Penşenbe, Iýul 31, 2014 Aşgabat wagty 14:25

Türkmenistan

Internetiň Türkmenistandaky oňaýsyz orny

Türkmenistanda internetiň ösýänligi, bu ugurda tehniki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça ýörite işleriň alnyp barylýanlygy türkmen metbugatynda yzygiderli habar berilýär. Eýsem, bu ugurdaky işler hakykatdanam islegleri ödeýärmikä?

Multimedia

Audio
Hususan-da, “Türkmentelekom” döwlet kompaniýasynyň maglumatyna görä, geçen ýylda Aşgabatda esasy dört awtomatik telefon stansiýalaryny özara birleşdirýän optiki süýümli sistema işe girizilipdir. Sistema internetiň geçirijilik ukybyny güýçlendirip, tizligini üpjün edipdir.

Mudan daşary, resmi maglumata görä, geçen ýylyň başynda “Türkmentelekomyň” hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany sekiz müň adama ýetip, bu san şu ýyl ýene kopelipdir.

Emma internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň we teklip edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili paýtagtda ýokarlanýan hem bolsa, ýerli ýaşaýjylar welaýatlarda ilatyň internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň örän çäklidigini aýdýalar.

Regionlardaky internet

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýewiň sözlerine görä, welaýat merkezlerinde internet kafeleriniň birnäçesi açylan-da bolsa, oba ýerlerinde, hatda etrap merkezleriniň-de köpüsinde internet nokatlary düýpden ýok. Onuň sözlerine görä, oba ýerlerinde internet üçin ýörite tehniki şertler döredilmänsoň, oba ýaşaýjylarynda mobil aragatnaşygy arkaly interneti öz öýlerinde ulanmak mümkinçiligi-de ýok.

Türkmenistanda mekdepleri kompýuterleşdirmek boýunça programma alnyp barylýar. Häzirki wagtda oba mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly kompýuter klaslarynyň bardygy we kompýuteri öwredýän informatika sapaklarynyň geçilýänligi resmi maglumatlarda bellenilýär. Muny ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar. Emma mekdep kompýuterleri Aşgabatda we welaýat merkezlerinde internete çatylan bolsa-da, oba mekdeplerinde asla internet ýok.

Ýaşlaryň arasynda internete gyzyklanma we höwes welin, gitdigiçe güýçlenýär.

Osman Hallyýewiň sözlerine görä, soňky döwürde internete mobil telefony arkaly çatylmak ýaşlaryň arasynda örän ýörgünli. Emma beýle hyzmatlaryň gymmatlygy ilkinji nobatda ýene-de oba ilaty üçin internetiň elýeterliligini çäklendirýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy oba mekdeplerinde informatika sapaklarynyň-da köplenç pes derejede geçirilýänligini belledi.

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi oba ýerlerinde ýaşaýar. Internetde çap edilen elýeterli maglumatlara görä, Türkmenistanyň oba ilatynyň sany ýurduň ähli ilatynyň 55-60 %-ne barabar diýlip görkezilýär.

Internet kafeleriniň ýörite düzgünleri

Türkmenistanda raýatlaryň internetden peýdalanmagynyň öňünde päsgelçilik döredýän zatlaryň ýene biri ýurtda işleýän internet kafelerine barýanlardan pasport talap edilmegidir. Kafelere barýan adamlaryň hasaba alnyp, gözegçilik astynda saklanylýandygyny we olara belli bir saýtlara girmeli däl diýen duýduryşlaryň berilýändigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Internet hyzmatlarynyň hiliniň pesligi bilen bir wagtda bu hyzmatyň bahasynyň gymmatlygy-da adamlaryň mümkinçiliklerini çäklendirýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, internet kafelerinde öňünden bir sagadyň puluny töläp, onuň haýallygy sebäpli adamlaryň soňra hiç hili maglumat alyp bilmän gidýän halatlary-da seýrek däl.

Saýtlar näme üçin petiklenýär?

“Fergana.ru” internet saýtynyň baş redaktory Daniil Kislow Türkmenistanda interneti ösdürmek boýunça edilýän işleri hökümetiň interneti ilat üçin has elýeterli etmek maksady bilen baglanyşdyrmaýar. Onuň aýdyşyça, internetiň tehniki derejesini ösdürmek işleri häzirki wagtda ähli döwletlerde-de alnyp barylýar. Emma Merkezi Aziýa hökümetleri aragatnaşyk hyzmatlarynyň tehniki mümkinçiliklerini ösdürmek we internet kafeleriniň sanyny köpeltmek ýaly çäreleri diňe halkara jemgyýetçiligine öz ösüşlerini görkezmek üçin amala aşyrýarlar.

Internet saýtlarynyň petiklenmegi ilat üçin habarlaryň we maglumatlaryň elýeterliligini çäklendirýän ýene bir mesele bolup durýar. Türkmenistanda resmi taýdan gadagan edilmedik hem bolsa, ençeme saýtlaryň ýurtda açylmaýanlygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. “Fergana.ru” internet neşiri-de şeýle saýtlaryň biri bolup durýar.

Merkezi Aziýa boýunça maglumat berýän bu informasion resursyň baş redaktory Daniil Kislow saýtlaryň petiklenmegini türkmen häkimiýetleriniň ýurduň içinde tankydy maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak islegi bilen baglanyşdyrýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir sahypasy
    Indiki 
kimden: nabelli nireden: istanbul
28.04.2010 21:42
+0 / -0
Aklyn chatanogay shu yokardakylaryn edyan ishine. Ahli zat Ashgabat uchin , a beyleki welayatlar name ? Beyleki welayatlarda , şaherlerde yaşayanlar adam dalmi ? Ya olar keseki halkmy ? Oba yerler-de ol-a internet eken , yerli telefonam işlanok ibaly. Henizem ilat peydalanyp bilenok öy telefonundan. Şu dagy kyn zat dal-a , sahelçe çykdayjy etsen bitip duran iş. Birtopar gereksiz binalara milliardlap dollar çykaryalar , emma halka zerur bolan zatlara welin köpügem berenoklar.

kimden: INTERNET USER
29.04.2010 00:53
+0 / -0
Turkmenistanda MTS-in 2 000 000 ulanyjysy bar. MTS-in nomerlerini bolsa islan wagtyn internete catyp bolyar 17 dollar bersen. MTS ulanmayanlar TMCELL, Turkmentelekomyn internetini ulanyalar. Halkyn 60 prosente golayy internet ulanyp bilmage mumkinciligi bar diymek. Yewropa yurtlarynyn statistikasyna seredip gorayin adamlan nace prosentine internet elyeterli. Ellerine dushyan Gross aylyklary bilen hem deneshdirip gorun bahasyny. Onson deneshdiriberin bizdaki yagdayy. MTS Turkmenistanyn gur ilatly hemme obasynda tutyar. MTS bar yerinde interenetem bar. Shol Osman aganyzyn diyeninin duzy yok, faktlary argumente owuermek manysyz. Gutalamaly, begenmeli yagdayda, biderek gargynyp oturmagyn zerurlygy yok. "Men internet edinip bilemok diyen adama eshdemok shu wagt Turkmenistanda". 3G, ADSL hem paylap bashladylar, olam ustesine gowy habar. Adamlaryn elinde internet barka internet nokady kime gerek? 20-nji asyrdan gecdik, 2010-da gezip yorus. Yagdaya biraz yokardan seretmeli, gara aynegi ayryp gozlerden. Suyde sine seretsen gan goruner. Mena okyjy bolamson bashgarak zatlary okasym gelyar, gepi uzaldyp oturjak dal. Eger adamlaryn aylyklary arkayyn yetenok diyyan bolsanyz, onda o yagday bashga tema, sozbashyny uytgedip, kamerany bashga tarapa owurmeli. Ana shonda ylalasharyn, yone bu wagta gownum suw icmedi, birinji gezek teswir yazmaly boldum. Cheers!
Muňa jogap

kimden: Gulak nireden: Mary
29.04.2010 03:16
+0 / -0
INTERNET USER dost sen haysy yurtda yashayan? Hany Mary welayatyna bir gel, men sana subut edeyin sen duybunden dezinformasiya yayradyanyny. Tutush Mary shaheri boyuncha 2 sany internet kafe bar. Olarda 1 sagat internet 35 mun manat. Bu 2.5 dollar. Amerikada, Kanadada 1 sagat internet 2 dollardan hem arzan. Hany indi ozun hasaplap gor Maryn yashayjylary nache aylyk alyar (aylyk alyalarmy vaapshe!), Amerikan ilaty nache aylyk alyar. Senin "delillerine" men ine bir soz bilen jogap berendirin. Indi bu yagdayyn name uchin sheyledigini sen bar gitde Berdishkadan sora, ol sana nagyt jogar berer. Ha-ha-ha!!!!
Shaherde mobilnilerde bolany name internetin, 2 million ilaty bolan tutush Mary welayatynda 2 sany internet kafesi sana "ajap yagdaydan" habar berenokmy. Etraplaryn hich birinde adamlar internetin namedignem bilenoklar. Senin soyguli prezidentin Turkmenin pullaryny gerekmejek Hotelleri, ministrlikleri guryancha sholar yaly halka gerek zatlary osdurmage sarp etsin. Sen nahili syyasaty gorajak bolyanay bratok? Halk name gulakdyr oydyanmi bu zatlary bilman, bizem kor dala.
Muňa jogap

kimden: INTERNET USER
29.04.2010 03:39
+0 / -0
Gulak,
a) Men internet kafe barada aydamok, her kimin elinde internetin bardygyny aydyan.
b) Kanada Amerika bilen Turkmenistany deneyanmi, internetin acylanyna 1 yyl boldy?
c) Adamlar internet bilmeyan bolsa, onda sho barada aydylmaly eken, yaman gulkunc zat aydyan, adamlar kompyuterin namedigini bilenok, sen intinternetin gurrunini edyan.
d) Marynyn yashayjylary aylyk alyar howa, hemmesini bir guya gomup goyma. Almayanlaram bardyr, yone onda aylyklar barada aydylmaly eken. Menin diyanim hem shol, mundan urdum gylyjy, arapda shaglar ujyl bolyar senin diyanin.
e) Menin makaladaky pikirler bilen ylalashmazlygym, prezidente soyguli diymegimi anladanok yenil kelle, dar dushunjeli bolma, onun name dahyly bar bu yerde, men argument getirdim.
f) Marynyn 2 million ilaty yok, yalan aydypsyn!
j) Sen biz diyip gurleme, kim "Siz"? adamlar hawa gorup otyr hemme zady, menin aydanlarymyn yalnysh yerini aydaysyn dogulmlyjasy bolsa, sen dashry yurtda oturan yerinden pitjin atma.
k) Elinde interneti bolan adam name ucin kafe barmaly, ol kafeler koplenc dashyndan gelyanler we turistler ucin acylyar. Adamlarda komputer yok, shonun ucin telefondan ulanyarlar, arzan kompyuterler gerek disyen ana ona Hawa! diyetin. Mana bosh argument getirme.
l) Maryda 2 sany internet kafe bar diyyan, 3 sany bar jigim jan, yalan aydypsyn, olaram hacan barsan bosh, 4-nji gerekmi indi sana???
m) Sen "prezidentin" diyip gurleyan welin, senin hem prezidentin sho bela-da bolsa, ozune kimdirin oydyan? Turkmenmi sen? Asla namanin tarapyny caljak bolyan?
n) saytlaryn petiklenmegi diyen yeri bilen ylalashyan, galan yeri bilen yalalashamok, hakym bar!!!!
Dostjan, men sana hemme zat gulala gulluk diyemok, yone argumentlere argument getirdim, normalnyja dille, gyzma? Sen beyle Marydan bolsa ayt onda sho kafeler nirede yerleshyar, icinde nace kompyuter bar? Nace adam ishleyar icinde? Baryp gordunmi? Onda mundan eshden zadyn yazyp oturmada...
Muňa jogap

kimden: INTERNET USER
29.04.2010 04:05
+0 / -0
a) Adamlara internet owredyan merkezleri acmaga lisenziya bermeli.
b) Dashyndan gelyan komputerleriin sowdasynyn salgydyny azaltmaly, hemmelerde kompyuter bolar yaly, komputer arzanlar yaly.
c) Internetin tizligini guycelndirmeli oz sputnigimizi cykaryp asmana. (muny edip yorler)
d) Konkurensiyany guycelndirmeli, internetin bahasy gacar yaly, bahasyny arzanlat diyip MTS e aydyldy dowlet tarapyndan, gecen hepde bir yerde okadym.
e) Yokary okuw jaylarynda berilyan zadaniyeleri internetden bermeli, her kim interneti islese islemese owrener yaly.
Yzynam syncylar aydybersin...
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
29.04.2010 03:37
+0 / -0
INTERNET USER Adamlaryn elinde internet barka internet nokady kime gerek diyyarmin ? A men belki gerekli bir zat indirjekdirin (download) ?! Hany elindaki telefon bilen etjek bolup gör şony. Gara aynegi biz dal-de siz ayryp seredin !
Muňa jogap

kimden: hakykatçy nireden: türkiye
29.04.2010 16:31
+0 / -0
İNTERNET USER ! Sen hemme zada optimist seretme.İşin beyleki tarapam bardyr
Muňa jogap

kimden: INTERNET USER
29.04.2010 22:22
+0 / -0
Hakykatcy dost, men makalanyn beyleki tarapyny aytdym.

kimden: Gulak nireden: Mary
29.04.2010 13:16
+0 / -0
Menem shony aydanyanda, komputer bilen internetde edip bolyan ishlerin kopusini mobil telefon bilen edip bolanoga.
INTERNET USER dost, senin ozun Turkmenistandan dasarda, ichinde bolsan bular yaly chak urmazdyn menin nirededigim barada. Sen Maryda bolup gormediginem aydyp biljek. Maryda tanyshlaryn bar bolsa sorap goray 2 sany internet kafe barmy ya 3 sany. Internet kafen biri Maryn gok bazarynyn garshysyndaky telegraf edarasynda, ikinjisem Bauman kochesinin bashynda. Hany indi sen ayt mana uchunjisi bar bolsa nirede????? Ha-ha-haaaaa
Muňa jogap

kimden: INTERNET USER
29.04.2010 22:22
+0 / -0
Sen 2 000 000 ilat diyip pashyrdayan bolsan, diymek welayaty goz onune tutyan. Mary welayatynda dine Mary shaheri yok. Bayramalydakylary agzajak dalmi? jan etde sora shu wagt, barsam bolyarmy bosh yer barmy diyip sho kafelere...

kimden: gena nireden: tanzanya
29.04.2010 14:08
+0 / -0
Oglanlar, men INTERNET USER'den bashga hemmaniz bilen ylalashyan.

kimden: Atsyz
29.04.2010 16:03
+0 / -0
МТС-ден интернете чыкмага горгилик,хатда Ашгабатдада,велаятлар хакда гуррин йок.Алтын асырынам интернети сонкы вагтлар эрбетлешди,хилинин ярамазлыгы бабатда МТС-ин ызындан етди.3g интак хем велаятларда ишланок

kimden: hakykatçy nireden: türkiye
29.04.2010 16:30
+0 / -0
men şu gyşda türkmenistanda boldum.Çarjew yaly uly şaherde 3 sanyjak internet kafe bar.Onunam biri(türkmen telekomdaky) işlanok ! otelde ulanmaly boldum interneti....Onsonam İNTERNET USER in aydyşy yaly telefondan ulandym-hahaha.

kimden: Ayhan nireden: Mary
29.04.2010 17:15
+0 / -0
Marydaky internedin sany şol 2 ya 3 bolsun Tapawudy yok Asyl mesele ol İNTERNET halkyn islegini kanagatlandyrmayar Tizligem, hil taydanam pes, nyrh taydanam amatly we elyeterli dal. Munyn şeyle bolmagynyn asyl sebabem konkurensiya diyilyan zadyn - basdeşligin yoklugy we Türkmen Telekomyn bu babatda gaty passiw işleyandigi Galyberse-de 3-nji Dünya Ülkelerine mahsus pasport barlama ya kabir saytlary yapma yaly düşnüksiz kadalaram Türkmen Telekomyn İNTERNET müşderilerini sowadyar. Haman gümrüge gelen yaly : Pasporyny görkez Jigim diyip dursa her sapar we haysy sayta giryarkaray diyip başynda çömelip otyrsa kim geler ondan son sen İNTERNEDİNE? Onsonam Taze Galkynyşlar we Beyik Özgertmeler Zamanasy diyilip öwülip-öwülip suwy çykarylan şu KRUTOYLARYN DÖWRÜNDE dünya standartlaryna gabat gelyan haysy KANUN we REFORMALAR eline-yüzüne bulaşdyrman adam yalyjak amala aşyryldy? İn çetki etraplara we alysdaky oba-şaherlere çenli İNTERNET ya ş.m hyzmatlar bilen doly üpjün edildimi? Amalla aşyrylyan reformalar oba-şaherleri, dagy-düzi, alysy-yakyny blen tutuş Türkmenistany gurşap alyarmy ya dine belli-başly yerlere (öz obasy, Gökdepe, Ruhabat we Aşgabatdan ybaratmy) esewan edilyar beyleki yerlere dine GÖZ BOYAMAK ÜÇİN aram-aram bir-iki sany bina ya muzey açyp halka göz edilyarmi? Sanasan sowaby bar. Şu we şuna menzeş wawwaly soraglara Türkmen halky Yolbaşçylardan we Prezident ornunda oturan Yaşulydan tizden-tiz anyk we kesgitli jowaplar garaşyar. Ony ol wezipa saylan HALK ONDAN ÖZ HAKYNY TALAP EDYAR WE MERTLERÇE BEREN SÖZLERİNDE DURMAGYNY İSLEYAR Yadymyzdan çykarmaly wezipeler wagtlayyndyr, hiç wagtam ömürlik daldir we bir gün halk Seni ol wezipeden daşlaşdyryp, işi başarayjak men diyip duran dogumlyja birini saylasa, sonky tüykülik sakal ezmeyar. Son atylan ok yaydan çykar we iş işden geçer Ana şonda halka çykmaga yüzem-a gerek bor. Türkmen halky her naçe sabyr etse-de, unudyan-a daldir, bolup geçyan zatlary görüp baha berip oturandyr, wagty-sagady gelende, şöhratparaz we balagyna sygman yörenleri oturan yerinden - tagtyndan pyzyp, yerine iş başarayjak, akylly we arassa Halkyn Ogullaryny getirer we onson işler bay gül yaly bolar-a...

kimden: Galtaman nireden: Mary
29.04.2010 18:15
+0 / -0
Marydaky internet cafeler hayal ishleyar. Men aylyk mtc-e 20$ toverek toleyan gije sagat 1-den, irden 8-e cenli isledigimce (unlimited) ulanyaryn. 450$ kompyuter aldym onam telefonyma catyan tizligem erbet dal.
Muňa jogap

kimden: INTERNET USER
29.04.2010 22:26
+0 / -0
Aydyana, ulanmak islegin bolsa yoly tapylyar. In barkisi shu turkiyede-de me al sana inet diyip duran yok, kafelerede pul cydanok. Ozun yoluny tapmaly, gysyr sygyrdan gola garashyp oturman!
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
29.04.2010 22:51
+0 / -0
MTS-in tizligi gaty hayal , men tomus baryp ulanamda gorendirin , gaharyny getiryar internet kesilip. Bahasy hem gymmat. Onsonam barde telefondan ulanylyan internet hakda dal-de kompyuter arkaly ulanylyan internet hakynda gurrun gidyar. Telefonda edip biljek ishlerin gaty chakli, muny ozunem bilyan.

kimden: informasiya nireden: WWW
29.04.2010 18:29
+0 / -0
Yolbascylar internedin namedigini gowy bilyaler. Olar internedi tizligini artdyrmanam bilyaler ol birzatdan gorkyalar yada gorkydylyalar. Internet herkime elyeterli bolsa halk turkmenistan baradaky "+" we "-" lary biljekler. Halk bu zatlary bilse, dasarda bolyan isleri gowy analiz etjekler (tankyt we s.m). Hemde internet ustu bilen her hili ideya yayradyp bolyandygy sebapli gorkyalar.

kimden: Che Guevara nireden: Pandora
01.05.2010 17:37
+0 / -0
Internet User , telefondan herkim internete el yeterli diyyan mi ?
bar goteril sutaydan , sen bu teswirini telefondan yazyan mi ?

barde asyl mesele , hokumedin oz internet kafeleri!!!!!!
haysi dowletde gorulen zat bu ?
men internet kafe acmaga rugsadym bar my , sen mana shondan habar ber ?
Muňa jogap

kimden: INTERNET USER
02.05.2010 07:13
+0 / -0
Sen bu saytyn eyesimi? Name ucin goterilmeli? Agzyna eye bol, ary cakmanka!! Ya-da normalno diskussiya et!

Men kakam bilen her gun skypda gurleshyan, ozem MTS den giryar kompyutere baglap, Gokdepede!!!! Ozuni onarmasan heshelle kakda yor...
Teswir sahypasy
    Indiki