Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanly türkmenler saýlawlara taýýar


Owganstanda ýaşaýan üç million töweregi türkmenler saýlawlara aktiw gatnaşýarlar.
Owganstanda ýaşaýan üç million töweregi türkmenler saýlawlara aktiw gatnaşýarlar.

20-nji awgustda Owganstanda prezidentlik we welaýat geňeşliklerine saýlawlar geçirilýär. Bu ýurtda ýaşaýan üç million töweregi türkmenler hem bu çärelere aktiw gatnaşýarlar.

Welaýat geňeşlikleri boýunça onlarça türkmen wekilleri öz kandidaturalaryny hödürlediler, emma prezidentlige dalaş edýän 30-dan gowrak kandidatyň arasynda türkmenlerden wekil ýok.

Türkmenleriň bir bölegi häzirki prezident Hamid Karzaýy we beýleki uly bir topary bolsa, prezidentlige kandidat, öňki Daşary işler ministri Dr.Abdullany goldap, çykyş edýär.

Dr.Abdullany goldaýan toparyň öňbaşçylaryndan biri hem Owgan parlamentiniň deputaty we “Türkmen şurasy” atly guramanyň ýolbaşçysy Hajy Abdul Wahabdyr.

Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir prezidentlik saýlawlary barada Hajy Abdul Wahaby bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Owganystan demokratik ýoly saýlap alan ýurtlardan biri diýlip hasaplanylýar. 20-nji awgustda 30-dan gowrak kandidatyň gatnaşmagynda prezidentlik saýlawlary geçiriler. Bu aladalar, umuman, tutuş ýurt üçin nämäni aňladýar?

Hajy Abdul Wahab: Hawa, häzir Owganystanda onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň, halkara jemgyýetçiligi bu ýurda parahatçylygy getirmek üçin alada edip başlady. Häzir ikinji gezek geçiriljek prezidentlik saýlawlaryň bosagasynda durus. Şu saýlawlarda öz prezidentimizi saýlasak diýip, halk bu çärä aktiw gatnaşýar. Geçen gezekki saýlawlarda halkymyz şeýle aladalara kän düşünmändi, onsoň oňa kän ünsem bermändi. Ýöne bu gezek halk muňa göz ýetirdi we gowy bir prezident saýlasak diýip, ýürekden alada edýär.

Azatlyk radiosy: Şeýle demokratik çäreler bilen bir hatarda bu ýurtda dartgynlylyk, ölüm-ýitim, çaknyşyklar hem dowam edýär, meselem, welaýat geňeşlikleriniň bir kandidatynyň 18-nji awgustda öldürilenligini özara söhbetdeşlikde aýtdyňyz, şeýle dartgynly ýagdaýda geçirilen saýlawlara nä derejede azat we adalatly geçdi diýip bolar?

Hajy Abdul Wahab: Bizde bir zat bar, dogry bir çetden saýlaw bir çetden uruş – ikisem bilelikde geçip dur. Ýöne ýaňky aýdyşym ýaly, şol atylan deputatam biziň özbek doganlarymyzdan, ol Jünbüş Milli Partiýasynyň kandidatydy. Siziň hem habaryňyz bardyr, Owganystanyň hemme ýerinde uruş dowam edýär. Soňky wagtlarda demirgazyk welaýatlarda hem dartgynlylyk artdy. Gunduz welaýatynda, Baglan welaýatynyň hem bir etrabynda 17-nji awgustda atyşyk boldy.

Biziň etraplarymyzda we welaýatlarymyzda-da şepnamalar (gije ýaýradylýan hatlar) peýda bolup başlapdyr. Eşidişime görä, şol hatlarda halka ýüzlenilip, şol çärelere gatnaşmaň, gatnaşsaňyz boýalan barmagyňyzy keseris diýip, haýbat atylypdyr. İşallah, biziň adamlarymyz her näme-de bolsa, bu kynçylyklara garamazdan, ses berlişige gatnaşarlar.

Azatlyk radiosy: Gozgalaňçylaryň bu saýlawlara gatnaşanlaryň barmaklaryny kesjek diýip, haýbat atýanlygyny aýtdyňyz. Eýse, saýlawlarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin hökümetiň gören çäreleri ýeterlik dälmi?

Hajy Abdul Wahab: Hökümet howpsuzlyk çärelerini gördi, düýn hem biziň howpsuzlyk guramalarymyzyň wekilleri, şol sanda İçeri işler ministri we Goranmak ministri çykyş edip, 300 müňden gowrak içeri we daşary ýurtly harbylaryň bu işe gönükdirilendigini aýtdy. Ýöne, beýleki tarapdan, soldatlaryň köpräk bolan ýerlerinde şeýle dartgynly wakalar hem köpräk bolýar.

Azatlyk radiosy: Bu saýlawlara, umuman, Owganystanda gaty gyzyklanma bildirilýänligini aýtdyňyz, türkmenleriň arasynda bu barada nähili aladalar alnyp barylýar?

Hajy Abdul Wahab: Türkmenlerem geçen gezekkisi bilen deňeşdireňde, bu saýlawlar bilen has köp gyzyklanýarlar. Biziň türkmen milletinden dört sany wekilimiz bar, hususanam, men “Türkmen şurasynyň” ýolbaşçysy hökmünde bu barada gyzyklanýaryn.

Geçen gezeg-ä bu çäre bilen gyzyklanan hem bolmandy, biz şu mahal saýlawlarda Hamid Karzaýy goldap, köp alada etdik. Hamid Karzaý geçen gezek hormatly Nur Muhammed Garkyny özüniň saýlaw kompaniýasynyň ýolbaşçysy edip belläpdi. Onsoň biz eger Karzaý saýlawlarda ýeňiş gazansa, türkmenlere gaty kän üns berer, olara hyzmat eder diýip, umyt edipdik. Ýöne biziň umytlarymyz tersine bolup çykdy. Prezident Karzaý saýlawlarda ýeňenden soň, bize hyzmat etmeg-ä beýle-de dursun, gaýta ol türkmenlerden bellenen ýeke-täk häkimimizi hem wezipesinden çetleştirdi.

Mundan başga-da, biziň Türkmenlerimiz üçin edilen hiç zat bolmady. Milli howpsuzlyk organlarynda käbir wezipeli türkmen ofiserlerini-de gaty kynçylyk bilen öz wezipelerinde alyp galdyk.

Şunlukda Karzaýyň administrasiýasynda birki sany etrap häkimi bilen birnäçe hökümet işgäri bolaýmasa, bizden hiç kim hökümet wezipesine alynmady, bize hak-hukuk berilmedi.

Şol sebäpden biz mundan beýläk geçiriljek saýlawlarda ähli partiýalar we kandidatlar bilen duşuşyp, olar bilen pikir alyşmaly diýen karara geldik. Bu gepleşikleriň çäginde dr. Abdullah Abdullah bilen hem duşuşdyk. We ony goldamak kararyna geldik.

İlki bilen onuň öňde goýan planlary we geljekde etjek işleri biziň göwnümize jaý boldy. Meselem, ol etrap we welaýat häkimleriniň ses berlişik arkaly saýlanmalydygyny aýdýar. Onuň bilen geçiren duşuşygymyzda dr. Abdullah türkmenleriň jihad döwründe özleri bilen dogan ýaly bolup, bilelikde alada edenligini aýdyp, olara hak-hukuklarynyň doly berilmelidigini mälim etdi.

Men onuň bilen söhbetdeşlikde türkmenleriň Gunduzdan başlap, Herat welaýatyna çenli, hatda Host, Helmant, Mazar-i-Şerif we Kabulda hem ýaşaýanlygyny aýtdym. Ol özüniň bu meselä gaty ähmiýet berýänligini belläp, türkmenlere öz paýyndan-da köpräk üns beriljekdigini aýtdy.

Şunlukda biz Dr.Abdullahny goldap, türkmenleriň taryhynda bolmadyk wakalary amala aşyrdyk, meselem, birinjiden, Balh welaýatynda bir ýygnak geçirdik, ondan soň Akça-da, Garkynda, Meňejikde, Andhoýda, Döwletabatda we beýleki ýerlerde ýygnaklary geçirdik.

Halkymyz bu aladalar bilen gaty gyzyklanyp, bu ýygnaklara olaryň müňlerçesi gatnaşdy hem biziň alyp barýan bu işlerimizi goldaýandyklaryny aýtdylar. Netije-de, habarlarda gören bolmagyňyz mümkin, türkmen ýigitlerimiz hem ýöriş geçirip, köçelere çykdylar. Mazar-i-Şerifde dört müň töweregi ýigidiň gatnaşmagynda uly ýygnak geçirildi.

Azatlyk radiosy: Dr. Abdullahnyň size diňe süýji wadalar beren bolmagy mümkin bu, umuman, saýlawlardan öň ulanylýan usullardan biri, emma ol türkmenlere etjek hyzmaty barada size haýsydyr anyk wadalar berdimi?

Hajy Abdul Wahab: Elbetde, ähli kandidatlar biziň bilen gepleşikler geçirende, gaty süýji sözler aýtdylar. Ýöne biz dr. Abdullah bilen birneme berkräk gürleşdik. Öz talaplarymyzy onuň öňünde goýanymyzda, ol olary kabul etdi.

Azatlyk radiosy: Onuň öňünde goýan talaplaryňyz nämelerden ybarat? Bu barada dolurak maglumat berip biljekmi?

Hajy Abdul Wahab: Ministrler kabinetinde türkmenlerden iki ministriň bolmalygyny aýtdyk, garaşsyz bolup-bolmanlygy anyk däl, emma biz garaşsyz saýlaw komissiýasyna-da türkmen wekilleriniň alynmagyny talap etdik. Eger eşiden bolsaňyz, şol komissiýada türkmenlerden bir agza bardy, gynansak-da, ony ýakynda wezipesinden aýyrdylar.

Azatlyk radiosy: Hajy aga, türkmenler bu saýlawlara diňe bir däl, ençeme topar hökmünde gatnaşýarlar, bu nämäniň alamaty? Olaryň arasynda agzybirlik ýokmy? Beýle bolsa, munuň sebäpleri nämede?

Hajy Abdul Wahab: Şu güne çenli biziň “Türkmen şuramyz” hem o diýen iş bitirmedi. Şol “Şurada” alada edýän adam ýokdy, diňe iýip-içip, ýördüler. Soňky gezek men bu Şura ýolbaşçy saýlananymda, bu barada käbir işleri amala aşyrdyk. Men özümiziň ullakan bir milletdigimizi aýdyp, beýdip ýatmaly däldigimizi, hereket etmelidigimizi halkymyza düşündirjek bolup, kän işleri geçirdim.

Bu aladalaryň çäginde “Türkmen şuramyzyň” jaýyny üýtgetdik, prezident Karzaý bilen duşuşyp, oňuň bilen berkräk gürleşdik. Bu hereketlerimiz biziň käbir dostlarymyza ýakmady. Şunuň bilen bir hatarda her milletiň arasynda bolşy ýaly türkmenleriň arasynda hem garyndaşparazlyk diýlen zat bar, hemmäni bir supraň başyna ýygnamak kyn, başga tire-taýpalara seretsek, olaryň arasynda hem şeýle ýagdaýlar bar. Emma beýlekiler bilen deňeşdirilende, türkmenler ýene ýagşy. Men türkmenlerimiziň ýüzden segsenisiniň “Türkmen şurasyny” goldaýanlygyny aýdyp biljek.

Elbetde, aramyzda beýleki toparlary goldaýanlar hem bar. Bize her tarapdan el uzadýarlar, türkmenleriň agzybir bolmaklygy, belki, käbir dostlarymyzyň bähbitlerine garşy bolýandyr. Şunuň üçin her hili hereket edip görýärler. Emma muňa garamazdan, men türkmenler ençeme bölek diýlen pikir bilen ylalaşamok.
XS
SM
MD
LG