Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglygy saklaýyş: ösüşmi ýa tesiş?


10 ýyl işläp, geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistandaky iň soňky programmasyny ýapmaga mejbur bolandygyny aýdýan «Serhetsiz lukmanlar» guramasy 12-nji aprelde türkmen saglygy saklaýyş sistemasy barada hasabat çap etdi.

Hasabatyň awtorlary Türkmenistanyň saglyk sistemasyndaky halkara standartlarynyň esasan kagyz ýüzündedigini, ozalky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri ýurt açylyşan ýaly bolsa-da, hakyky özgerişligiň bolup geçmändigini aýdýarlar.

«Serhetsiz lukmanlar» guramasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda inçekesel, AIDS we jynsy gatnaşyk arkaly ýaýraýan ýokanç keseller baradaky maglumat hem ýaşryn saklanýar. Emma resmi Aşgabat bu hasabaty prowakasiýa atlandyrýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda ilata saglyk hyzmatyny etmegiň deňsiz we gowy ýola goýlan sistemasy bolup, ol sistema garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň elýeterliligini we netijeligini iş ýüzünde subut etdi. Resmi Aşgabat ýurtda «Saglyk» programmasy kabul edileli bäri geçen 15 ýyl wagt içinde adamlaryň saglygyny goramakda düýpli özgerişligiň amala aşyrylandygyny aýdýar.

Eýsem bu aýdylýanlaryň haýsyna ynanmaly? Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky ýagdaý hakykatda nähili? Ol erde ösüş barmy ýa tesiş? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada pikirini aýtmagyny sorap, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynda 40 ýyl çemesi işlän professora telefon etdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 10 ýyl işläp gaýdan «Serehetsiz lukmanlar» guramasy Türkmenistanyň saglyk babatda ýaýradýan resmi sanlarynyň hakykata gabat gelmeýändigini, wada berýän çäreleriniň bolsa iş ýüzünde amala aşyrylmaýandygyny aýdýar. Emma resmi Aşgabat olaryň aýdýan zatlaryn inkär edýär. Siz ýerli ýagdaýy gowy bilýän adam, professional lukman hökmünde pikiriňizi aýtsaňyz. Bu ýerde kime ynanmaly?

Türkmen professory: Türkmenistanyň saglyk sistemasynda az-kem aldawçylyk elmydama bolupdy. Aýdaly, SSSR döwründe hem çaga ölüminiň, ene ölüminiň görkezijilerini peseltmek ýaly zatlar bardy. Emma Saparmyrat Nyýazow häkimiýet başyna geçenden soň bu aldawçylyk açyk syýasat hökmünde peýdalanylyp başlandy. Netijede, eger-de biri çaga ölümi, ene ölümi hakynda habar-beýleki ýazsa, ol hili žurnalistler yzaralanyp, ýanalyp başlandy.

S. Nyýazow häkimiýeti doly eline alandan soň bolsa, käbir agyr keseller, olaryň ýaýraýşy, kesellän adamlaryň sany barada hiç hili maglumat bermezlik düzgünini girizdi. Şondan soň ol ýuwaş-ýuwaşdan «bizde hemme zat gülala-güllük, adamlaryň saglygy hem ýyl-ýyldan gowulaşýar, ilatyň ömrüniň dowamlylygy uzaklaşýar» diýen gürrüňlerini ýalana çykartmazlyk üçin doktorlaryň alyp barýan ýazgylaryny, hasaplaryny hem bozdurdy.

Nyýazowyň bu ugurdaky görkezmeleriniň has köp ýerine ýetirilen wagty Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk minsitri bolan ýyllaryna gabat gelýär. Ýogsam ondan öň bir söwda işgäri saglyk ministri bolupdy, emma şonuň döwründe hem saglyk pudagynda hakykat beýle ýoýulmandy. Emma Berdimuhamedow Nyýazowyň aýdanlaryny ýerine ýetirip, bütin saglygy saklaýyşy öz eli bilen ýumurdy. Sebäbi ol, bir zadyň üstüni ýapyp goýsa, ol ýerdäki hakykat görünmez, bilinmez diýip pikir edýär.

Azatlyk Radiosy: «Serhetsiz lukmanlar» guramasy Türkmenistanda işleýän halkara guramalarynyň ol ýerdäki işiniň netijesizliginiň üstesine, türkmen häkimiýetleriniň faktlary ýaşyrmak ýa ýoýmak praktikasyna şärik bolmak howpunyň bardygyny aýdýar. Siz saglygy saklaýyş pudagynda halkara guramalary bilen guralan hyzmatdaşlyga nähili baha berýärsiňiz?

Türkmen professory:
Ýurt özbaşdak bolandan soň, biziň agyr ýagdaýlarymyzdan ugur alyp, halkara guramalary, aýratynam «Serhetsiz lukmanlar», «Çagalar fondy» ýaly saglygy saklaýyş bilen bagly guramalar, Dünýä saglyk guramasynyň wekilleri Türkmenistana gelip işlemäge höwes bildirdiler. Olar kadrlaryň taýýarlanyşyny gowulandyrmak, maddy bazany kämilleşdirmek, keselçiligiň öňüni almak barada halkara tejribelerini özleşdirmek babatda köp uly işleri etjek bolup işe girişdiler. Emma olar saglygy saklaýyş pudagynda näsaglara kömek däl-de, zyýan edilýän halatlarynyň hem az däldigine şaýat boldular.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň saglyk pudagynda kadr meselesi nähili ýagdaýda?

Türkmen professory: Türkmenistan özbaşdak ýurt bolandan soň saglyk pudagynda işleýän köp sanly tejribeli lukmanlar, guramaçylar dürli bahanalar bilen işden aýryldy. Bu meselede türkmen diliniň döwlet diýip yglan edilmegi hem belli bir rol oýnady, öz pikirini açyk aýdýan we dogruçyl lukmanlary hem ýoldan aýyrdylar. Onsoň olaryň ýerine diplomly lukman hasaplanýan, häkimiýetlere ýaramly, çalasowat, näme diýilse «bolýar, hoş» diýýän adamlary getirip, saglyk pudagynyň jogapkärli işlerine ýolbaşçy edip goýdular.

Azatlyk Radiosy: Siz «Serhetsiz lukmanlar» guramasynyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda bar diýýän kemçilikleriniň hemmesini dogry hasaplaýarsyňyzymy ýa bu ýerde nädogry aýdylan zat hem barmy?


Türkmen professory: «Serehetsiz lukmanlar» guramasynyň hasabatynda aýdylýan zatlaryň hemmesi dogry. Sebäbi ol ýere iş bilýän, dogruçyl saglyk işgärleriniň ýerine getirilen işgärleriň wezipesi hemme bolýan zadyň üstüni ýapmak, hakykaty ýoýup görkezmek bolup durýar. Olar şeýtseler, Türkmenistan iň bir ösen, gowy saglykly, halky bagtly ýaşaýan ýurt bolup görner öýdýärler. Emma halkyň ýagdaýy, saglygy saklaýyş edaralarynyň ýagdaýy ýaramaz.

Meniň pikirimçe, bu barada «Serehetsiz lukmanlar» guramasynyň ýazan zatlary hem ýüzleýräk görünýär. Sebäbi Türkmenistanda häzir näsaga dogry diagnoz goýmak, keseli dogry anyklamak we dogry bejermek meselesi gaty yza gaýtdy.

Meniň göwnüme bolmasa, 1960-70-nji ýyllardaky orta bilimli medisina işgärleri näsaglara kömek etmekde, keselçiliklere garşy göreşmekde häzirki diplomly lukmanlara garanda has gowy baş alyp çykýardylar we has peýdaly igşleri edip bilýärdiler. Mysal üçin, obalarda feldşerlik punktlaryny açmaly bolanda hem, şolaryň özi köp meselede seresaply, akylly-başly hereket edip, keselçilikler barada ilata wagtynda dogry maglumat berip, olara garşy çäre gördürmegi hem başarýardylar.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistanda saglyk pudagy şeýle agyr ýagdaýda bolsa, bu ýagdaýdan basymrak çykmak, basymrak has taýýarlykly kadrlary ýetişdirmek hem türkmen saglygy saklaýyş pudagyny hakyky dünýä standartlaryna golaýlatmak üçin gyssagly nämeler edilmeli diýip pikir edýärsiňiz?

Türkmen professory: Bir zady döwmek ýa ýykmak ýasamakdan we gurmakdan has aňsat bolýar. Türkmenistanyň saglyk pudagy aňsatlyk bilen ýykyldy, ýöne ony on ýyldan gowrak wagtyň içinde ýykdylar. Emma ony dikeltmek üçin, häzirki döwrebap derejä ýetirmek üçin köp wagt, köp serişde gerek. Sebäbi kadr ýetişdirmek köp wagt alýar. O meseleleri hiç kim gysga wagt içinde çözüp bilmez. Ýöne türkmen häkimiýetleri bir zady boýun alyp, halkara jemgyýetçiligine ýüz tutsa, saglyk meselesinde emele gelen ýagdaýy hemmetaraplaýyn öwrenmäge, keselçilikleri hasaba almaga, näsaglary bejermäge bize kömek ediň diýip ýüzlense, «Serhetsiz lukmanlar» ýaly guramalar Türkmenistana gaýdyp gelip, türkmen lukmanlaryna praktiki kömek berseler, kadrlary ýokaryk çekip, olara dünýäniň saglyk pudagyndaky tejribelerini öwretseler, onda bolar. Emma bu zatlary etmek üçinem erk gerek, halkyň saglygy üçin jany agyrýan ýolbaşçy bolmak gerek. Emma nebsimiz agyrsa-da, Türkmenistanyň halky bu meselede şowsuzlyga uçrady.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, Türkmenistandaky hakyky iş bilýän lukmanlaryň bu ýagdaýa etirip biljek täsiri barmy?

Türkmen professory: Elbetde, olar öz tejribelerini peýdalanyp, halka elden gelen kömeklerini berip bilerler, ýöne problemany çözüp bilmezler. Sebäbi häzirki wagtda medisina tehnologiýasy, ylmy örän çalt ösýär. Türkmen lukmanlary bolsa, maglumat üçin ýapyk ýurtda bolanlary üçin köp meselede yza galdylar. Emma şol lukmanlardan hem peýdalanylsa we gapdaly bilen halkara jemgyýetçiliginiň kömegi alynsa, onda ýykylan saglyk pudagyny bahymrak dikeldip bolar. Ýogsam, Türkmenistanda täze gurulýan saglyk binalary, hassahanalar hem bar, olarda täze, döwrebap esbaplar hem goýulýar, emma şol enjamlary özleşdirmek, işletmek üçin hem ýeterlik spesialist ýok. Eger bu meselä çynlakaý ýapyşylmasa, häzir halka edilýän saglyk hyzmatynyň ýagdaýy erbet. Derman üpjünçiligi bolsa ondan hem erbet.
XS
SM
MD
LG