý bilen üpjün edilşi barada Baýryýew şeýle diýdi: “Şeýle ýagdaýda olaryň her birine jaý berilmän, esasan bir jaý, ýagny dört otagly jaý berilýär. Elbetde, bu ýerde agzalalyk ýüze çykýar. Ýöne bu jaýlar tölegsiz, döwlet fondundan, hususylaşdyrylman berilýär we döwletiňki bolup galýar.”

Türkmenistanda “elit” diýilýän jaýlardan bir ýa-da iki otaglysynyň bahasy 150 müň amerikan dollaryna deň bolsa, üç otagly jaýlaryň bahasynyň 180 müň amerikan dollaryna, dört otagly jaýlaryň-da 200-230 müň dollara barabardygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Tölegiň 10%-ini öňünden tölemeli.

Synçylar ortaça 200 amerikan dollary töweregi aýlyk alýan býujet işgärleri üçin bu jaýlaryň bahasynyň elýeterli däldigini, emma biznes bilen meşgullanýanlaryň köp halatlarda bu jaýlardan satyn almaga gurplarynyň çatýandygyny aýdýarlar. Baýryýew hem adamlary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde ýeňillikleriň esasan döwlet edaralarynda bäş ýyl işlän adamlara berilýändigini we olara jaýyň umumy bahasynyň 40 prosentiniň töledilýändigini belledi.

Gazagystanda...

Gazagystanly ykdysatçy Saparbaý Jubaýewiň sözlerine görä, Gazagystanda ilki bilen Owgan urşunyň weteranlary, Çernobyl wakalaryna kömek edenler we köp çagaly eneler mugt jaý bilen üpjün edilýär. Olar ýörite nobata durýarlar.

Şeýle hem, döwlet edaralarynda işleýänlere, mugallymlara we medisina işgärlerine, ýagny aýlygy býujetden alýanlara 50% kredit bilen nobat boýunça ýeňilleşdirilen şertlerde jaý berilýär. Meselem, Almaty şäherinde iki otagly kwartiranyň bahasy 80 müň dollar bolsa, ol mugallymlara 40 müň dollara berilýär.

Maglumatlara görä, Gazagystanda karz pul alyp, oňa tölenýän pul raýatyň alýan aýlygynyň üçden bir böleginden köp bolmaly däl. “Emma bir maşgaladan iki-üç adam işläp, köpräk pul gazanylýan bolsa, karz puly ýapmak mümkinçiligi-de bar. Ilata berilýän kredit, adamlaryň mümkinçiligine görä, ýylyna 9% bilen berilýär” diýip, Jubaýew aýdýar.

“Bulardan başga-da, ýaş çatynjylara ýeňillikler esasynda berilýän kwartiralar hem bar. Bu 30 ýaşa çenli bolan ýaşlara jaýyň bahasynyň 50%-ni döwletiň özüniň tölemek şerti bilen berilýär. Elbetde, bu hem nobat we maşgalanyň hökman bir çagasy bolmaly diýen şert bilen berilýär diýip”, gazagystanly Jubaýew aýtdy.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda ipoteka karz puly kä halatlarda ýylyna 1%-e çenli azaldylyp, onuň möhleti 10 ýyldan 30 ýyla çenli uzaldyldy. Emma bu krediti döwlet edaralarynda işlemeýän adamlaryň alyp bilmeýändigi we ony almak üçin girewine gymmat bahaly emläk goýulmalydygy habar berilýär.

Ykdysatçy Jubaýew Gazagystanda biznes bilen meşgul bolýan, umuman döwlet edaralarynda işlemeýän adamlar jaý alsalar, banklaryň olara bazar bahasyndan, aljak jaýyny girewine goýmak bilen karz pul berýändigini aýtdy.

Jubaýewiň sözlerine görä, Gazagystanyň Çimkent, Kökçetaw ýaly şäherlerinde ýaşaýyş jaýlary gurulýar. “Şol jaýlar 5-6 %-li kredit bilen daşary ýurtlardan gelen gazaklara berilýär. Bu ýerde, adamlaryň nirede işleýändigine garamazdan, eger olar Gazagystanyň graždanlary bolsalar, onda kredit berilýär”.

Synçylar Türkmenistanda täze gurulýan jaýlaryň adamyň saglygyna zyýan ýetirýän gymmat bahaly ak mermerden däl-de, häzirki arzan we döwrebap gurluşyk materiallaryndan gurulmalydygyny we olaryň bahasynyň Türkmenistanyň ähli graždanlary üçin deň derejede elýeterli bolmalydygyny öňe sürýärler.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: bilermen nireden: afrika
26.07.2010 01:09
+0 / -0
men shol elit diyilyan jaylarin bahasi nadip kesgitlenilyanini bilesim gelyar, hokumet bu jailarin dasini mermere yapmadik bolsa kvartiralarin bahasi arzan bolmazmidi, bilsime gora bir 12 etajli jaya yapilyan dine mermerin bahasi 3-4 milion dolardir. sho puli mermere sowman rayatlara ipoteka kreditine sowan bolsa gowi bolmazmidi? ustesinede olarin seismiki cidamliligi nahilika? yene 'dowlet' adam ucinmish!?

kimden: Рахман nireden: Канада
27.07.2010 04:38
+0 / -0
Билерменин айыдянларынада гошулян. Йоне озалы билен диктаторлык ёлы япылмалы, яшлары ,халкы захмет билен упжун этмели. Олара шол гурулян мырымар жайларындан сатын алар ялы мумкунчилик доретмели.Улы айлык толеглери болмалы.Гой адамлар дине бир жай сатын алмасын-да, хатда дашары юртларынада гитмаге мимкунчулиги етсин. Йоне,"Дашын жажек,ичин можек болса",билмедимда,Туркменистан дузарми-ка!!!!!!!!!!!!!!!!!!
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil