Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Türkmenistan

Ýolagçy biletleri ulanyşdan aýrylar

24.02.2010

1-nji martdan başlap, paýtagtyň ýolagçylary gatnadýan awtobuslarynda hem-de trolleýbuslarynda hereket edýän bir gezeklik ýol biletleri ulanyşdan aýrylar. Oňa derek ýolagçylar ýol kireýini sürüjiler bilen nagt hasaplaşarlar.

Bu baradaky bildirişler paýtagtyň ýolagçylaryny gatnadýan awtobusdyr trolleýbuslarynda halka ýetirilmek üçin eýýäm asylyp çykyldy.

Aşgabadyň awtotransport kärhanasy şeýle herekete bialaç ýüz urmaly boldy. Sebäbi bu edara indi bir ýarym ýyl bäri ýol biletlerini galp ýollar arkaly ýasap satýan kezzaplar bilen göreşmekde ejiz gelýär.

Bahasy 20 teňňe bolan bir gezeklik ýol biletlerini ýasamak şeýle bir ýönekeý bolansoň, olary islendik reňkli printerlerde gaty aňsatlyk bilen çap edip bolýar.

Galp biletleriniň ýüz sanysyny bary-ýogy 6-8 manada satylýar. Bu bolsa ýol biletiniň öz bahasyndan ýarym esseden-de arzan bolýar. Şonuň üçinem ilatyň köpüsi galp biletlerini satyn almakdan kän bir ýüz hem öwrüp duranoklar, çünki galp bilet bilen hakyky biletiň ara tapawudyny saýgaryp-da bolanok.

Galp bilet ýasap satýan kezzaplardan başga, ýolagçylary gatnadýan awtobusdyr trolleýbuslaryň sürüjileri-de kezzaplyk edýärler. Olara, umuman aýdanyňda, ýolagçylar hem «kömekleşýär» diýseň boljak. Sebäbi ýolagçylaryň köpüsi ýol biletlerini komposterden geçirmäge ýaltanýarlar hem-de bileti şol durşuna sürüjä berýärler. Sürüjiler bolsa ýolagçylardan şol alan biletleri ýoklamagyň deregine, olary gaýtadan ýene ýolagçylara satýarlar.

Bu iki ýol arkaly edilýän kezzapçylygyň awtotransport kärhanasynyň býujetine ep-esli derejede zyýan getirýändigi öz-özünden düşnükli. Şonuň üçin 1-nji martdan ýol kireýi üçin ýolagçylaryň sürüjiler bilen nagt hasaplaşygyna geçirilmegi bu kezzapçylyklaryň soňuna çykjakdygyna şübhe döretmeýär.

Aşgabadyň awtotransport kärhanasynyň bildirişine laýyklykda, bir aýlyk proýezdnoýlar ulanyşdan aýrylmaz.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nazar
24.02.2010 00:45
+0 / -0
Her bir pudakda korrupsiya garsy cykyp boljak in esasy yol elektroniki usullardyr. Banklarda, Awtoulag karhanasynda we beyleki islendik pudakda elektroniki yollary we osen tehnologiyany ulanyp korrupsiyany azaltmak mumkin. Yone in esasy zat bolsa adamlaryn wyjdanydyr. Sebabi wyjdansyzlar kop bolsa, elektronikany hem adam dolandyryany ucin, on bilenem cozgut tapyp bolmaz...

kimden: Ayhan
24.02.2010 21:14
+0 / -0
Sistemany düypli we göwnejay gur-man we düzgünbozarlara çare görman, ansadyna gidayipdirler. Eden işlerini onar-man geçdiler bara. Hilem pes hyzmatyn. Birem gije-gündüz bizar edyaler Döwlet adam üçin diyip. Ay, bolya-da name diyjek...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil