Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olland, Alyýew duşuşdy


Fransuz prezidenti Fransua Olland Bakuwda Azerbaýjandaky hukuk bozulmalar we ýurduň bölüniji Dagly-Garabag sebiti barada maslahatlaşmak üçin azeri kärdeşi Ylham Alyýew bilen duşuşdy.

"Biz bu barada hemişe gürrüň edýäris" diýip, Olland 25-nji aprelde bolan gepleşiklerden soň, Azerbaýjanyň adam hukuklary babatdaky ýaramaz ýagdaýyny nazarda tutup, žurnalistlere aýtdy. Ol biraz soň Pariže dolandy.

Hukuk toparlary Bakuwy, Alyýew 2013-nji ýylda üçünji möhlete prezident saýlanaly bäri, tankytçylary ýuwaşatmak üçin toslama jenaýat aýyplamalaryny ulanmakda aýyplaýarlar.

Dagly-Garabag barada aýdylanda bolsa, Olland bir gün öň Ýerewanda bu barada ermeni prezidenti Serž Sarkisýan, rus prezidenti Wladimir Putin bilen hem maslahat etdi.

XS
SM
MD
LG