Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Syýasat

Goşa raýatlyk iş ýüzünde-de ret edilýär

08.07.2010

Şu aýyň başyndan Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy elinde iki raýatlygy bolan Türkmenistanyň graždanlaryna haýsy-da bolsa bir raýatlygy saýlap almak teklibini berdi.

Türkmenistanda iki raýatlygy bolan adamlar esasan garaşsyzlyk ýyllary içinde Russiýa Federasiýasyndan öz islegleri bilen raýatlyk alan adamlardyr. Käbir çeşmeleriň tassyklamagyna görä, häzir olaryň sany 100 müňden geçýär.

"Goşa raýatlygyň" taryhy

Türkmenistan iki raýatlyk düzgünini SSSR-e giren döwletleriň arasynda ilkinji bolup 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň şol wagtky prezidenti Boris Ýelsiniň Aşgabada eden sapary wagtynda ýörite baglaşylan şertnama esasynda kabul edipdi. Şol ýylyň 28-nji dekabrynda-da iki raýatlyk ylalaşygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ykrar edildi. Bu ylalaşyk 2003-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öz güýjünde galdy.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalaryndan soň ýurduň howpsuzlyk meselesi nazarda tutulyp, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Türkmenistanyň Mejlisi goşa raýatlyk baradaky şertnamanyň birtaraplaýyn ýatyrylýanlygy hakynda karar kabul edýär. Kremliň şol wagtky ýolbaşçysy Wladimir Putin iki raýatlyk ylalaşygyny Türkmenistanyň birtaraplaýyn ýatyranlygy hakyndaky habary teswirlände Russiýa Federasiýasyna göçüp geljek türkmenistanly raýatlaryň hemmesiniň Russiýa doly gelip bolandygyny aýdýar. Emma Dumanyň deputatlary ol ylalaşygy kanuny ýagdaýda ykrar etmeýär.

Türkmenistanyň iki raýatlyk ylalaşygyny resmi ýagdaýda ýatyrandygyna garamazdan, soňraky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň raýatlygyny aljak adamlara rus pasportlaryny berip başlaýar. Käbir maglumatlara görä, 2003-nji ýyldan soň Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan adamlaryň sany 30 müňden geçýär. Olaryň 70%-e golaýynyň etniki türkmenlerdigi aýdylýar.

Migrasiýa gullugy nähili kanunlara salgylanýar?

Migrasiýa gullugynyň işgärleri Aşgabadyň aeroportyndan Moskwa uçýan iki raýatlygy bolan ýolagçylara düşündiriş berenlerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabr aýynda baglaşylan ylalaşygy 2003-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýatyrylanlygy hakyndaky karara salgylanýarlar.

Şol kararda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň “Halkara şertnamalary baglaşmak we ony ýerine ýetirmek, ýatyrmak hakyndaky kanuny esasynda» 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky iki raýatlyk meselelerini kadalaşdyrmak hakynda gol çekilen protokol boýunça Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky iki raýatlyk meselelerini kadalaşdyrmak hakynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Aşgabatda gol çekilen hem-de 1993-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ykrar edilen ylalaşygy ýatyrmaly. Aşgabat şäheri. 2003-nji ýylyň 22-nji apreli. №179-II»

Şol karar esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 7-nji maddasyndaky «Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda berilýär, saklanylýar we ýitirilýär. Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär» diýen kanuna salgylanyp, Migrasiýa gullugynyň işgärleri ýolagçylardan haýsyda bolsa bir raýatlygy saýlamagy talap edýärler.

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine öz notasyny berenligini ilçihana baran raýatlaryna habar berdi.

Türkmenistanda hereket edýän kanuna görä, 1993-nji ýyldan 2003-nji ýylyň 22-nji apreline çenli Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan türkmenistanlylara 2012-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli haýsy-da bolsa bir raýatlygy saýlap almak möhleti goýlan.

Aktiwlige näme sebäp bolduka?

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň içindäki howpsuzlygy güýçlendirmek meselelerine garalyp geçildi. Türkmenistandaky etniki türkmenleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň köpelmegi türkmen hökümetini alada goýandyr diýlip, çak edilýär.

Aşgabatly synçy Gurbangeldi Töräýew häzirki gün bu meseläniň türkmen hökümetiniň üns merkezinde durmagyny Gyrgyzystandaky wakalar bilen düşündirýär. "Gyrgyzystanda bolan we bolup geçjek wakalara Russiýa Federasiýasynyň aktiw gatnaşandygyny we gatnaşjakdygyny öňe sürýänler az däl. Eger-de şeýle wakalar ýol alyp gitse, onda Merkezi Aziýanyň käbir döwletleriniň, de facto, hakykat ýüzünde öz syýasy erkinliklerini ýitirmegi ahmal" diýip, ýerli synçy aýdýar.

Töräýewiň aýtmagyna görä, geçen ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Gürjüstanyň regionlary bolan Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň ýerli ilatyna rus pasportlaryny paýlap, soňra 2008-nji ýylda Gürjüstanda ýüze çykan dartgynly wakalarda öz raýatlaryny halas etmek tagallalaryny öňe sürüp, garaşsyz döwletiň içki syýasy meselesine goşulyp, onuň 20% territoriýasynyň bölünip aýrylmagyna sebäp bolanlygy entek ýatdan çykarylmady.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: namalim nireden: ABS
08.07.2010 08:17
+0 / -0
beyleki dowlerler barada iki grajdanlyk nahilka? esasanam ABS-de doglan chagalara goni grajdanlyk berilyar we olar sonundan TM grajdany bolup bilyalermi?

kimden: Aydymçy
08.07.2010 12:30
+0 / -0
Synçy gaty mamla. Elbetde ors pasporty alan ildeşlerimiz ors bolup baranok(orsyn medeniyetni asimilasiya bolup öz türkmenine fransuz bolmayan ahwalatynda) Yöne barde eziz adamlar, howpsuzlyk we Yurdumyzyn abrayy we agzybirligimiz bar zatdan yokarda bolyar, yokarda bolmaly we yokarda bolar.

kimden: Gytyndan
08.07.2010 22:45
+0 / -0
Icki syyasatymyza kim goshulsa goshulsyn, yone awtoritar dowletler goshulmasyn (i.ed - Russia, Venezuela, Eyran, Hytay, Kuba...etc). Demokrat dowletleri yigrendirjek bolup ellerinden geleni edyaler, son onson kellesi gocen turkmenlerem diktatura gowy diyip zorladyp otyrlar. Gowy bolsa hana gorsunler gunlerini, yashasynlar, keyp alsynlar, omurlerini sheydip diktatura lepbey diyip, goldap gezsinler,

Turklerde bir gowy nakyl bar -- Nahili bolsanyz, sheyle-de dolandyrylarsynyz. Asyl yewropanyn hokumetleri awtoritar bolup bilaymezler, halkdan gerekda!!!

kimden: turkmen nireden: turkmenistan
09.07.2010 18:50
+0 / -0
dogry aytyanyz!!!howpsyzlyk ahmiyetli zat.türkmenistan şu yagdayda bu zatlary etmeli men ony goldayan!!yone basybalyjy öz hökmüni yöretmek isleyan yurtlaryn başgada bir bela yaragynyn bardygyny göryanizmi?bizin hökümetimiz şeyle yagday gelyança garaşyp yatmaly dal yada naman name boljagy belli zada nameler bolup durany belli zat orsyet ozinin propogandasyny etyar etmage dowam hem eder bu bir pikir anyyet söweşidir turkmenler ony dine anyyet pikir söweşinde yenmeli beyle elemetarny çykalga gözlemeli dalmika diyyarin!menin pikirim yalnyş bolup biler meni haysydyr bir pikrimi tankyt edip bilersiniz!turkmenistanyn hemme halky hem ikirayatlyga girse hemişe gatnawdada bolsa halky şol zatlarda terbiye bersen millet watan halk din syyasat milli bahwit daşary yurt hemme zatdan habary bolsa onda turmenistana hiçbir zyyany yetmez!orsyyet muny türkmen halky gowy bolsundiyip beyle etmeya!orsyyet menin ekonomiyama peyda gelsi,turkmenlerem men taraplyk bolsun,turkmenistanda menin hökmüm yöresin,hakimiyet menin bilen gowy gatnaşykda bolmaga mejbur bolsun,içki daşky bazarynda ornum uly bolsun diyip etyani belli zat!hakimiyet bu temada edyanişlerini halk bilen aydyşsa halk ona düşüner!
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil