Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3156
EUR / 
RUB
0,0254
RUB / 
USD
29,822

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Halkara

Demirgazyk we Günorta Koreýanyň harby gämileri ok atyşdy

Günorta Koreýanyň harby gämileri Inçeondaky harby kenarda, 10-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

Günorta Koreýanyň harby gämileri Inçeondaky harby kenarda, 10-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

10.11.2009

Şu gün, ýagny 10-njy noýabrda, Demirgazyk we Günorta Koreýanyň harby gämileri birek-biregi oka tutdular, atyşyk gysga wagtlyk bolsa-da, güýçli diýlip, habar berilýär.

Atyşykda zyýan çeken Günorta Koreýanyň patrul gämisi deşilse, Demirgazygyň gämisinde ýangyn döräp, ol agyr zyýan çekipdir.

Seulda resmiler Demirgazyk Koreýanyň gämileriniň örän seýrek duş gelýän bir işi edendigini, ýagny Günorta Koreýanyň kontrollyk edýän suw territoriýasyna girmäge synanyşandygyny we şonda olara başda signal berlendigini, soňra-da ok atylandygyny aýdýarlar.

Günorta koreýaly Brigada generaly Lee Ki Seuldaky metbugat konferensiýasynda.
Günorta koreýaly Brigada generaly Lee Ki Seuldaky metbugat konferensiýasynda bu waka barada şeýle diýdi: «Olar araçäkden geçmezden ozal biz olara iki gezek duýduryş berýän signaly iberdik, ýöne olar muny äsgermezçilik edip, üç gezek serhedi bozdular».

Demirgazyk Koreýanyň gämisi garşylyk hökmünde beýleki gämä göni ok atdy, şondan soňra atyşyk başlandy. Seul öz deňiz garawullarynyň hiç birine zeper ýetmändigini öňe sürdi, ýöne garşy tarapyň näçe ziýyan çekenligi anyk däl.

Atyşyklardan soňra Demirgazygyň gämisi öz territoriýasyna tarap ugrapdyr. Geçen ýedi ýylda indi ilkinji gezek iki Koreýanyň gämileri Sary deňizde birek-birege ok atdylar. Soňky gezek 2002-nji ýyldaky çaknyşyga uly gämiler gatnaşypdylar, şonda bir gäminiň gark bolmagy netijesinde Günorta Koreýanyň alty sany harby deňizçisi heläk bolup, Demirgazykdan-da 13 adamynyň ölendigi çak edilipdi.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro işleri

Käbir analitikler Amerikan prezidenti Barak Obamanyň bu wezipä saýlanylandan soň Gündogar Aziýa ilkinji saparyna iki gün galanda kommunistik Demirgazygyň amerikan lideriniň ünsüni çekmek üçin bu gapma-garşylyga baş urandygyna ynanýarlar.

Gizlin düzgünli Phenýanyň kommunistik režimi dürli taktikalary gowy synagdan geçirýär, bu bolsa Koreýa ýarym adasynda dartgynlylygyň ösmegine sebäp bolup gelýär, bu meseläniň çözgüdi üçin diplomatik çäreler gözlenilýär.

2009-njy ýyl Demirgazyk Koreýa üçin dramatik ýyl boldy. Phenýan öz etmişleri bilen halkara jemgyýetçiligini ynjalykdan gaçyryp, bar bolan halkara hukuklary äsgermezçilik edip gelýär.

Ýadro programmasyny goýbolsun etmek barada gepleşik alyp barýan alty döwletiň wekilleriniň maslahat alyp barandygyna garamazdan, Demirgazyk Koreýa ýadro işlerini gaýtadan dowam etdirýär, ýadro ýaragly, uzak menzile uçýan ballistik raketalary synagdan geçirdi.

Resmi taýdan habar berilmese-de, Phenýanyň ýadro programmasy barada göni gepleşiklere gatnaşmak üçin prezident Obamanyň Demirgazyk Koreýa Stefan Bosworsy ýörite ilçi edip belländigini resmiler aýdýarlar. Phenýanyň gepleşik töwereginiň başyna gaýdyp gelmegi ugrunda Bosworsyň tagallasynyň berjek oňyn netijelerine bil baglanylýar.
Şu forum ýapyk
     
Teswirler
Şu forumda teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS