Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Täzelikler

ABŞ: “NATO ýewropaly agzalar sebäpli krizise uçraýar”

24.02.2010

ABŞ-nyň Goranmak sekretary Robert Geýts NATO-nyň krizise uçraýandygyny aýdyp, muňa Ýewropada ýerleşýän NATO ýurtlarynyň sebäp bolýandygyny belledi.

Demirgazyk Atlantik Alýansynda örän “wajyp we wagtal-wagtal gaýtalanýan uzak möhletleýin” kynçylyklaryň ýüze çykmagyna Ýewropa ýurtlarynyň öz harby goşunlaryna ýeterlik serişde sarp etmeýanligi sebäp bolýar diýip, Robert Geýts Waşingtonda eden çykyşynda aýtdy.

Ýewropanyň ýaragsyzlandyrylmagynyň global howpsuzlygy güýçlendirmeýändigini ABŞ-nyň Goranmak sekretary Geýts belledi.

Şeýle hem bu serişde ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyk Owganystandaky goşunlary enjamlaşdyrmak meselesine hem ýaramaz täsirini ýetirýär diýip, Geýts belledi.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil