Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Halkara

Türkiýäniň harbylaryna görkezilýän gysyş artdyryldy

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül (ortada), premýer ministr Rejep Taýyp Ärdogan (çepde) we ýurduň harby ýolbaşçysy general Ilker Başbug Ankarada duşuşýar, 25-nji fewral, 2010-njy ýyl.
27.02.2010

25-nji fewralda ýokary derejeli sekiz harby ýolbaşçynyň garşysyna yslamçylyga esaslanýan hökümeti agdarmaga synanyşanlykda resmi taýdan günä bildirilmegi Türkiýäniň harbylaryna görkezilýän gysyşy artdyrdy.

Häzir döwlet ardarlyşygy baradaky plan bilen baglanyşykly garşysyna resmi taýdan günä bildirilen harbylayň sany 20 töweregi. Bularyň ikisi general, bäşisi admiral.

Harby ýolbaşçylaryň beýle gysyş astyna alynmagy, ozal bir analizçiniň belleýşi ýaly, ýurdy hökümet bilen ýaragly güýçleriň arasynda turmagy mümkin güýçli çaknyşyga tarap ýene bir ädim ilerletdi. Ol şol bir wagtyň özünde-de bu işleriň aňyrsynda näme zatlaryň ýatandygy baradaky soraglaryň gaýtadan orta atylmagyna getirdi.

Derňewçiler "Adalat we Galkynyş partiýasy" 2002-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri ony agdarmak üçin düzülen ençeme planyň üstüni açandyklaryny aýdýarlar.

Üstümizdäki hepde 50 sany harby ýolbaşçynyň tutulmagyndan öň-de 400-den gowrak adam tutuldy. Bularyň arasynda generallar, alymlar, žurnalistler, ýazyjylar we adwokatlar-da bar. Gümürtik "Ergenekon topary" bilen baglanyşdyrylýan bu adamlaryň hemmesi-de dünýewi pikirli adamlar.

Türkiýäniň howpsuzlyk işleri boýunça spesialist Gareth Jenkinsiň pikriçe, "Ergenekon" ýaragly güýçleriň elinden güýji bikanun almak üçin bir tutaryk.

Ugur hanjak?

“Biziň iki ýyl bäri görýänimiz iki awtoritar güýçleriň arasynda häkimiýet ugrunda barýan göreş. Bu demokratlar bilen antidemokratlar arasyndaky göreş däl. Bular iki sany awtoritar güýç. "Adalat we Galkynyş partiýasy" barada hem görülýäni – onuň geçen iki ýyllykda barha awtoritarlaşanlygy” diýip, Jenkins aýdýar.

Stambul Uniwersitetinde syýasy bilimler boýunça spesialist Nuraý Merdiň garaşyça, ugur bir-partiýalylyga tarap barýar: “Bu hökümetiň ýörelgesiniň aňsatlyk bilen bir partiýaly sistema ýa-da awtoritarçylygyň şolar ýaly başga bir görnüşine ýazmagy mümkin. Munuň alamatlary bar. Bu hökümet we häkimiýet başyndaky partiýanyň syýasatçylary hiç bir tankydy kabul edip bilenok. Olar tankydy ýaman görüp, özlerine tankydy garaýanlary gysyş astyna alýarlar”.

Bir partiýalylyk pikirine tanymal türk artisti, oppozision "Respublikan halk partiýasynyň" ýolbaşçy agzasy Bedri Baýkam-da goşulýar: “Gynansak-da, jenap Ärdogan demokratiýanyň gowşak taraplaryndan peýdalanyp, demokratiýadan dynjak bolýar. Onuň barýan ugry ýeke bir partiýalylyga tarap däl. Ol sud häkimiýetlerini öz kontrollygyna almagy, oppozision metbugaty dymdyrmagy-da maksat edinýär. Bu bir gaty ýaramaz ýagdaý”.

Ýöne, käbir bitarap synçylaryň garaýşyça, häkimiýet başyndaky partiýa diktatorçylyk meýilleriniň ýöňkelmegi çişirip aýdylýan zatlar.

"Adalat we Galkynyş partiýasynyň" hökümetiniň awtoritarçylyga ýykgyn edýän mahallary ýok däl. Ýöne gurluş taýdan welin, ugur esasan demokratiýa tarap" diýip, Stambulyň Bahçeşehir Uniwersitetiniň professory Jengiz Aktar belleýär.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Myrat nireden: Aşgabat
27.02.2010 00:23
+0 / -0
Hany RFL bitarapdy? Hic bir metbugat serişdesi bitarap bolup bilmez. ol hokman bir taraby tutyandyr. Bu habary yazyş stiliniz hem muny aydyn gorkezyar. Oppozisiya hakynda kop yazyp, hokumeti godayan pikirlere iki stir yer beripsiniz. Alyp barylyan işler Turkiye demokratiyasynyn ösüşü üçin zerarly. Türkiyede boş ideologiya bar. Eger harbylan edyan işleri demokratiya bolsa beyle demokratiyan icine (....). Adam oldurip bikanun orgonizasiya gurmagyn name demokratiya.

kimden: Gadyr
27.02.2010 19:34
+0 / -0
Hakykatdanam name üçin awtor Hökümet tarapyndan yekeje adamyn hem bu temadaky pikirini almandyr? Gaty manyly yagday. Garaşsyz hem saglykly yazgy beyle bolmaly dal.

kimden: Merdan
27.02.2010 19:40
+0 / -0
Onsonam yöne yslamçylar, dinçiler diyilip durmagy adam haklary we din azatlygy bilenem bagdaşmayar. RFL hakykatdanam öz eyeryan prinsiplerini doly berjay edyan bolsa beyle hil taydan pes we dine belli başly adamlaryn pikirlerini referans almaly dal. Ol hemme tarapyn pikirini den derejede alyp wakalry şona göra dogry analiz etmeli.

kimden: Sadap
27.02.2010 19:49
+0 / -0
Eyse bu demokratlar bilen antidemokratlar arasynda göreş dal-de nameka? TV-lerde, gazyetlerde çykan dokumental-niy habarlara bir seretmeli eken awtor. Metjit bombalap we bigüna adamlary öldürip, yurtda başagaylyk döredip hakimiyeti eyelemek eyse antidemokratlyk dal-de name? Generalam bolsan Prezidentem bolsan Adalatyn, Kanunyn önünde hasap bermeli. Azathabar-dan hil taydan has gowy we düşünje taydan garaşsyz bir makala garaşyardyk dogrusy...

kimden: seth2009 nireden: Praga
28.02.2010 14:21
+0 / -0
RFL-den beyle bir tarapli habar garasamokdim. sizin shun yali dine bir tarapli yazan habariniz beyleki yazjak we yazan habarlarinizada ziyan yetiryar yada yetirer. Jenkins ergeneon diylip agzalyan terror organizasiyasinin inlis aklawjisi. esas fakt we bolup gecyan detalli yazmazdan dine Jenkins-e gora diyip habar yazmak RFL yali gurama ucin gelishmedi ginansakda.
yurdi terrora suyrap ondan sonam izindan "watani dushmandan halas edyan' yalnishliga logoko referans berer yali Jenkins-den bashga adam tapilmadimi?

kimden: Metjit
28.02.2010 15:30
+0 / -0
Makalada esasan ekspertlerin pikirleri berlipdir. Menin pikirimche bu dogry edilen ish. Sebabi hich bir topara goshulmayan garashsyz ekspertler has bitarap bolyar. Bize bitarap pikirler has mohum. Resmi hokumetin adamlary elbetde oz siyasatyny aklajak bolar, hat-da oz siyasatlary yalnysh bolsada. Turkiyede iki yagdayda-da howp bar: Yslama yykgyn edyan Adalat we Galkynysh agalygyny guychlendirse-de howp bar, harbylaryn agalygy guychlense-de howp bar. Denagramlylygy nadip saklajak - ine shu uly sorag bolup dur!

kimden: nazar
01.03.2010 11:49
+0 / -0
Habar serisdelerinin tarpasyz bolsy yaly, siyasi parityalar hem tarapsyz bolmaly, in azyndan seyle hasaplanyar. Turkiyanin Adalat we Galkynys partiyasy(AKP) hem sol tarapsyz partiyalaryn biri hasaplanyar. RFL-nin tarap tutyanyny one sursek, radio isgarlerine yaramaysy yaly, siyasy partiyalara-da dinci ya-da basga bir tarapcy diymek olaryn gownunden turmaz. azathabar.com-yn Turkiye baradaky habarlaryna seretsek, bu mesela cakli perspektiwlerden seredilen makalalary yazylyanyny goryaris. Turkiyedaki yagdayi in onat sekilde, yerli halkyn beryan sesi orta goyyar, her demokratik dowletde bolsy yaly.Turkiyanin gecmisi hem belli. Yone ona herkim seredei gelenn gozzi bilen seredyar. Basga bir makalada aydylsy yaly Turkiyede media ika ayrildi. Biri demokratiyany goldayar, beylekisi bolsa harbylary(agdaryslyk bolsa sag galmak ucin) goldyar. Bu taraplar bellidir. Abdi Ipekcini oluminden son, Wehbi Kocun adamy bolan Aydin Dogana berilen gazet ikinji grupbadan hasaplanyar meselem. Onsonam Turkiyanin 2006-njy yila cenli das guycler tarapyndan dolandyrylyp gelnenligi one surulyar.Adnan Menderesi, Turgut Ozali, Abdi Ipekcini olduren we Turkiye agdaryslyklaryny emele getiren das guyc. Amerikany Yraga, Owganystana, Wietnama sokan, JK-ny olduren das guyc tarapyndan. 2001-nji yilda Amerika saylawlarynda Bush-y prezident eden das guyc tarapyndan. 2006 dan bari Turkiye bu guycden belli bir derejde erkin hereket edyar(etjek bolyar). Turkiyanin Yaragly Guycleri(TSK) bolsa su wagta cenli bu guyc tarapyndan demokrasiya in uly bowetleri goyup geldi. Saylaw bn gelenleri oldurmek bn. Onsonam bu isin icinde metbugat hem bar. M.Balbayi mysal berip bileris. Bular TSK-nyn ulanyan media golyndaky adamlar. Bular wagtynda siyasy adamlary hem ulandylar. Demirel in gowy mysaldyr. Demirel masgalasynyn Karhanasynyn arkasynda durmak ucin Cankayada oturan S.Demirel agdaryslyk wagty gelende bellenisli yaly sapkasyny eline alyp oz yoluna giden adam.Ardogan-a gelsek, Turkiye-de Ozal we Menderesden(Belli derejede Ejewit hem bar) so 3-nji demokratik dowletin adamy hasaplanyar. Edilyan demokratik we ykdysady munlerce amal muna mysaldyr. Elbet-de kemcilikleri hem bar. Ardogan dini dal demokratik reforma edyar. Sebabi Turkiyanin galyn bolegi musulman bolanson, olarynam arkasynda durmaly. Name demokrasiya dinsiz yasamakmy?! Seyle hem AKP halka denligini goramaga calysyar. Bir partiya has hem gowy bolup biler, Premyer ministrem, yone ol Turkiyede yok. Bu yagdayi metbugat hem analitikler hem gormeli. Biguna adam oldurilmeli dal. Eger yalnis yolda gidyan hokumet bolsa, halk saylawda emini bermeli. Harbylar dal. Harbylary goldayan metbugat hem tarapsyz bolup bilmez. Tarapsyz metbugat we Hokumetde adamy bolmadyk bay adamlar demokratik hokumeti goldayarlar.

kimden: nazar
01.03.2010 12:00
+0 / -0
Oppozion metbugata gelsek, olary dymdyrjak bolyan yok. Yone dine tarapsyzlyga we adalatly hakykaty yazmaga cagyrylyar. Her yilin icinde nace sanysy yalnis yazany ucin yalnisini gorup beylekierden otunc sorady. Bilman yazmagyn jezasyny cekyanlerem az dal. 'APK we Guleni bitirme' planynda kopusi dokuldi bu yazyjylaryn. In son, ucli dusuyk barada, hickimin bilmeyan zatlaryny 'Sular geplesildi yignakda' diyip yazan, ya-da basga-da gaty manysyz garayislar one suren bu metbugatlar yagdayi ozlerini dymdyrmaklyk diyip hasap etmegi gaty adaty yagday. 'Dogan grubu' bolsa jezasyny tolemezligi, media dymdyrmak diyip bahalandyrmagy garasylmadyk yagday dal. Media dymdyrlmaga dal-de, demokratiyany goldamaga cagyrylyar. Seyle diyyan adamlar oz yazyan zatlaryny dernesinler.
Muňa jogap

kimden: Turkmen Ogly
02.03.2010 05:19
+0 / -0
Nazar, men gysgajyk bir zat aydayyn. Sen turk mekdebinde okan ya-da turk universitetinde bitirip, beynin yuwulan adam. Men shuny 100 prosent bilyan. Muny bilmek ansat. Sende "Yslam dinine we Turkilige dil yetirmeli dal" diyen goyduk dushunje beyninde otyr. Turkiyanin hazirki hokumeti hem yslama yykgyn etmekde sahel baglanyshdyrylyar welin ot alyarsyn. Bu hem senin turkler tarapyndan beynin yuwulandygyny gorkezyar. Sen nirak togalansanam Turkiyanin hazirki hokumeti Pan-Turkizme we Pan-Yslamizme yykgyn edyan hokumet. Men sana yonekey bir mysal getireyin. Hazirki Turkiye ozuni hernache demokrat hasap etse-de, onda "Turkilige" we "Yslama" dil yetirmek jenayat diyen kanun bar. Shol kanunyn esasynda-da Turkiye we Yslam dini barada sahel tankydy garayysh aydan we yazan yazyjylaryn, zurnalistlerin we intelligensiyanyn yuzlerchesi turmelere basyldy. Bu fakty butin dunya bilyar. Bu-da Turkiyanin hazirki hokumetinin siyasaty. Sen nadip onson bu hokumeti demokrat edip gorkezjek bolyan, ey dogan!!!
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
02.03.2010 14:07
+0 / -0
Hmm , senem-a nazardan pes dal !!! Yslama dil yetireni uchin munlap adam turma basylmady , basylan bolsa-da subut et, source gorkez !!! Gazetlerde her gun yazyalar yslam dinini tenkit edip men-a sholaryn birininem turma dushenini goremok. Onsonam bashga birine at dakmazdan ozal oz yazyan zatlaryny goldajak source (kaynak) gorkez , onson gurle. Sahelchejik uytgeshik pikir aydylsa derrew kellesi yuwulan diyip gurlap bashlayanyz. Name olar kellesi yuwulan-da , sen arassamyn ???
Muňa jogap

kimden: Gytyndan nireden: USA
02.03.2010 15:32
+0 / -0
Demokratiya diyip oz ejesinde sogjek ya-da sogdurjek adamlaram az dal.... Demokratiya hacanda birinin howpsuzlygynyn cagine girip bashlanda, ya-da ynanjyny, milli gymmatlyklayrny depelap bashlanda, shol yerde demokratiya STOP!!! bolyandyr Turkmen Ogly, eger turkmen ogly bolsan. Gelde shu yerde Amerikada kop yerlerde hristiyanlyga dil yetir, onson gorersin. Yone bizin turkmen goterimirakda, demokratiya bolsa, meydan edip goybermelidir oydyaler. Yslam dinine esaslanyan partiya barada aytsam, name Yewropada Christian Democrat partiyalar bolsa bolyarda (ady ustunde yazylgy ozem), Turkiyede AKP bolsa bolanokmy? Sen asla namani subut etjek bolyan? Beynisi arassa oglanjyk.
Muňa jogap

kimden: nazar
02.03.2010 17:44
+0 / -0
Turkmen ogly! Men ozumi o dereje samsyk we pes dusunjeli, akly kemter we gozi kor diyip oylamayaryn. Belliklerin ucin kop sag bol. Ozumi tanadyn ucin.

kimden: Turkmen Ogly
03.03.2010 04:29
+0 / -0
Gardashlar, men Amerikada-da boldum, Turkiyede-de. Men bu yerde hich bir tarapdan hem gorelde almaly diyemok. Men demokratik gymmatlyklara dini we milletchilik ideyalary sokmaly dal diyjek bolyan. Elbetde, Amerikada we Kanada-da yany-yakynlara chenlem orta mekdepler katolik mekdepleridi, din dowletin ishine gonuden-goni goshulyardy. Indi seret Jorj Bush yaly adamlar ol halky nahili oynap bilyar, nadip islan tarapyna yndyryp bilyar mal yaly. Shol yndarmalygy Yslama garshy hem ulanyalar olar. Men muna gaty gowy dushunyan. Hut shonun uchinem men sheyle zadyn beyleki yurtlarda bolmagyna garshy. Amerikalylar sheydyar diyip olardan kem galmajak bolsan, onda ozunem sholara owrulersin-da. Siz indi shony teklip edyanizmi, bilimli dostlar?
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
03.03.2010 20:11
+0 / -0
Biz hem goldamzok dinin goshulmagyny , yone senin ilki yazanlaryn duybunden bashgacha gurrun !!! Beyni yuwulan diyip birini kemsitmegine yol bermeris !!! Herkim ozuni senche goryar !!!
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil