Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Saglyk

Çagalaryň ölümine näme sebäp bolýar?

16.05.2010

Bütindünýa Saglyk Guramasynyň ýakynda ýaýradan maglumatynda her ýylda bäş ýaşyna ýetmänkä ýogalýan takmynan 9 million çaganyň 68%-niň ölümine öýken çişmesi, içgeçme, gyzzyrma ýaly keselleriň sebäp bolýandygy aýdylýar.


Bu maglumata görä, bäş ýaşa ýetmänkä ýogalýan çagalaryň 41%-i ömrüniň ilkinji bir aýynyň dowamynda heläk bolýar. Ýaş çagalaryň ölümine esasan pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseli sebäp bolýar. Bu keselden ýylda bir ýarym milliona golaý çaga ölýär. Içgeçmeden 1 million 300 müň, gyzzyrmadan-da her ýylda 730 müň çaga ýogalýar.

Şol bir wagtda-da geçen asyryň 90-njy ýyllary bilen deňeşdirilende, bäş ýaşa ýetmän heläk bolýan çagalaryň sanynyň 30 % azalandygy, bu ugurda öňegidişligiň bardygy bellenilýär.

Türkmenistanda ýagdaý nähili?

Ýakynda Bütindünýa Saglyk Guramasy tarapyndan ýaýradylan 2010-njy ýyl boýunça Saglygy saklaýyşyň dünýa statistikasynda 2008-nji ýyl boýunça berlen maglumatlarda Türkmenistanda bäş ýaşa ýetmän heläk bolýan çagalaryň 3%-niň içgeçmeden, 14%-niň wagtyndan öň doglandygy sebäpli, 17%-niň doglanda çaga ýetirilen şikesden, 28%-niň kemisli dogulmakdan heläk bolýandygy aýdylýar.

Şeýle hem ýogalýan neresseleriň 3%-niň ölümine bakterial keselleriň, galan ýagdaýlarda-da beýleki problemalaryň sebäp bolýandygy bellenilýär. Mysal üçin, Türkiýede bäş ýaşa ýetmedik çagalaryň diňe 3%-niň ölümine çagalaryň kemisli dogulmagy sebäp bolýar. Türkmenistanda bu san - 28%, diýmek, Türkiýedäkiden dokuz esse ýokary.

Bu san goňşy Täjigistanda 9% bolsa, Özbegistanda hem ýokary bolup, bäş ýaşa ýetmän ölýän çagalaryň dörtden biriniň ölümine olaryň kemisli dogulmagy sebäp bolýar.

Sebäp näme?

“Türkmenistanda şeýle köp çaganyň ölümine olaryň kemisli dogulýandygynyň sebäp bolmagy ýurtda neşekeşligiň giňden ýaýranlygy we medisina işgärleriniň bilim derejesiniň pesligi sebäp bolup biler. Bu ýetmezçilikler kemisli doglan çagalary halas etmek mumkinçiligini pese gaçyrýar” diýip, türkmenistanly lukman aýdýar.

Bu hasabata görä, Türkmenistanda 15 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky her müň erkek kişiden 1990-njy ýyllarda 301 adamda heläk bolmak howpy ýokary bolan bolsa, 2008-nji ýylda bu san ozalkydan 76 san artyp, erkek kişileriň ölüm koffisenti her 1000 adama 377-ä ýetdi.

Goňşy Özbegistanda, eger-de 1990-njy ýylda bu san 250-ä deň bolan bolsa, soňra has pese düşüp, häzirki wagtda bu ýurtda 15 ýaşdan 60 ýaşa çenli aralykdaky her müň erkek kişiden 223-niň üstüne agzalan ýaşlarda ölmek howpy abanýar.

Erkek kişileriň arasynda heläk bolýanlaryň sanynyň artmagyny hem ýerli synçylar neşekeşligiň ýaýramagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Atsyz
16.05.2010 10:56
+0 / -0
Dasary yurtlarda 300-500-700 grammaly caralary adam edyarler. Turkmenistanda bolsa 900 grammla-adam bolmaz dyyp uns berenoklar, we komegi etmeyyarler.

kimden: Ayhan
16.05.2010 19:53
+0 / -0
Bu sanlar Yurdumyzda adama we adam saglygyna ne dereje üns berilyandigini görkezyar Adam ol Yurdyn we jemgyyetin in uly baylygy Türkmenistanda saglyk ulgamy gaty gynandyryjy yagdayda Ünssizlik netijesi yany durmuşa gözlerini açanda yagty jahan bilen hoşlaşan çagalaryn hasabyny kim berip biler? Yolbaşçylar bu sanlara gowy düşünmeli we halka bu babatda hasap bermeli Saglyk ministirligi name üçin dymyar, beyanat bermeyar, gaty üytgeşik yagday.

kimden: nurjemal
19.05.2010 01:15
+0 / -0
Bu sanlar turkmen halkynyn gyrylyandygyna sayatlyk edyar. Awtor 15-60 yas aralygynda perzentlerinin aladasy sebapden olyan enelerimizin sanyny getirmandir. Olaryn sany da artmasa, azalyana daldir. Guzeranyny zordan goryan ayallarymyzyn hayssysy baryp analizlerini tabsyryar oydyarsiniz. Bir gun tarpa-tayyn gidyarler yagty jahany terk edip, olaryn nameden helak bolyandyklary da kop halatda anyklanmayar. Turkmen gyrylyar, halky halas etmek zerur.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil