Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Jemgyýet

Türkmen forsažy

09.03.2010

Soňky bäş-alty ýyllykda Türkmenistanda maşynlaryň sany juda artdy. Ýurduň paýtagty Aşgabatda maşynyň köplügi has-da bildirýär. Irden sagat sekiz bilen onuň, öýlän sagat bäş bilen sekiziň aralygynda paýtagtyň köçelerinde maşynlaryň hereketinden ýaňa şäheriň esasy köçelerinde ulaglaryň dykynlary emele gelýär.

Maşynlaryň köpelmeginiň esasy sebäbi ýurda ozal ulanylan köne maşynlaryň juda kän getirilmegi bilen baglydyr. Türkmenistana, esasan, «Toýota», «Opel», BMW awtoulaglarynyň ozal ulanylanlary getirilýär. Bu awtoulaglaryň elýeterli bolmagy ýurduň ýaşaýjylarynda olara bolan islegi gün geldigiçe artdyrýar.

Daşary ýurduň awtoulaglaryndan başga, sowet döwründen galan köne «Žiguli» markalaryna hem islegler uly. Sowet döwrüniň könelişen «Žiguli» markalaryna paýtagtyň käbir ýaşlary hem höwes bildirýärler. Olar sowet döwrüniň maşynlaryny ozalky eýelerinden arzan baha satyn alýarlar. Bu awtoulaglara ýaşlaryň isleg bildirmeginiň öz sebäbi bar.

«Žiguli» awtoulaglary beýleki maşynlara garanyňda juda arzan. 1970-1980-nji ýyllarda öndürilen bu maşynlaryň bahasy ortaça 1500-2000 amerikan dollar töweregi bahalandyrylýar. Ýaşlar bu awtoulaglary satyn alyp, düýpli abatlaýyş bejergilerini geçirýärler. Gymmat bahaly ses gataldyjylary oturdyp, ulagyň daşynyň reňkini bolsa düýpgöter başga reňke boýadýarlar. Üç müň dollar töwereginde remont işleri geçirilýän bu awtoulaglar şeýle bir modernleşýär welin, Döwlet ýol gözegçilik gullugynda tehniki gözegçilikden geçirilişde ol awtoulaglar dawa-jenjeliň öýjügine öwrülýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tanalmaz derejede modernleşdirilen bu maşynlary tehniki gözegçilikden geçirmeklige garşy bolýarlar. Ýöne şonda-da, ýaşlar olaryň dillerini tapmagy başarýarlar.

«Žiguli» awtoulaglarynyň şeýle derejede modernizasiýalaşdyrylmagynyň sebäpleriniň biri paýtagtyň ýaşlarynyň arasynda özara awtoýaryşlara gatnaşmak höwesiniň artmagy bilen hem baglydyr. Bu ýaryşyň owazasy hasam soňky bir ýylyň dowamynda artdy. Ýaşlar, esasan, «Žiguli» awtoulaglaryny modernleşdirip, gije sagat on ikiden soň öz aralarynda ýaryş gurap, bäsleşýärler.

«Žiguli» markasynyň ýedinji goýberilişi ýaşlaryň arasynda has hem meşhurdyr. Özi hem bu markanyň ak reňki. Mundan başga-da «Žiguliniň» «dokuzynjy» we «togsan dokuzynjy» diýlip atlandyrylýan markalaryna ýaşlaryň arasynda gyzyklanma uly.

Howply ýaryş


«Türkmen forsažy» diýip at alan bu ýaryş ilki paýtagtyň etegindäki Berzeňňi raýonynyň töwereginde, Arçabil şaýolunyň ugrunda geçirilip ugraldy. Bu ýaryşa esasan, «Žiguli» awtoulaglarynda gatnaşylýar. Sebäbi bu markalaryň bahasy beýleki awtoulaglaryň markalaryndan has elýeterli. Onsoňam, bäsleşikde ulaga zeper ýetäýende-de, çykdajysy beýle çökder bolanok. Ýaryşlara «Žiguli» markalaryndan başga markalaryň hem gatnaşýandyklaryny aýtmak gerek. Ýöne «türkmen forsažynda» ýaryşlar her markalaryň öz aralarynda geçirilýär.

Berzeňňi raýonyndaky köçelerdäki geçen ýaryşlaryň birinde awtoulaglaryň agdarylyp, heläkçiligiň ýüze çykmagy sebäpli, bu ýaryş paýtagtyň gaýra raýonlaryna geçdi.

Gije sagat on ikiden soň, paýtagtyň gaýrasyndaky «Mir», «Sewernyý» köçelerine awtoýaryşlara gatnaşmak üçin ýaşlaryň bir topary ýygnanýar. Ýaryşyň ýeňijilerine baýrak hem goýulýar. Ýaşlaryň arasyndaky bu awtoýaryş dürli bäsleşikde geçirilýär. Ýary gijeden soň maşynlaryň selçeňleşýän köçelerinde ýaşlar kim birinji gelmeşek ýaryşyndan başga-da, kim döwlet ýol gözegçilik gullugyny yzyna köp düşürip, olardan ujyz sypmak boýunça-da bäsleşýärler.

Bu awtoýaryşlaryň aňyrsynda gaty täsirli kişiniň durandygyny paýtagtyň ýaşaýjylary aýdýarlar. Şonuň üçin paýtagtyň gaýra raýonynda geçýän «türkmen forsažyna» gatnaýaşýan awtosöýüjilere döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri-de seresabrak çemeleşýärler. Dogrusy, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bu ýaryşlara gözlerini ýumýarlar. Olar tizligi sagatda 140-160 kilometrde şuwlap geçýän awtoulaglary saklajak hem bolmaýarlar.

Bu ýaryşa gatnaşýan bir ýigidiň döwlet ýol gözegçilik gullugynyň deňinde saklanyp, oňa: «Agam, gaýrat et-de, meni kowalaý-da, ýogsa men utulýan» diýip ýalbarýanyny paýtagtyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Gayrat
10.03.2010 14:27
Bir topar işziz-da. Maladys oglanlar basywerin. Maşyn çapmaşak oynan. Gumman jajek oynan. At çapyşyk oynan. Garaz Hezil edip göwün solpynyzdan çykyn-da. Watan, il-yurt bahbitli möhüm meselelerem sizin yerinize Hramow, Garryyew, Zadan dagylar çözer-da. Öni-sony yurdy hem Prezidenti önden bari hezil edip ellerinde oynap otyrlar-a gupbaly Köşkün 5-6 sany men diyen piyadalary Türkmen halkam şol önki ykbalyna kayyl bolup basylyp, ezilip, asgerilman yörmegine dowam etsin. Öz ykbalyny özi kesgitlejek döwrem gelman geçer.

kimden: Ashgabatly
10.03.2010 17:32
Yashulynyn yegeni Shammy gurnayar, yash oglan, ony tanamayan yok, Polisiyada sandyrayar shony gorse...
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
13.03.2010 18:04
Shu prezidente "yashuly" diymansene , shol ady gotermage mynasyp dal shu ! Ulyn hereketi yok munda , cahaga yaly bolup biderek zatlardan at gazanjak bolyar . At chapyar , welosiped suryar , ylgan bolyar , tupen atan bolyar ,tanka minen bolyar , garaz peydaly ish edib-a at gazanan yeri gaty az !!!
Muňa jogap

kimden: Ashgabatly
13.03.2010 21:51
Diyjek, ozumde uly adama, onda-da yurdyn bashynda oturan adama yolbarsam bolsa, Yashuly diyjek! Yaman edepsiz ekenin sena, pikirini normalno dushundirip hem bilenok, onson hem bu forum bashga zat barada baryar.
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
13.03.2010 22:25
haaa , onda sen diyiber ! (........) , senem "yashuly" diy ! Men bardaki tema hakda yazmadym , sana jogap edip yazdym , name gormedinmi ?
Edep-ekram hakda : Men sylaga mynasyp adama yashuly diyyan , her onyeten talancha diyemok !
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
14.03.2010 22:46
Shol Shammy barada bir zatlar aydyn hany?

kimden: TURKMEN nireden: MOSKWA
10.03.2010 17:52
Gayradyn yazyan zatlary dogry, name ucin shol yaslar 3000 dolary masyna chyrshaman okuwa berenoklar, ay Hramow, Zhadan barada bilmeseler name olar, bu yaslar uchin dine 7njini bezap aylansalar bolyarda.

kimden: Robinson nireden: Ada
11.03.2010 15:44
Dykgat bn ideshdirseng kopusi pully ishsiz talyplardyr. Yogsam sada halkyng jubsinde hachan pul bolupdyr beyle yaryshlara gatnashar yali. Ashgabatlyng aydyany ugrunda bardyr. Yogsam (....) bolmasa beyle zada hich wagtam goz yummazlar.

kimden: Kelgapan nireden: Gunorta-Gunbatar Yewropa
13.03.2010 00:53
Bu yashlar halkyn arasynda "chyrajylar" diyip bilinyar. Hakyky, menin tanayanlarymyn kopusi dowlet yokary okuw jaylarynda talyp. Gaygysyz, aladasyz, yenil kelleli diysek hem yalnyshmarys. Kopusi gymmat bahaly jubi telefonly, hepde sony bolsa gije klublarynda. Ashgabatdaky yerli habarchydan hayysh, shol "chyrajylaryn" hem dynch alyshlary barada bir makalachyk yazsa, ep-esli wagtdan bari turkmenistanda bolup gechyanden habarsyz kardeshlerimize "elhench" yagdaylardan aydyp berse, kem hem bolmazdy. Uly minetdar, gowy makala, hakyky durmushdan.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS