Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Türkmenistan

“Nabukkonyň” geljeginiň kesgitlenmegine garaşylýar

09.03.2010

Geçen hepdäniň penşenbe güni Ýewropa Komissiýasy “Nabukko” proýektiniň gurluşygyna 200 million ýewro çykardy. Emma bu pul proýektiň ykbaly boýunça gutarnykly karara gelinýänçä doňduryldy. “Nabukko” proýektiniň geljeginiň şu ýylyň aýagyna çenli kesgitlenmegine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigi şu ýylyň aýagyna çenli “Nabukko” proýektiniň geljegi barada gutarnykly karara geler. Bu barada 4-nji martda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan yglan edildi.

Emma häzirki wagtda kesgitsiz “Nabukko” proýektiniň geljeginiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin 30 ýyllyk gaz söwdasy boýunça strategik ylalaşygyny baglaşmak ukybyna bagly boljagyny, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmisine salgylanyp, Trend habar agentligi ýazýar we Brýusseliň Aşgabat bilen şu ýylyň aprel aýynda şeýle ylalaşygy baglaşmaga umyt edýänligini belleýär.

Başyny “RWE” başlarmyka?

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Tahyr Şirmuhammet Germaniýanyň iri “RWE” kompaniýasynyň hem türkmen tarapy bilen geljekki aýlarda ylalaşyk baglaşmaga taýýarlanýanlygyny nemes metbugatyna salgylanyp, habar berýär. “Eger bu ylalaşyk ýerine ýetirilse, “Nabukko” geçirijisi arkaly Türkmenistanyň gazy hem Ýewropa akdyrylar”.

“Nabukko” proýektine esasy gatnaşyjylaryň biri bolan “RWE” kompaniýasy geçen ýylda Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyk barada baglaşylan Memoranduma laýyklykda häzirki wagtda Hazar deňziniň Türkmenistana degişli boleginiň 23-nji blogunda gözleg-anyklaýyş işlerini geçirýär.

Energiýa meseleleri boýunça rumyniýaly bilermen Dan Susionyň bellemegine görä, “Nabukkonyň” durmuşa geçirilmeginiň öňünde onuň gurluşygy bilen bagly kynçylyklara bar. Olaryň käbiri şulardan ybarat: Orsýetiň “Günorta akym” we “Demirgazyk akym” atly alternatiw proýektleri we Ýewropa Bileleşigine agza döwletler tarapyndan syýasy we maliýe goldawyň kemterligi.

Ýewropa Komissiýasy geçen penşenbe “Nabukkonyň” gurluşygyna 200 million dollar çykarjagyny tassyklady.

Merkezi Aziýa we Hazar regionlaryndan çekiljek we Orsýetiň daşyndan aýlanyp geçjek uzynlygy 3,3 müň kilometrlik “Nabukkonyň” gurluşygyna 7,9 milliard ýewro talap edilýär.

“Nabukkonyň” ykbaly

“Nabukkonyň” ykbaly Türkmenistana garaşly diýen pikirler hem öňe sürülýär. Orsýetiň “Kommersant” gazeti Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen 2008-nji ýylda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Memoranduma gol çekmegine, 2009-njy ýylda “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşylmagyna ünsi çekýär.

Şeýle-de bu neşir Türkmenistanda ynsan hukuklary bilen bagly problemalar çözülmese-de, Brýusseliň Aşgabat bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny baglaşyp, eglişik etmegine garamazdan, “Nabukko” proýektiniň çig mal bilen üpjünçiligi henizem kepillendirilenok diýip belleýär.

Köp ugurly energiýa strategiýasyny yglan edýän we halkara gaz geçiriji proýektlerine gyzyklanma bildirýänligini mälim edýän prezident G.Berdimuhamedow “Nabukko” goşulmak üçin ýurduň mümkinçilikleriniň bardygyny belläpdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan geçen hepdede Aşgabatda özara energiýa hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryny maslahat etdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Moreliň we onuň yz ýany ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýa syýasaty boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň türkmen tarapy bilen gepleşiklerde gozgalan meseleler barada resmi habarlarda umumy maglumat berildi.

Käbir synçylar Türkmenistan bilen Günbatar döwletleriniň arasynda gidýän gepleşikleriň häzirki tapgyrynda energiýa hyzmatdaşlygyna degişli jikme-jik meseleleriň geňeşilýänligini çak edýärler.

Merkezi Aziýa boýunça syýasy bilermen Artýom Ulunýan şeýle meseleleriň arasynda gaz önümçiligine degişli haýsy proýektleriň Ýewropa tarapyndan maliýeleşdirilmegine, önümiň we gaz söwdasynyň girdejileriniň bölünişigine, galyberse-de proýektiň çykdajylarynyň ödelmegine degişli soraglaryň maslahatlaşylýanlygyny çäk edýär.

“Nabukko” – “Demirgazyk Akym”

Energiýa meseleleri boýunça bilermen Dan Susio “Nabukko” proýektiniň geljegi Ýewropa Bileleşiginiň tagallalaryna we inisiatiwalary elden bermezlik ukybyna bagly bolar diýip, pikir edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletlerinde “Nabukko” proýektiniň geljegi barada uly dikussiýalalar gidýär. “Nabukko” goldaw bildirmek bilen deň derejede oňa garşy çykyşlar hem edilýär.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Tahyr Şirmuhammediň sözlerine görä, hususan-da, Germaniýanyň ozalky kansleri Gerhard Şröder Orsýetiň Germaniýa bilen ylalaşygy esasynda “Gazprom” kompaniýasy tarapyndan gurulýan “Demirgazyk akym” proýektini goldap çykyş edýän bolsa, ýurduň öňki kansleri Ýoşka Fişer “Nabukko” goldaw bildirýär.

Ýewropa Komissiýasynyň “Nabukko” proýektine niýetläp çykaran we gutarnykly karara gelinýänçä doňduran pulunyň ÝB “Nabukko” proýektinden el çeken ýagdaýynda Bileleşigiň beýleki proýektlerine gönükdiriljegi geçen hepde habar berildi.

Ýewropany Hazar regiony bilen baglanyşdyrjak we ynamdar gaz partnýory hökmünde abraýy gowşan Orsýetiň daşyndan aýlanyp geçjek “Nabukko” proýekti Ýewropa Bileleşiginiň öz öňünde goýan esasy meselesi bolup galýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Türkmen Ogly
10.03.2010 14:16
Nanukko şeyle dowam etman, has aktiw hereket edilse onda ol durmuşa geçer. Birem makalada aydylyan pikirlerin köpüsine goşulyan, köpüsi gaty dogry zatlar..Esasanam Nabukkonyn ykbalynyn Türkmenistana we onyn eyelejek aktiw pozisiyasyna bagly bolup bolup duryandygy gaty jaydar aydylan zat. Sebabi trilyonlarça metr kub gaz gorlary bilen Türkmenistan esasy gaz üpjün edijilerin biri bolup duryar. Yöne barde asyl möhüm zat baglanyljak şertnamalar, gaz satyan we transit yurtlaryn erk-islegleri we orta goyuljak şertlerin agyrlygy-yada yenilligi meselesi. Birem Yewropa yurtlarynyn her haysy bir pikirde bolman, ortak pikirde, düşünjede bolmagy we agzybir hereket edip, muna maliye we syyasy goldawy bermekleri gaty möhüm faktor bolup duryar. Eger YB hakykatdanam Nabukko proyektini durmuşa geçirmek isleyan bolsa. Yogsa bu proyekt dine kagyz yüzünde galar, iş yüzünde doly amala aşmaz. Galannnam name wagt görkezer-da. Türkmenistanyn-a bu babatda yitiryan ullakan zady yok. Orsyet, Hytay, Eyran bilen uzakmöhletleyin gaz şertnamalary baglaşyp, işi belli bir dereje garantiya aldy, hyrydarlar ulgamyny ösdürdi we alternatiw tranzit çeşmelerine gowuşdy. Asyl bu meselede kelle döwmeli we aktiw hereket etmeli tarap bolsa Yewropa Birligi, birem Türkiye, Germaniya, Awstriya yaly bu proyekti doly goldayan yurtlar.

kimden: adalat nireden: türkiye
15.03.2010 19:53
Nabukko proyekti dine proyekt bolup galmasa gowy bolardy.sebabi bu proyekt az hem bolsa tmtanyn russiya baglylygyny azaldyar
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS