Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Halkara

ABŞ-a garşy myş-myşlar nireden çykdy?

27.01.2010

Kämahal ýer yranma bolýar, ýöne onuň bilkastlaýyn döredilendigi baradaky teoriýa ynanýan bolsaňyz, onda, adatça, bu işde ABŞ-nyň gizlin harby ýaraglarynyň rolunyň bardygyny çak etse bolar.



12-nji ýanwarda Gaitide bolan ýer yranmasyna Amerikan harbylarynyň sebäp bolandygy baradaky ideýanyň öňe sürülmegi geň galdyranok, ýöne näme üçin dünýä möçberinde oňa üns berilýändigi sorag bolup durýar.

18-nji ýanwarda Wenesuelanyň “Vive” TV telekanalynyň internet saýtynda Orsýetiň demirgazyk flotunyň hasabatyna salgylanyp, bir maglumat berlipdir. Şonda ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň ýarag synagynyň Gaitidäki heläkçilige sebäp bolandygy öňe sürülýär.

Telekanalyň internet saýtynda şonuň ýaly-da 9-njy ýanwarda Demirgazyk Kaliforniýanyň golaýyndaky Eureka şäherçesinde bolan ýer yranmasyna-da Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň sebäp bolandygy habar berlipdir. Şol ýer yranmasynda adam pidasy bolmady. Ýene şol ady agzalan raportda, hamana, ýaragyň ösdürlip, geljekde Eýrana garşy ediljek hüjüm üçin synalandygy öňe sürüldi.

Şondan biraz soňra Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes telewideniýede çykyş edip, şol raporty gaýtalady. Çawesiň bu çykyşyna Orsýetiň «Russia Today» (Orsýet şu gün) atly telekanalynda analiz berildi: «Wenesuelanyň lideri Ugo Çawes Birleşen Ştatlary ýene bir gezek Hudaý bilen oýun edýänlikde aýyplady, ýöne bu gezek Gaitidäki weýrançylykly ýer yranmasynyň arkasynda ABŞ-nyň bardygyny çaklaýandygyny öňe sürdi. Ispaniýanyň “ABC” gazeti Çawese salgylanyp, ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň Gaiti adasyndaky güýçli ýer titremä sebäp bolan haýsydyr bir ýaragy ulanandygyny ýazdy. Bu gezek onuň diňe türgenleşik maksadynyň bolandygyny, ahyrky maksadynyň bolsa Eýrany ýok etmekdigini aýtdy” diýip, Russia Today maglumat berdi.

Bu telekanal Gaiti barada habar berende, Amerika garşy dürli temalary, şol sanda krizisden peýdalanyp, Waşingtonyň Gaitini basyp almaga synanyşýandygy dogrudaky pikiri-de öňe sürýär.

Eýranyň mediasynda hasam güýçlendirilýär

Beýle garaýyş Eýranyň mediasynda hasam güýçlendirilýär. Eýranyň Press TV telekanaly 23-nji ýanwarda beren bir habarynda ABŞ-nyň günorta güýçleriniň komandiri we Gatitidäki halas ediş toparyna ýolbaşçylyk eden general-leýtenant Ken Keeniň ýer titreme bolan wagty Gaitide ýörendigini öňe sürdi.

Bu habardan netije çykaryp, Press TV Birleşen Ştatlaryň haýsydyr bir täze super ýaragynyň synagynyň Gaitä ýetirip biljek agyr hem gorkunç zyýanyny ýerinde barlamak maksady bilen bu generalyň wakadan öň ol ýere iberilendigini öňe sürdi hem-de bu habary Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň habar beriş serişdeleriniň, şol sanda “Fox News” we RT telekanllarynyň alyp göterendigini mälim etdi. Ýöne “Fox News” Çawesi tankytlaýan gepleşik berdi.

Ýöne hakykatyň hatyrasyna, bilkastlaýynlyk teoriýasynyň tarapdarlary ýer titremesini döretmek üçin tektonik, ýerasty ýarag ulanylýar diýen temany öňe sürmegi halaýarlar diýip, Russia Today aýtdy.

Olar muňa mysal hökmünde diňe 2002-nji ýylda Gürjüstanda bolan ýer yranmasynda Orsýetiň aýyplanmagyny mysal edip görkezýärler: «Tektonik, ýagny ýerasty ýaragyň bardygy asla subut edilmedik, bilkastlaýynlyk teoriýasyny öňe sürýänler şeýle ýaragyň bardygyny güman edýärler. Mysal üçin, Gürjüstanyň ýaşyllar partiýasy Orsýeti 2002-nji ýylda bu ýurduň territoriýasynda bolan yer titremä sebäpkärlikde aýyplapdy» diýip, Russia Today tassyklady.

Ýöne Wenesuela, Orsýet we Eýranyň arasyndaky giňeýän gatnaşyklary has hem berkitmek üçin öňe sürülýän şeýle ideýalaryň gowy teoriýa öwrülmegine kim ýol berer?
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: a nireden: b
27.01.2010 13:09
+0 / -0
Birlesen Statlar doran gununden bari dunya ot yakdyrman gelyar. Dunyadaki sowslerinm adam pidalarynyn sebapkari Birlesen Statlar! In barkisi sonky 30-40 yylyn icinde dunyadaki bolan sowslere ser salsan ya Amerika gatnasandyr ya goldaw berendir, ya-da sebap bolandyr. Ol yerdaki masonlar dunyani hernace jan pidasy, gan bahasynada bolsa basyp alyp oz gullaryna owurmek isleyarler. Gaitide-de seyle yagday bolandyr diyip gaty ynanyaryn, sebabi yer titremeden birnace gun son komek baryar, olaram dine amerikan esgerleri. Gaitinin hokumeti yok su wagt, amerkanlar ucin pursat boldy (yagny oz doreden pursatlary) ............
Muňa jogap

kimden: Watançy
27.01.2010 16:47
+0 / -0
A! :D, senin aydan zatlaryn yaman yenil zatlar. Bazarda pomidor satyanlaryn, mashynda kirey edyanlerin, syyasat bilen duypli gyzyklanman ors kanallarynda eshidyan zatlaryny beyinlerine sokyanlaryn aydyan zatlary. Shol soweshler asla name ucin gurnalyar, sho barada pikir etmedinmi, bir gowy nakyl bar "Gashansan gasharlar!". Doran guninden bari sen ony yzarlap gelyanmi yaman ynamly aydypsyn welin? Beyleki yurtlarda aclykdan, repressiyadan, yarawsuzlykdan, agyr kesellerden, ishsizlikden olyanlere kim sebap bolyar onda? Olaryn sany barada name diyersin. Menin pikirimce bir waka seredende stenanyn beyleki tarapyna hem seret. Bir yurda kartadan pozaryn diyip haybat atyp dursan, hic kim hem goluny sallap oturmaz. Asla makalany okap senin yazan zatlaryny okadym welin, okaman kellane gora yazana menzeyan. Ahmedinejat bilen Hugo Caweze menzapsin :) Amerıka okuwa baryp bilmeyanlen yada yetip bilmeyanlen diyyan zatlary ya-da!
Muňa jogap

kimden: a nireden: b
28.01.2010 12:20
+0 / -0
Menin ozum su wagt amerikada gezip yorun dogry 3 yyl bari. Sen o diyyan kirekeslerin bilen pamidor satyanlaryny gormedigime dogry 3 yyl. Men su yere gelmankam pikirim basgarakdy, yone gelenimden son birgiden zatlary oz gozum bilen gordum, pikirlerimem sondan son uytgedi. Barde o sen diyyan rus medianam goremogam yazrlamogam. Ona derek fox news, cnbc, abc kanallary goryan, radiodan in gowy gorup dinleyanimem NPR (National Public Radio). Yone welin sen ozun bu ulke barada koprak owrensen, bilsen has gowurak bolardy! Gel su yere sonda gorersin naman namedigini.
Muňa jogap

kimden: b nireden: c
27.01.2010 18:45
+0 / -0
Turkmenistanda halk 3 adamyn guly bolup otyr. a dost onam bashga biri edyarmi. birinji ozumize seredip gor.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil