Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ölenleriň sany 1256-a ýetdi


Pakistanda ýaşaýjylar howanyň aşa gyzmagy netijesinde heläk bolan adamlaryň jesetlerini jaýlaýarlar. 26-njy iýun, 2015 ý.
Pakistanda ýaşaýjylar howanyň aşa gyzmagy netijesinde heläk bolan adamlaryň jesetlerini jaýlaýarlar. 26-njy iýun, 2015 ý.

Pakistanyň saglyk resmileri 30-njy iýunda ýurduň günortasyndaky Sindh welaýatynda 25-den gowrak adamyň gün urmasyndan heläk bolandygyny aýdýarlar.

Sindh welaýatynda aşa gyzgyn howadan ölenleriň umumy sany 1 256 adama ýetdi diýip, 1-nji iýulda bu welaýatyň saglyk resmisi belledi. Ölenleriň aglabasynyň welaýatyň paýtagty Karaçi şäherinde heläk bolandygy habar berilýär.

Sindh welaýat hökümetiniň berýän maglumatyna görä, 20-nji iýundan bäri bu welaýatda howanyň temperaturasynyň selsiý boýunça 45 gradusa ýetmegi netijesinde aşa gyzgyn howa Karaçi şäheriniň 100 müň çemesi ilatyna täsir ýetiripdir.

Pakistanyň ýaşaýjylary we oppozision partiýalar resmileri bu krizisi çözmek üçin ýeterlik derejede tagalla etmezlikde tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG