Diňle

Häzir efire gidýär

Agşamky programmalar

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Halkara

Sinjaň protestlerinde heläkçilik uly boldy

Ilat sany 2 million 300 müň adam bolan Urumçy şäheri Pekinden 3 müň kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär.

06.07.2009

Hytaýyň awtonom Sinjaň welayatynda bolan bidüzgünçiliklerde, 140-a golaý adamyň heläk bolandygy we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki mediýasynyň maglumatyna görä, ilatynyň aglabasy uýgurlardan ybarat Sinjaň welayatynda bolan bidüzgünçilikde protestçiler şaýatlara, ulaglara hüjüm etdiler we polisiýa bilen çaknyşdylar. Sinhua agentliginiň habaryna görä, protestçiler pyçak, kerpiç we dürre hem ulandylar. “China Daily” gazeti bolsa, protestçileriň sanynyň 500-den gowrakdygyny ýazdy. Emma, uýgurlaryň bosgunlykdaky Amerikan Assosiýasiýasy olaryň sanynyň 3 müňdigini habar berdi.

Bu waka bilen bagly ýüzlerçe adamynyň tussag edilendigi we komendant sagadynyň girizilendigi aýdyldy. Urumçy şäheriniň ilatyna internetiň elýeterli däldigi hem mälim edildi . Ilat sany 2 million 300 müň adam bolan Urumçy şäheri Pekinden 3 müň kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär. Ol ýerde easasan, Han hytaýlylar ýaşaýarlar.

Şu gün irden telewideniýe arkaly eden çykyşynda, Sinjaň welaýatynyň häkimi Nur Bekri ýekşenbe günki büdüzgünçiligiň daşary ýurtdan gurnalandygyny aýtdy.“Hytaýyň içindäki we daşyndaky seperatist, terrorçy hem-de dini ekstremizm güyçleri ýurduň Kompartiyasyna, hökümetine hüjüm etmek üçin agressiw işler amala aşyrýarlar. Şeýle hem olar şäherde demonstrasiýa geçirmäge ilaty gižželeýärler” diýip Nur Bekri beýanat berdi. “ Olar etniki toparyň bütewiligini we jemgyýetiň sazlaşygyny gazaply dargatýarlar. Taryh durnuklylygyň ýalkanýandygyny, haosyň bolsa betbagtçylykdygyny subut etdi. Haçanda, etnik toparlaryň arasynda sazlaşyk bolanda, ykdysadyýet we Sinjaň welaýatynyň jemgyýeti ösdi. Adamlar köp peýda gazandy.”

Kim jogapkär?

Hytaýyň resmileri düýbi Germaniýadaky Dünýä Uýgurlarynyň Kongresini ýekşenbedäki bidüzgünçiligi gurnanlykda aýypladylar. Bu Kongrese Amerikada ýaşaýan işewür zenan Rebiýa Kadyr ýolbaşçylyk edýär.

“China Daily” gazeti, protestçileriň sanynyň 500-den gowrakdygyny ýazdy.
Bosgunlykdaky uýgurlar döwlet agdarlyşygyna synanyşykda hökümetiň özlerini aýyplamagyny ret edýärler. Olar polisiýanyň asuda protestçilere ot açandygyny aydýarlar. Şeýle hem uýgurlar, hökümetiň alyp barýan syýasatlarynyň we Han hytaýlylaryň ykdysady mümkinçilikleriniň köp bolmagynyň bidüzgünçilige sebäp bolandygyny belleýärler.

Ýekşenbedäki bidüzgünçilikden owal geçen aý günortadaky Guaňdoň welaýatynda uýgurlar we Han hytaýlylar çaknyşdy. Şonda 2 uýguryň ölendigi habar berildi.

Hytaýyň Sinjaň welaýatynda 8 million çemesi uýgur ýaşaýar. Olar welaýatyň ilatynyň deň ýarysyna golay. Bu region Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda hem energiýa gatnaşyklary üçin derweze bolup durýar. Tankytçylaryň aýtmagyna görä, Hytaý uýgurlaryň garaşsyzlyk we öz kimligini saklamak ugrundaky asuda hereketlerini basyp ýatyrmak üçin terrorçylygy ulanýar.


Şu forum ýapyk
     
Teswirler
Şu forumda teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS