Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani çykyş edip, “Talybany” we beýleki söweşiji toparlary owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga çagyrdy.
Şu hepde Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerini başlamaga çagyrypdy. Şeýle-de, owgan prezidenti bu ugurda Pakistanyň hemaýat etmegini sorapdy.
“Talyban” wekilleri ýurtda halkara güýçleri bar wagty gepleşiklere başlamajakdygyny mälim etdi.