Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe, Owganystan şertnama baglaşdy


Türkiýe bilen Owganystan iki ýurduň arasynda howpsuzlyk, dikeldiş, söwda we maýa goýum işlerine degişli strategiki şertnama baglaşdy.

Bu şertnama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň 18-nji oktýabrda Owganystana eden bir günlük sapary mahalynda gol çekildi.

Bu türk döwlet baştutanynyň Owganystana 60 ýyla golaý wagtda birinji gezek sapar edişidir.

Erdogan owgan kärdeşi Aşraf Gani bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda bu şertnamanyň owgan magdan sektoryna uly türk maýasynyň ýatyrylmagyna ýol açjagyny aýtdy.

Erdogan sapar mahalynda Owganystanyň iň ýokary sylagy, Gazy Amanulla han medaly bilen sylaglandy hem Türkiýäniň maliýe goldawy bilen Kabulda gurulýan ýoluň inagurasiýa dabarasyna gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG