Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Kommentariý

Minnetdarlyk estafetasy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyşda, iýul, 2010-njy ýyl. (Çeşme: Döwlet telewideniýesi)
21.07.2010

Bir hepde gowrak mundan öň alty aýyň jemlerine bagyşlanyp, giňeldilen hökümet maslahaty geçirildi.

Duşuşyk prezidentiň permanlary, görkezmeleri, tabşyryklary bilen tamamlandy. Prezident ýokary derejeli ýolbaşçylara bir hepde dynç almaga görkezme berdi. Öz golastyndaky işgärlerini şunuň ýaly köpçülikleýin häsiýetde hezzetlemäni, belki, häzirki zaman syýasy taryh bilýänem däldir. Tizara Awaza dynç almaga G.Berdimuhamedowyň özüniňem gidendigi belli boldy.

Iň esasy başlyk kabinetinde işläp otyrka, beýleki ýolbaşçylaryň ählisi iş ýerinde bolaýmaly. Türkmenistanyň tutuş ýolbaşçylar toplumynyň kollektiwleýin dynç alyş prosesinde ähmiýeti kiçi bolmadyk ýene bir ýagdaý ýüze çykdy. Ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ululy-kiçili başlyklar ýurduň saýlantgy şypahanalaryna ugradyldy.

Ýolbaşçylaryň esasy bölegi hem parlamentiň deputatlarynyň aglabasy “Awazada” täze gurlan sagaldyş merkezlerinde ornaşdy, prezidentiň özem şol ýerde dynç aldy. Ol diňe bir dynç almady, G.Berdimuhamedow “Serdar” otelinde hökümet başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Balkan welaýat häkimi hem “Awaza” milli turistik zolak boýunça komitetiň başlygy bilen maslahat geçirdi.

Jikme-jikler

Şu ýerde-de köpçülikleýin dynç alyş aksiýasynyň käbir jikme-jikleri aýan boldy. Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa “Awazada” parlamentiň agzalarynyň dynç alýandygy, deputatlaryň käbiriniň “Arçman”, “Ýyly suw” şypahanalarynda, “Baýramaly” şypahanasynda saglygyny dikeldýändigi barada prezidente hasabat berdi.

Prezidentiň inisiatiwasy bilen amala aşyrylýan özgerişleriň netijesinde şypahanalaryň täzelenendigini A.Nurberdiýewa G.Berdimuhamedowa ýatlatdy. Ol bularyň hemmesini jemleýji jümläniň öňünden aýtdy. Sözüniň soňunda bolsa tutuş deputatlar korpusynyň adyndan şeýle ajaýyp dynç alşa mümkinçilik döredendigi üçin G.Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Minnetdarlyk estafetasyny soň hökümet başlygynyň orunbasary Orazow alyp göterdi. Onuň yzyndan wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa, N.Şagulyýew döwlet baştutanyna taňryýalkasyn aýtdylar.

Ýönekeý soraglar

Kaşaň binalarda, gowy şertlerde gurnalan dynç alyş üçin başlyga tüýs ýürekden aýdylýan minnetdarlyk sözleri, göräýmäge, ýönekeý soraglary döredýär. Ozaly bilen: “Ýüzlerçe, belki, müňlerçe ýolbaşçy kimiň hasabyna dynç aldyka?” diýen sowal peýda bolýar. Eger ol býujetiň hasabyna bolsa, tölegi haýsy edara eder? Ol döwletiň umumy pul balansyna nähili täsir ýetirer? Şunuň ýaly aksiýanyň ýöne-möne pula durmaýandygyny çak etmek kyn däl. Ýolbaşçylaryň dynç alşy üçin harç edilen maliýe serişdeleri barada kim kimiň öňünde hasabat berer?

Elbetde, bu soraglara jogap ýok: beýleki köp sanly maglumatlar ýaly bu sanlaram býurokratik apparatda ýitirim bolsa gerek. Prezidentiň öz sadyk gullaryna sahylyk bilen eçilen bu dynç alşy gizlin hasaplar boýunça geçip, beýleki döwlet syrlarynyň saklanýan arhiwlerindäki tekjelerde özüne orun tapar. Sebäbi ýurduň halk hojalygyna degişli möhüm hasap-hespleriň köpüsi häzirem hojaýynyň ynamdar ammarynda gizlin saklanylýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Рахман nireden: Канада
22.07.2010 02:32
+0 / -0
Шол дынч алын ерлерде,саноторияларда хер бир хер бир туркменистанлы гражданларын дынч алмага хакы бар. Йоне туркмен халкы "Гарамааяк"(Ниязовын сози),боланы себапли ёлбашчыларын зулумына, межбуры чыдамалы болярлар. Ай гарасы натсинлер,президентден хемаят болмаса.....

kimden: Patriot nireden: Bishkek
23.07.2010 15:58
+0 / -0
(........) gecen gezegem bir teswir yazdym cap etmansiniz bir topar gayratsyz (......), hany azatlyk bolsa cap edinda men teswirlerimi, (..........) cynymy aytyanow, men gelejekde Turkmenistan Prezidenti bolasym gelyarow, son ugundada islap, okap yorn, (...........) men prezident bolaysamda sizin barynyzy taparyn (........) haysy yurtda bolsanyzam, (.....) Orsyede oz jugumden pul cykaryp pul gecirerin welin yone (......) sizin Moskwadaky, Asgabatdaky we basga yerlerdaki bar agzalarynyzy tutup Turkmenistana getirip gunde bir abat disinizi soguryp oynaryn (.....), Huday bar oglanlar, gowy yazjak bolsanyz hakykady yazyn bolmasa yapynow su saytynyzy, men su yerde dine Turkmenistan Watanym barada kritikowaniya okap yadadymow, (.......) yeterin nesip bolsa o gunlere, oglanlar beytmanow erkekce, (.........) men size janym yanyarow oglanlar. (....) ozinizem barynyz Turkmenarow oglanlar, hany seredin yagdaylarynyza, mena duydurdym, galanam sizin ozinize bagly. Partiot
Muňa jogap

kimden: Moderator nireden: Praga
23.07.2010 16:24
+0 / -0
Gadyrly okyjy,

Bellikleriňiz üçin örän minnetdar. Gynansakda, teswiriňizde ulanan sözleriňiziň we sözlemleriňiziň köpüsi forum düzgünlerine gabat gelmeýär.

Aşakdaky forum düzgünlerini okamagyňyzy haýyş edýärin.

Biziň forumymyza we çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza garaşýarys, şeyle hem aşakdaky birnäçe kadalara uýmagyňyzy soraýarys:

1. Biz pikirleriňizi çäklendirmegi göz öňüne tutmaýarys, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, gorkuzyjy, aýrymçylykly we ýigrenç döredýän gürrüňleri hem-de bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär we şeýle ýazgylar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulup biliner.

2. Makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlere ýol berilmeýär.

3. Eger-de ýazylan teswiriň prowakasion hasiýete eýedigi güman edilse, onda ýazgynyň çap edilmegine rugsat berilmez.

4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmaýan web sahypalaryna ugrukdyrýan internet çelgileri (link) çap edilmeýär.

5. Teswirler temadan daşlaşan ýagdaýynda, olar çap edilmez.

6. Teswirler we diskussiýalar kommersiýa maksatly ulanyp bilinmez.

7. Nämälim ýagdaýda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallar forumda ýer alyp bilmez.

RFERL-niň işgärleri ýa-da ýörite bellenilen wekilleri forumda çap edilmek islenilýän ýazgylary çap etmezden ozal makullaýarlar.



Demokratiýanyň binýadynyň habardar edilen raýatlardygy baradaky düşünjä esaslanyp hem-de ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan tejribesine daýanyp, RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwründe zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.

2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary göz öňünde tutup, graždan jemgyýetçiligini güýçlendirýär.

3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär.

4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, metbugatyň professionallygyny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly olara ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk edýär.

5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Waşingtondaky aragatnaşyk maglumatlary

RFE/RL
1201 Connecticut Ave. NW
Waşington, DC 20036
Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Tel: (+1 202) 457 6900

Pragadaky aragatnaşyk maglumatlary

RFE/RL
Vinohradska 159A
100 00 Praga
Çehiýa Respublikasy
Tel: (+420) 2 2112 1111

Bölümiň aragatnaşyk maglumatlary

RFE/RL Türkmen gullugy
Vinohradska 159A
100 00 Praga 10
Çehiýa Respublikasy
Tel: (+420) 2 2112 2424
E-mail: hat@azatradio.org

Hormat bilen,
Moderator.
Muňa jogap

kimden: Akmyrat nireden: Mary
24.07.2010 20:19
+0 / -0
Hey Patriot, sen beyle patriot bolsan hany Bishkekden Turkmenistana gelde shu tayda watany talap oturan, her adimde adamlardan para alyp oturan emeldarlaryn dishini sogursana!!! Sen shonna hakyky patriotdygny subud edersin. Belki senem emeldar kakan gazanan haram pullaryny ulanyp Bishkege baransyn? Biza Marydan chykmagada pul tapamzok gije-gunnuz ishlap. Sen Turkmenistana gaydanda Mary shaherine-de bir gelip bilmezmikan. Gelsen biz barde sana nadip "patriot" bolmalydygny owretjek....
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil