Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Ýaşlar

Gaitili çagalar Awazada dynç alarlar

11.03.2010

Ýakyn wagtlarda Gaitide ýer yrandy we müňlerçe adam heläk boldy. Çagalar hem köp ejir çekdiler. Türkmenistan şu wagta çenli Gaitä ynsanpwerwerlik kömegi hökmünde 500 müň amerikan dollaryny iberdi.

Prezident Gurbanguly Berimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gaitili çagalaryň Awazada dynç almagy boýunça şertleriň döredilmegi barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Türkmenistanly çagalaryň hem tomusky dynç alyşy ýetip gelýär. Eýsem olaryň dynç almaklary üçin mümkinçilikler ýeterlikmi?

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda türkmen prezidentiniň ýurtdaky demokratiýany we tussaglaryň ýagdaýyna jemgyýetçiligiň gözegçiligini güýçlendirmek baradaky çykyşy hem-de ýaş gyzlaryň kontrabandasyna garşy göreşde Täjigistanyň tejribeleri barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Atsyz
11.03.2010 22:48
бул говы зат ахырын
Muňa jogap

kimden: Unknown
12.03.2010 18:15
Erbet diymandirlera yashuly.

kimden: Atsyz
12.03.2010 19:19
"Eyesine gerek bolsa gonshysyna haram"diyipdirler.Bu dine dashary yurtlara gorkezish (yagny risovko)diysem yalnyshmaryn.Eysem bizin bazarlarymyzda araba bilen yuk dashayan yada otellerin (ak altyn) onunde mashyn yuwyan chagalarymyz avazada dynch almana minasip dalmi.Yogsada 500.000 dollar prezidentin oz pulumy yada dowletin oz bolsa oncha pulu nireden bolya,dowletinki onyn nahili haky bar halkyn agzyndan kesip bermage.Beyle insanperwer bolyan bolsa Kerkukdaki dogan gardashlarymtza komek etsin,ay bolyada "bash bolmasa gowre lash"diyleni

kimden: adszy nireden: Eoropa
12.03.2010 23:14
Gaitili chagalar bedbagtchylyga uchradylar. olara kömek etmek gowy.
bu dogyrdanam turkmenlere abray. yone turkmenistan gonshulardaki turkmenlere meselem awgan turkmenlerine hem komek edse gowy bolardy.
belkem gaitidan sonra bu komekleri edsin.

kimden: gena nireden: tanzaniya
14.03.2010 22:52
Oz halky ach, Hemde haiti komek eden bolyarlar. Eger huday saklasyn bizin bashymyza gelen bolsa, Haiti Turkmenistan sozunin T harpynam tutmaz. Komek anada dursyn, bu haysy yurt, mena bilemok diyer durar. Ozumiz komege matach, bizinkiler bolsa ile gujak achyp otyrlar.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS