Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Kommentariýa

“Altyn Amnistiýa” umyt bilen garaşylýar

12.03.2010

Staliniň duýdansyz ölüminden soňky Soýuzyň ilkinji ýyllary bilen Nyýazowyň garaşylmadyk ölüminden soňky Türkmenistandaky ýagdaýlaryň arasynda köp aspektler boýunça baglanşygy görmek bolýar.

SSSR-de uzak wagtlap we Türkmenistanda Nyýazowyň 20 ýyldan gowrak dowam eden diktaturasyndan soňra başdan geçirilen adalatsyzlyklary düzetmek prosesi başlandy. Ilkinji nobatda bolsa, repressiýalaryň pidalary bilen bagly adalatsyzlyklaryň öňüni almak barada alada edilip ugraldy.

“Arassalanyşyk”

Agzalan diktatorlar diri wagty adamlar ne Stalinden ne-de Nyýazowdan ýagşylyga garaşypdylar. Emma hemmeler haýsy-da bolsa bir gudrata garaşypdylar.

1953-nji ýylda Stalin öldi we azatlykdaky, tussaghanalardaky, lagerlerdäki millionlarça adamlar ýeke-täk umyt – erkinlik arzuwy bilen ýaşady. Stalinden soňky ilkinji üç ýylda meşhur 20-nji gurultaýa çenli bu umyt hasyl bolup ugrady.

Netijede millionlarça tussaglar lagerlerden çykdy. Ägirt uly türme bolan SSSR-de Staliniň pidalaryny aklamak boýunça giň kompaniýa amala aşyryldy.

Hut häzir türkmenleriň köpüsi şeýle umyt bilen ýaşaýar. Nyýazow 2002-nji ýylda özüne syýasy garşydaş hasaplan adamlarynyň arasynda “arassalanyşyk” geçirdi. Netijede, diňe oppozisiýanyň liderleri däl-de, olaryň hossarlaryna, dostlaryna, tanyş-bilişlerine we dostlarynyň dostlaryna hem azar berildi. Hiç kime rehim edilmedi.

Iň esasy zat bolsa, terror diýilýän wakanyň pidalary daşky dünýä bilen hiç bir gatnaşyksyz, ýurtdaky iň ýapyk türmelerde dereksiz ýitdiler. Hut şeýle ýagdaýlar 1930-njy ýyllarda Stalin döwründäki “arassalanyşykda” hem bolupdy. Nyýazowyň “arassalanyşygynyň” esasy pidalary barada henize çenli hiç kim hiç zat bilmeýär.

Eýsem, olar türmede ilkinji günlerde ýalňyzlykda öläýdimikäler? Edil Staliniň pidalary ýaly Nyýazowyň pidalaryndan hem habar-hatyr ýok.

9-njy maýa garşýarlar

2006-njy ýylda Nyýazow aradan çykandan soňra, şol pidalarda we olaryň hossarlarynda ýagşy umyt döredi. Haçanda täze prezident Nyýazowyň kararlaryny ýatyryp başlanda, bu umyt hasam güýçlendi.

Türkmenleriň köpçüligi Berdimuhamedowyň merhum diktator Nyýazowyň geçmişine etjek esasy zarbasyna, onuň terrorynyň pidalaryny türmeden boşatmagyna biregne üç ýyl bäri garaşýarlar. Bu umyt soňky aýlarda we hepdelerde hasam güýjedi.

Prezidentiň oppozision partiýalary döretmek baradaky açyk çykyş etmegi hem ýöne ýerden däl bolsa gerek. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky iň ýapyk gurluş bolan türmelere jemgyýetçilgiň gözegçiligini girizmek baradaky çykyşy-da umyt uçgunlaryny köpeltdi.

Ýurduň habar serişdelerinde gowy maglumatlar köp. Emma türmeler barada gazetler ýazmaýarlar, telewideniýede çekişmeler gurnalmaýar. Ol barada diňe tussaglaryň hossarlary biri-biri bilen pyşyrdaşyp gürrüň edýärler.

Türmede oturanlar bolsa, prezidentiň aýgytly kararynyň ýakynlaşýandygy barada gürrüň edýärler. Muny eýýäm “Altyn Amnistiýa” diýip atlandyryp başladylar. Aýtmaklaryna görä, ýüzlerçe adamynyň begenjinden gözýaş etjek bu gününi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowýň Beýik ýeňşiň 65 ýyllygyna gabatlap, 9-njy maýda yglan etmegi mümkin.

Eger-de bu Günä geçişlik bolaýsa, onda ýeňşiň şeýle gününi halkyň hiç mahal unutmajakdygyna şübhe ýok.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Türkmen Ogly nireden: Maru-Şahu-Jahan
12.03.2010 20:20
Nesip bolsa hossarlaryndan jyda düşen tussaglar we bigüna adamlar BeyikYenişin 65-yyllygynda maşgala ojaklaryna we dogan-garyndaşlaryna gowuşyp azatlyga çykarlar (Güna geçişlik, Amnistiya, Erkinlik) we doly aklanarlar diyip Bütün Türkmen Halky umyt we arzuw edyar. Hemem mundan beylak beyle yaramaz zatlar bolmaz, diktatorlyk we zulum bilen dal-de, hemme zat Kanun, Hukuk we Konstitusiya boyunça durmuşa geçiriler diyip arzuw edyas. Adalatyn, Galkynyşyn, Ösüşin, Asudalygyn, Parahatçylygyn we Türkmen Halkynyn Agzybir hem Eşretli günlerinin hatyrasyna hemme zat gowy bolar diyip umyt edyas. Türkmen Ogly Mary.

kimden: Bilermen nireden: Yer shari
13.03.2010 02:06
Agzyndan huday esitsin gardash Narodetski, kim bilya ya nesip diyip oturibererisda! BU diyilyan zatlar cin bolup ciksa, kop adam dogurdanam begener. Prezident hem nace alkislara eye bolar.

kimden: mert nireden: istanbul
13.03.2010 17:04
Ildeshler menem sizin dileglerinize goshulyan! Narodetskiy agam koprak sheyle umutly makalalary yaz. Seni dinleyanler we bashlyklar kop minnetdardyr bu makalana. Tusssaglar barada ha sozem yok.Ya nesip prezidentin bular yaly munlerce ynsanlaryn Alkysyny aljakdygyna juda ynanasym gelyar! Gayrat edin bu zatlara bireyyam wagt yetdi! Halkymyz umytly garashyar!

kimden: Robinson nireden: Ada
16.03.2010 11:55
Oran gowy habar yone gynansakda turmeden chykyanlar koplenc bay mashgalalang tussaglary bolyar. Kim kop para berse sholary chykaryalar. Bardede hak adalat yok. Garyp adam nache oturmaly bolsa chekyar yone bay mashgalasy bolanlara hezillik.
Her bir turkmene halallyk gerek. Eger turmeden chykyan adam hallallygy ogrenmedik bolsa ony tussaglykdan boshatmak bimany bolarmyka diyyan. Harama owrenshen adam jemgiyete chyksada bilyanini eder.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS