Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeş: 'YD' hüjüme jogapkärdigini aýdýar


Polisiýa şaýylaryň metjidine gözegçilik edýär, Dhaka, Bangladeş, 27-nji noýabr, 2015.
Polisiýa şaýylaryň metjidine gözegçilik edýär, Dhaka, Bangladeş, 27-nji noýabr, 2015.

Bangladeşde “Yslam döwleti” topary şaýy metjidine hüjüm edip, bir adamyň ölümine we birnäçesiniň ýaralanmagyna sebäp bolan wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldylar.

“Yslam döwleti-Bangladeş” diýip özüni atlandyrýan topar metjide awtomatik ýaraglary bilen hüjüm edendigini aýdýar.

26-njy noýabrda Bangladeşiň Rajşahi regionynyň Bogra etrabynda Haripur obasynyň metjidinde agşamky namaz wagtynda dinçilere azyndan bäş adam hüjüm edipdi.

Metjidiň 70 ýaşly resmisi öldürildi.

27-nji noýabrda polisiýa hüjümiň bolan ýeriniň golaýynda iki adamy tussag etdi.

2015-nji ýylda ýurtda adam pidaly hüjümleriň ençemesi boldy. Hüjümler daşary ýurtlulara, dünýewi ýazyjylara we esasan sünni ilatly ýurduň şaýy dinçilerine garşy amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG