Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Türkmenistan

"Transtürkmen" gaz geçirijisini "Türkmengaz" gurar

Kartanyň çeşmesi: Crude Accountability
23.05.2010

Türkmenistan bahasy 1,5 milliard dollarlyk “Gündogar-Günbatar Transtürkmen” gazgeçirijisini öz hasabyna gurmakçydygyny yglan etdi.


"Türkmengaz" döwlet konserni
22-nji maýda döwlet neşiri bolan “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Biz tiz wagtdan öz pulumyza täze Gündogar-Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamakçy” diýendigini habar berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken permanynda döwlet eýeçiligindäki “Türkmengaz” konsernine ýylda 30 milliard kubometr gaz akdyrjak turbageçirijiniň gurluşygyny amala aşyrmak tabşyrygynyň berlendigi aýdylýar. Bu habaryň Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky resmi telefon söhbetdeşliginden köp wagt geçmänka peýda bolmagy aýratyn ünsi çekýär.

“Türkmengaz” döwlet konserni geçen ýyl, has takygy 2009-njy ýylyň mart aýynda, Ýolöteniň Osman gaz ýatagyndan Hazaryň ýakasyna tarap çekilmegi göz öňünde tutulýan 800 kilometrlik gazgeçiriji boýunça halkara tender yglan edipdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu proýekt boýunça iň soňky maglumatlarynda turbanyň gurluşygy bilen Orsýetiň, Hytaýyň we Ýewropanyň ýangyç kompaniýalarynyň azyndan 70 töwereginiň gyzyklanýandygy aýdylypdy. Emma näme üçindir bu tenderiň gutarnykly netijeleri soňra asla yglan edilmedi.

Bu gazgeçiriji proýekt amala aşyryylansoň, ýurduň ummasyz gaz zapaslaryna eýe bolan gündogar regionyny merkezi hem Hazar regionlary bilen baglanyşdyrar.

Soňky ugur

“Gündogar-Günbatar” proýektiniň häzirki wagtda esasy üç potensial eksport ugrunyň bardygy öňe sürülýär. Olaryň birinjisi: Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan “Nabukko” turbalaryna birikdiriljek “Transhazar” gazgeçirijisi.

Emma Hazaryň statusy boýunça ylalaşyga gelinmänligi zerarly dowam edýän päsgelçilikler bu proýektiň durmuşa geçirilmek ähtimallygyny pese gaçyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen tarapynyň suwuklandyrylan gazy Hazaryň üsti bilen tankerler arkaly “Nabukko” turbalaryna ýetirmegi teklip edýändigi hem aýdylýar.

Ikinji ugur: Hazaryň gündogar kenary bilen Orsýete tarap çekilmegi göz öňünde tutulýan hazarýaka turbalary. Hazarýaka turbalaryndan gazak we türkmen gazy bilen birlikde ýylda jemi 20 milliard kubometrlik gaz akdyrylmagy planlaşdyrylýar.

Üçünji ugur: Pakistanyň we Hindistanyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmak üçin niýetlenýän, emma häzirlikçe durmuşa geçirilmek ähtimallygy az hasaplanylýan “Transowgan” gaz geçirijisidir.

Geçen ýyl Britaniýanyň "Gaffney, Cline and Associates" kompaniýasy Günorta Ýolöteniň ýangyç ýataklaryndaky gaz ätiýaçlyklaryny, geçirilen degişli kontrol barlaglardan soň, ululygy boýunça dünýäde dördünji orunda goýupdy.

“Halkara Business Monitor” edarasy Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň 2013-nji ýyla çenli 100 milliard kubometre çenli ýokarlanjakdygyny çak edýär. "Bu bolsa geljek 5 ýylyň içinde Türkmenistanyň gaz eksport potensialynyň 75 milliard kubometre golaýlajakdygyny görkezýär" diýlip, edaranyň 2009-njy ýyl boýunça hasabatynda bellenipdi.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: anna nireden: abs
23.05.2010 04:45
+0 / -0
Tuweleme! Menin pikirimche bu gaz gechiriji ozunin wajyplygy boyuncha Turkmenistan-Hytay we Turkmenistan-Eyran gaz gechirijilerinden sonra in wajyp desga! Bu desgany Turkmenistanyn ozunin oz puluna gurmagy hem gaty dogry we onayly. Ak mermerden gurulyan jaylaryn deregine shular yaly peydaly desgalaryn gurulsa has peydaly bolar. Meselem taze gara yollar, demir yollar, fiber-optic symlar, we sh.m. bilen Turkmenistanyn ichini kerebe dondurmeli. Turkmenistanda pochta ulgamyny gaytadan dikeltmeli. Umuman aydanynda goy haryt, hyzmat, habar (information, data), Turkmenistanyn islendik bolegine hich-hili kynchylyksyz we sanlyja sekundlaryn ichinde yeter yaly bolsun. Amy derya bilen bahry Hazaryn arasyny her durli gechirijiler bilen Kerebe dondurmeli. Shunun yaly proyektlerin howri kop bolsun!

kimden: Gadyr
23.05.2010 17:31
+0 / -0
Bu yerde daşary yurtly bir firmanyn dal-de, yerli Türkmengaz Türkmen kompaniyasynyn bu işi başarmaga ymtylmagy elbetde gaty uly we gowy zat Yalnyşmayan bolsam bu 'Transtürkmen' gazgeçiriji Şatlykdan(Mary) başlayan bolmaly. Günorta-gündogar regionlar esasanam Yolöten-Murgap oazisi --- şol sebitde nebit-gaza gaty bay O tayda 'mawy yangyjyn' we 'gara altynyn' gaty uly zapasy bar Şon üçin daşary yurtly firma dal-de, Türkmengazyn öz serişdelerinin hasabyna bu taslamany amala aşyrmagy talap edilmegi gaty dogry-wajyp zat. Ondan has wajyby bolsa taze bu 800 km'lik uly gurluşyk dowam edyarka taze iş orunlarynyn döredilmegi we netijede bu proyektin halkyn sosial-durmuş ösüşine dogry yolda positif (+) goşant goşmagy.bolsa bularyn içinde in wajyby-ahmiyetlisi. Özbaşdak gaz marşrut yollaryny oylap tapmaga we gaz eksport potansiyalyny artdyrmaga bu taslama saldamly goşant goşar diyip umyt edyas. Türkmen gurluşykçylara üstünlik we Türkmenistan Watanymyza parahatçylyk arzuw edyarin.

kimden: Ayhan
23.05.2010 21:51
+0 / -0
Proyektin potensiyal eksport ugurlaryndan Hazaryaka turbalar ugurynyn (türkmen-gazak-ors ugury) ahtimallygy has agyr basyar. Nabukka esaslanyan Transhazar ugury uzak geljekde bolaymasa edil hazir bolubilmeyar Transowgan ugury bolsa sebitde bar bolan terror, howpsuzlyk we durnuksyzlyk zerarly entekler amala aşasy yok Ay garaz bu temada asyl möhim nokat: Yurdyn Prezidentinin İlkinji gezek Milli Türkmen firmasyna --- Türkmengaza Yurdyn içinde bir ujyndan ol ujyna uzajak 800 km'lik şular yaly uly taslama --- TransTürkmen gaz geçirijisini gurup ulanmaga bermegi tabşyrmagy, ynanmagy bolup duryar Türkmen gazçylary Nesip bolsa bu işin hötdesinden gelerler, bu yenil bolmadyk jowapkarçilikli işi başararlar diyip umyt edyas Sebabi bu taslama Yurdumyz we tutuş sebit üçin gaty uly-juda wajyp ahmiyeti bar.

kimden: Çyn Zehin
24.05.2010 13:18
+0 / -0
Eger bu işi Türkmen gazçylar üstünlikli başarsalar, onda olar uly işi başardyklary bolar we özlerine bolan ynamlary has artar. Emma bu iş haramlyga yol berilman arassa, göwnejay we wagtynda bolamlysy yaly bolmaly..Şon üçin işgarlerin aylyklary yokarlatmaly we kontrollygy-gözegçligi berk yola goymaly. 800 km-lik bu gaty uzyn taslama boyunça Adamlaryn we yaşayyş yerlerinin tebigy apatdan howpsuzlygy üçin edilmeli bar zat doly berjay bolmaly. Bu zatlar üçin bolsa oylanşykly hereket etmage entek doly wagt bar. Sebabi Proyekt 2010- İyunda başlap 2015- İyunda tamam bolmaly diyilip tabşyrylypdyr
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil