Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Täzelikler

BMG-niň başlygy Pakistan hüjümini «aýylganç jenaýat» atlandyrdy

06.10.2009

BMG-niň baş sekretary Ban ki-mun BMG-niň azyk gullugynyň Pakistan bölüminde bolan kast ediş hüjümini «aýylganç jenaýat» atlandyrdy.

Bu hüjümde azyndan bäş adam wepat boldy. Öldürilenleriň hemmesiniň Dünýä azyk programmasynyň Yslamabatdaky işgärleridigi tassyk edildi. Olaryň dördüsi päkistanly, biri bolsa yrakly eken.

BMG bu hüjümden soň öz Pakistandaky edarsyny ýapdy. Premýer ministr Ýusuf Raza Ginaliniň edarasy bu hüjümi berk ýazgarýandygyny aýtdy we derňew geçirilmegini buýurdy.

Kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Dünýä azyk programmasy garyp pakistanlylara, şol sanda pakistan goşunynyň talyban jeňçilerine garşy hüjümi netijesinde öýlerinden göçürilen adamlara-da azyk paýlaýardy.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil