Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Syýasat

Türkmenistan we Ysraýyl dialogy giňeltmekçi

12.03.2010

Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletara dialogy we parlament gatnaşyklaryny aktiwleşdirmekçi. Bu barada 9-njy martda Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemi Tsur Aşgabada öz saparynyň dowamynda türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen bolan gepleşikde mälim etdi.

9-njy martda Aşgabatda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa we Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygryýarly ilçisi Şemi Tsuryň arasynda bolan duşuşykda ýurtlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň aktiwleşmegi “iki ýurduň we halklaryň arasynda dostlukly we hyzmatadaşlykly adaty gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin gaýragoýulmasyz faktor” hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýlupdy.

Türkemenistanyň Ýsraýyldaky ilkinji Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolan Nurmuhammet Hanamow Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň, adatça, umumy häsiýete eýe bolanlygyny belledi we häzirki wagtda ýurtlaryň parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge bildirýän islegine pozitiw ädim hökmünde baha berdi.

Mejlis Knessetden nämeleri öwrenip biler?

N.Hanamow hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň türkmen Mejlisiniň daşary ýurt tejribesinden peýdalanmak, onuň ýokardan berilýän gözkezmeleri ýerine ýetirýän “jübi parlamenti” bolman, öz wezipelerini we ygytyýarlyklaryny doly berjaý etmek ukybyna bagly boljakdygyny belledi.

Postsowet döwletleri boýunça analitik Aleksandr Narodetski Ysraýylyň parlamenti bolan Knessetiň türkmen Mejlisi üçin peýdaly bolup biljek tejribeleriniň biri onuň güýçli oppozision rolundan ybaratdygyny belleýär.

Bilermeniň pikirine görä, ýakynda prezident G.Berdimuhamedowyň ýurtda oppozision hereketleri döretmek barada eden çykyşy bilen baglylykda Ysraýylyň parlamentiniň oppozision tejribeleri Türkmenistana peýdaly bolup biler.

Knesset Ysraýyl döwletiniň erkin saýlawlar esasynda düzülýän parlamenti bolup, ýurtda bar bolan ähli syýasy garaýyşlara wekilçilik edýär. Ýurduň kanun çykaryjy organy hökmünde onuň kanunçylyk döredijiligine aýratyn ygtyýarlylygy bar diýip, Ysraýylyň parlamentiniň resmi internet saýtynda aýdylýar.

Ysraýylyň parlamenti saýlaw organydyr. Knesset her ýedi ýyldan ýurduň prezidentini we Döwlet gözegçisini saýlaýar.

Knessetiň wezipeleriniň ýene biri hökümete gözegçilik etmekden ybarat. Ysraýylyň hökümetiniň agzalary, ýagny ministrler we ministleriň orunbasarlary parlamentiň agzalary bolup durýarlar. Hökümetiň goldaýan islendik kanuny parlament tarapyndan tassyklanmaly.

Ysraýylyň parlamentiniň resmi internet saýtynda Knessetiň örän çäkli bolsa-da, suda degişli käbir wezipeleriniň hem bardygy aýdylýar. Maglumata görä, Knesset deputatlaryň eldegrilmesizlik statusyny ýatyrmaga, prezidenti, Döwlet gözegçisini we premýer-ministri wezipesinden çetleşdirmäge ukyply.

Hyzmatdaşlyk üçin perspektiwaly ugurlar

Türkmen resmileriniň Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemi Tsur bilen geçiren gepleşiklerinde ýurtlaryň partnýorlygy üçin perspektiwaly ugurlaryň arasynda söwda-ykdysady we gumanitar meseleler boýunça pikir alyşylanlygy türkmen metbugatynda aýdyldy. Ysraýylyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, hökümetde, Oba hojalyk, Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrliginde duşuşyk geçirdi.

Aleksandr Narodetskiniň pikirine görä, Ysraýylyň oba hojalyk, suwaryş we şol sanda çöllük şertlerine degişli tehnologiýalar boýunça baý tejribeleri hem Türkmenistan üçin peýdaly bolup biler.

Moskwada ýerleşýän Ysraýyly öwreniş institutynyň bilermeni Ýewgeniý Satanowskiý Ysraýylyň Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen geosyýasy we ykdysady sebäplerden gatnaşyklary güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýänligini belledi. Hususan-da, Satanowskiý Türkmenistanyň Eýran bilen serhetdeş döwletliginiň hem-de ýurduň nebit-gaz baýlyklarynyň muňa sebäp bolýanlygyny öňe sürdi.

Ekspertiň pikirine görä, Ysraýyl Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda Günbatar döwletleriniň öňe sürýän demokratik şertlerini talap etmezden, öz bähbitlerine görä, öňdengörüjilikli pragmatik syýasaty alyp barmaga taýýardygyny görkezýär.

“Eger Türkmenistan daşky dünýä, şol sanda Günbatara tarap, täze tehnologiýalara tarap ýol gözleýän bolsa, Ysraýyl bu ugurdan köp döwletler üçin özboluşly köpri hökmünde hereket edýän döwletdir” diýip, Ýewgeniý Satanowskiý Azatlyk Radiosyna aýtdy.

N.Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistandyr Ysraýylyň arasynda pudagara derejesinde daşary gatnaşyklaryň ösüşi üçin Türkmenistanyň döwlet institulary tarapyndan inisiatiwaly, aktiw we özbaşdak hereket edilmeli. “Döwlet organlarynyň daşary hyzmatdaşlygynyň formal häsiýete eýe bolmazlygy üçin olara erkinlik berilmeli”.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 15 ýyla golaý wagt geçse-de, bu ýurtlaryň özara ilçihanalary ýok.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: gurban
12.03.2010 11:20
+0 / -0
-Bu sahypada Reuven Dinel barada yazgy gorup bilmezlik men i hayran galdyrdy. Ysrayil bilen Turkmenistan meselesi ara alnanda, bu adamyn ady gecmanligi habaryn yikgin edyan tarapy barada, ya-da okyjyny haysam bolsa bir tarapa ugrukdyrmaga synanysyanlygy barada guman doredyar. Reuven Dinel, onki mossad icalysy bolup, Turkmenistana ilci saylanan adam. Yone Turkmen hokumeti kabul etmeyar. Bu adam Orsyetde 1996 yilda Orslar tarapyndan ele gecirilyar. Liebermanyn hem yakin adamy hasapnlanyan Reuven Dinel, Orta Aziyanyn gobegine ilci bolmak arzuwy amala asmady.

kimden: aman nireden: ewropa
12.03.2010 14:12
+0 / -0
Dünyade görewde alynyp bilinjek bashga yurt galmadymy?
Edil shol gatnashyljak döwletler yaly boljak bolsa Türkmenistan ön bilen öz rayatlaryna eye chykmagy basharmaly,Dashary yurtda Türkmen Diasporasyny gurmaly ve güychlendirmeli.Biz Türkmenistan rayatlary yurdyn icnde bolshy yaly ,yurdyn dashynda hem öz hakymyzy alyp bilmeyäris.Meselem in yönekey mysal:Ilchihanamyzdan passport alyp bilemzok.Barmy sehyle bir Türkmenistan ilchihanasy,öz rayatyna passport beryän? ya-da soragy sheyle soralyn: Barmy bashga bir döwletin ilchihanasy öz rayatyny passportsyz,dokumentsiz dashary yurtda goysun?Türkmenler yurdyn ichinde bolshy yaly yaranjanlyk siyasatyny goymaly,den haklylyk,türkmenistan bähbitleri yali zatlar öne cykarylmaly.Türkmenler hemishe bir zatlary ögrenyän däl,eysem ögredyän halk bolmaly.Sonam Ysrailin politikasyna gaty gowy üns bermek gerek.Olar Lebap ve Dashoguz welayatlarynda yashayan käbir halklarymyzy yitirlen yahudi taypasy diyip hasaplayarlar.Ysrail bir wagtlar kürtleri,türkieyede yashayan käbir milletleri hem yitirilen yahudiler diyip hasapladylar ve shol teretorialarda näme bolyandygyna dünyä shayat.Eger Türkmenistan shular yaly ich problemalar islemeyän bolsa,onda dostyny dushmanyny gowy tanamaly.Her önüne gelen yurtdan sapak alyp yörese bilyän yoluny hem yitirer.

kimden: Watansöyer nireden: Maru-Şahu-Jahan
12.03.2010 20:04
+0 / -0
Ysrayyl bilen özara bahbitli hyzmatdaşlyk we demokratik reformalar gaty möhüm Yöne bu Döwlet adaty, obiçniy Döwlet dal. (..................) Gaty öndengörüji, öz peydasyna we mekir politikalary bar.(....................). Şon üçin Türkmenistan bu Yurt bilen syyasy gatnaşyklarynda gaty akylly, oylanşykly we seresaply hereket etmeli. Gaty hazir bolmaly. Ysrayyl Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleyan bolsa munyn anyrsynda gaty mekir syyasat yatandyr. Munyn anyrsynda Eyrana gonşy bolmagy, nebite-gaza bay Yurt bolmagy we geo-syyasy yagday yaly onlarça sebap bar. Şon üçin Türkmenistan we Türkmen Yolbaşçylar bu babatda gaty serasaply bolmaly. Gaty hazir bolmaly, atyljak her bir adime üns bermeli. Türkmenistanyn we Türkmen halkynyn eşretli durmuşy we milli bahbitlerinin hatyrasyna gaty seresaply, akylly we oylanşykly hereket etmeli. WATANSÖYER - MARY.

kimden: ahmet nireden: usa
12.03.2010 20:18
+0 / -0
men yene bir zady bellemekchi.su yoldash N.Hanamov ilchi bolup ishlän wagty Türkmen talyplaryna haysy göz b-n garadygyny biz bilyäris.Shular yaly adamlar türkmenistanda yolbahschy bolyarlar,Halkdan uzak,dine öz bähbidini gözleyän adamlar. Israil b.n gatnashmak hem shuna menzesh yolbashchylaryn bähbidi üchin amatly bolar.Yogsam bular yaly gatnashyk Türkmenistanyn bähbidi üchin gowy bolup bilmez!!!

kimden: Azat nireden: Yewropa
12.03.2010 21:00
+0 / -0
Yazylan teswirlere sanzura etmeginiz gaty yalnyş. Söz we metbugat azatlygy we pikir-düşünjeleri beyan etme erkinligine çaklendirme girizmek Azatlyk yaly abrayly we halkara metbugat kada-düzgünlerini yörelge edinen bir Radya we Habarlar Gullugyna gelişenok. Ya Azatlygyn Türkmen Gullugynyn işgarleri bu söz we metbugat azatlygynyn halkara kada-kanunlaryny doly bilenoklarmyka? Onsonam menin yazan teswirimde yekeje-de payyş söz, ya-da haysy-da bolsa bir etniki milleti günakarleyan yekeje-de adam haklary we mertebesine hormatsyzlyk yokdy ahyry Bizem ol düzgünleri bilyas, şona göra yazyas we bizde-de (....... bolsa Hudayyn yaradan adamsyna azajygam bolsa söygi bar. Hayiş edyan bu erkin düşünjelere sanzura we özbaşdak pikirdir-garayyşlara çaklendirme girizmek tutumynyzy düşündürayin-da? Sebabi bu demokrasiya adam haklary we söz-metbugat azatlygy bilen düybünden bagdaşmayar. Hoş. Sagbolun. Köpsalam bilen AZAT.
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
19.03.2010 16:09
+0 / -0
Menem goshulyan, dogry aydyan.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil