Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Türkmenistan

Berdimuhamedow: "Edebi tankyt ösdürilmeli"

25.02.2010

24-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň direktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek baradaky döwlet komitetiniň başlygy Öwez Mämmetnurow Gurbanguly Berdimuhammedowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek barada teklip bilen çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Türkmenistanda medeniýeti, döredijiligi ösdürmäge döredýän şertleri üçin ýurduň prezidentiniň adyna öwgüli sözleri aýtdylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda döredijilik işgärleriniň adresine tankydy sözleri aýtdy. Hususan-da ol döredijilik işgärleriniň döwrüň talabyndan yza galýandyklaryny, ýurduň žurnalistikasynyň, suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň bellenilen talaplara ýetip bilmeýändiklerini aýtdy. 

Tankydy bellikleri aýtmak bilen, ýurduň prezidenti döredijilik işgärleriniň durmuş hakykatyndan ugur alyp, many-mazmuna baý eserleri döredip, türkmen halkyny ruhlandyrmalydygyny belledi we edebi tankydyň hem ösdürilmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türklmenistanyň prezidenti ähli etraplardaky obalarda, şäherçelerde sazçylyk mekdeplerini, oba kitaphanalaryny, medeniýet öýlerini täzeden dikeldip, ol ýerlerde internet ulgamyny ýola goýmaklyk baradaky karara gol çekýändigini mälim etdi.

Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli konwerwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewany döwlet sylagy bilen sylaglady. 80 ýaşynyň dolmagy hem-de ýurduň medeniýetini ösdürmäge goşan goşandy üçin Medeniýet Şahberdiýewa «Türkmenistanyň III derejeli Altyn asyr ordeni» gowşuryldy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: arlen
25.02.2010 01:13
+0 / -0
"ol ýerlerde internet ulgamyny ýola goýmaklyk" hmm bu gowy habar, yone su internetin tizligini yokarlandyrmaly diyip yasula maslahat beryan yokmykaray...

kimden: Syncy
25.02.2010 01:27
+0 / -0
Hudojnikler birleshiginin bashlygy Babasary Annamyradow tribunada cykysh edip otyrka, kamera zalda oturanlary gorkezyar welin, oturanlan arasynda Babasary Annamyradow hem otyr. Name 70 yashdan son Babasarynyn ekiz tayy dogulaydymyka, montaj etmanem onaranok bular masgaracylyk. Yzyanyndan telewideniyanin bashlygy cykyp, ine bizde gowy tehnikalar bar diyip owunyar. Name edip oturanlaryny gormeyarlermika?
Muňa jogap

kimden: Basmacy nireden: Mary
25.02.2010 02:15
+0 / -0
Syncy hakykatdanam lakamyny govy tapypsyn:) Ol ekiz tayy dalde ruhydyr:) Sebabi bizin sholar yaly wezipedaki adamlarymyz :ruh: bilen baglansykly zatlary govy goryarler:)

kimden: Watansöyer
25.02.2010 19:24
+0 / -0
Birinjiden-a Berdimuhammedow Magtymguly adyndaky halkara Bayragy alar yaly name etdi? Onsonam Prezidentin edebi tankyt sözünden name düşünmeli? Söz we metbugat erkinliginin yok yerinde edebi tankyt mümkinmi? Galyberse-de durmuş hakykatyny beyan edip halky ruhlandyrmaly- diyyar. Men barden . Alyp baryan syyasatymyzy öwüp eserler döredin we halka yetirin diyen awtoritar we diktator birinin aydybiljegi bir netije çykardym. Garaz yaşulyn döredijilik işgarleri bilen geçeren duşuşygy hiç hili netijesiz gury hem boş sözlerden ybarat adaty bir yygnak bolmagynda galdy.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil