Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Syýasat

Moskwadaky türkmen ilçihanasy metbugata ýüzlendi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda geçen metbugat konferensiýasy, 18-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda geçen metbugat konferensiýasy, 18-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

18.12.2009

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine bagyşlanyp habar beriş serişdeleri üçin metbugat konferensiýasy gecirildi. Bu barada ýarym-resmi Türkmenistan.ru internet gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halnazar Agahanow žurnalistleriň öňünde çykyş edip, täze ýola goýlan gaz geçirijiniň regiona ýetirjek pozitiw täsirleri barada belläp geçdi hem-de munuň Aziýanyň energiýa howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ilçi Agahanowýn bellemegine görä, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işläp başlamagy, uglewodorod serişdeleriniň eksport ýollarynyň diwersifikasiýasy babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň logiki netijesi boldy.

Ýakyn günlerde ýola goýuljak Türkmenistan - Eýran gaz geçirijisi hem şol syýasatyň ýene bir oňyn netijesi bolar diýip, Türkmenistan.ru internet gazeti ýazýar. Eýrana barýan gaz geçirijileriň göwrümi geljekde jemi 20 milliard kub metre çykarylar diýlip garaşylýar.

Bu proýektleriň durmuşa geçirilmegi, öz ugruny Hazaryň ýakasy bilen alyp gitjek Türkmenistan – Gazagystan – Orsýet gaz geçirijisiniň ünsden düşürilendigini aňlatmaýar diýlip, duşuşygyň barşynda nygtaldy.

Şu hepdäniň duşenbe güni işe girizilen Türkmenistan-Hytaý tebigy gaz turbaprowody babatda dünýä boýunça dürli reaksiyalar bolupdy. Ony türkmen mediasy “Asyryň möhüm wakasy” diýip atlandyrsa, ors metbugaty şol turbaprowodyň amala aşyrylmagy Orsýetiň daşary syýasatynyň şowsuzlygy diýip baha beripdi.

Metbugat konferensiýasynda, türkmen gazyny Ýewropa akdyrjak Nabukko proýektiniň ýa-da TAPI (Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan) proýektiniň agzalyp agzalmandygy barada maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň tebigy gaz rezerwleri


Ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň energiýa rezerwleriniň mukdary babatda halkara şübheler ýokarlanypdy. Ilçi Agahanow Günora Ýolöteniň Osman gaz ýataklaryna audit barlaglaryny geçiren britan-amerikan “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň geçiren barlag işlerine ünsi çekip, degişli ýerde 14 trillion kub metr tebigy gazyň bardygy babatda gelnen netijäniň ýurduň eksport mümkinçiliklerine kepil geçýändigini aýtdy.

Şu ýylyň oktýabr aýynda, Orsýetiň «Wremýa nowosteý» gazeti audit boýunça “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Ýolöten-Osman gaz ýatagyndaky gazyň gory barada ýaýradan sanlarynyň hakykysyndan has çişirilen sanlardygy barada ýazypdy.

Şonuň yzy bilen, “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasy öz metbugat beýanatyny ýaýratdy. Şol metbugat beýanatynda bu kompaniýa özleriniň Ýolötende audit barlagyny geçirendigini tassyklady.

“Gaffney Cline & Associates” kompaniýasy Türkmenistanda geçiren barlaglarynda Türkmenistanyň «Türkmengeologiýa» döwlet konserniniň beren dokumentlerinden peýdalanandygyny, emma Türkmenistanyň gaz rezerwleri baradaky özüniň ýaýradan sanlarynyň türkmen tarapynyň ýa-da beýleki halkara spesialistleriniň çaklamalaryna boýun egýän sanlar bolman, eýse hut şu kompaniýanyň öz geçiren barlaglarynyň netijeleridigini nygtapdy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Umyt
19.12.2009 23:40
Yumush oglan.

kimden: Baydak
19.12.2009 23:59
Agahanow zapadyn jurnalistlerini cagyrdymyka, ya dine sorag berman dinelyanler cagyryldymyka?

kimden: Hazar
21.12.2009 09:56
Hazirki turba derege yaranok, prikaspiden Sombalyk iberjeklermika?

kimden: Ayhan
21.12.2009 18:40
Orslar Türkmen gazyny dine özi aljak bolup pitne çykaryalar-ay. Çişirilen diyen bolup yazyalar. Ahmal, yöne senem gel barla, onson karar ber dogrymy dalmi?

kimden: mengli nireden: gogondagen
13.01.2010 06:33
Gaz gerekmi size ya manty?

kimden: derver nireden: bugran
13.01.2010 06:34
havva mihmanlar, size name guymaly? bir kase chaymy ya bir baklashka gaz.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS