Owgan esgeriniň Kabulyň harby aeroportunda ABŞ-nyň üç harby gullukçysyny atyp öldürendigi we dördüsini ýaralandygy habar berilýär.
Owganystanyň howa güýçleriniň resmisiniň 29-njy ýanwarda aýtmagyna görä, ok atyşygyň sebäpleri anyk däl.
Owganystanda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güçleri we ABŞ-nyň goranmak resmileri ok atyşygyň bolandygyny tassykladylar. Soňky ýyllarda halkara esgerlerine garşy owgan harbylary tarapyndan şeýle “içerki” hüjümleriň ençemesi bolupdy. Geçen ýylyň awgust aýynda Owganystanda ABŞ-nyň general-maýory Harold Green öldürildi.
Soňky hüjüm halkara goşunlarynyň Owganystandaky söweş missiýasyny resmi taýdan tamamlamagynyň yzýany ýüze çykdy. 1-nji ýanwardan soň Owganystanda galan 12000 çemesi halkara harbysynyň esasy missiýasy owgan goşunyny türgenleşdirmekden ybarat.