Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pop Albaniýa geldi


Pop Fransis musulmanlaryň agdyklyk edýän ýurdy Albaniýa bir günlük sapara geldi.

“Yslam döwletiniň» jeňçileriniň haýbatlary baradaky habarlar bilen baglylykda, howpsuzlyk hüşgärligi ýokary galdyryldy.

Bu Fransisiň Italiýanyň daşynda sapar ýedýän ilkinji ýewropa ýurdudyr.

Albanlaryň 10 prosent çemesi katolik, 60 prosent çemesi bolsa sünni musulmandyr.

Albaniýanyň stalinçi diktatory Enwer Hoja 1967-nji ýylda Albaniýany dünýädäki ýeke-täk ateist ýurt yglan edip, 40 çemesi katolik ruhanysyny tussag etdi we jezalandyryp öldürdi.

XS
SM
MD
LG